Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
Teswirlemeler
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
Çap edildi 25.08.2026
13

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň saglygyny goramak, olaryň bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmaklary we wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin amatly şertleri döretmek bu syýasatyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir.

Milli Liderimiziň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, bilim, ylym, innowasiýalar we önümçilik ulgamlarynyň özara baglanyşygy pugtalandyrylýar. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak üçin ygtybarly binýady döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi öňde duran wezipeleri oňyn çözmäge ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, bu Strategiýa 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibi esasynda işlenip düzüldi. Onuň esasy maksady ýokary hünär biliminiň hilini we derejesini ýokarlandyrmakdan, zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakdan, her bir adamyň ýokary bilime elýeterliligini üpjün etmekden hem-de milli ýokary bilim ulgamynyň halkara derejedäki bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk derejä çykarylmagy häzirki wagtda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan çäreleriň giň toplumyny öz içine alýar. Bu, ilkinji nobatda, mekdepleriň abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, kämil enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň, beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň täze binalaryny gurmaga, bilim we ylmy usulyýetleri, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary kämilleşdirmäge, okuw işine maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar binýadyna ýokary tizlikli elýeterliligi üpjün etmäge degişlidir. Ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, iş berijiler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak, maliýe durnuklylygyny, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary hünär biliminiň halkara derejede ykrar edilmegini üpjün etmek ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen bu Strategiýanyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de ýokary hünär bilimi edaralary tarapyndan Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň çäklerinde ony durmuşa geçirmek boýunça işlere girişildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünär bilimi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Hususan-da, iş berijiler bilen pikir soraşmalary yzygiderli guramak hem-de Iş berijileriň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň başarnyklaryna bildirýän talaplaryny seljermek boýunça usulyýet işlenip taýýarlanyldy we onuň esasynda sanly platforma döredildi. Bu platforma iş berijilere hünärmenleriň hünär derejelerine, bilimlerine, başarnyklaryna, endiklerine bolan zerurlyklaryny öwrenmäge, onuň netijesinde hünär bilimi edaralarynda okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek boýunça işleri geçirmäge itergi berer.

Halkara Zähmet Guramasynyň usulyýetinden ugur alnyp, zähmet bazarynyň ýokary bilimli hünärmenlere bolan häzirki we geljekki zerurlyklaryny kesgitlemek, geljekde zerur boljak hünärlerdir başarnyklary öňünden çaklamak hem-de ýüze çykarmak, zähmet bazary bilen bilim ulgamynyň laýyklygyny üpjün etmek, hünär bilimi ulgamyny strategik esasda meýilleşdirmek bilen bagly işleri ýola goýmak üçin birnäçe resminama işlenip taýýarlanyldy. Ýokary hünär bilimi edaralarynyň milli reýting bahalandyryş ulgamynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, milli ýokary hünär bilimi ulgamynyň halkara ölçeglere laýyklygyny üpjün etmek boýunça göz öňünde tutulan çärelere laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama üýtgetmeler girizildi. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary tarapyndan reýting görkezijiler baradaky maglumatlar rating.bilim.tm sanly portalynda işjeň ýagdaýda ýöredilýär.

Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň isleg bildirilýän ugurlaryny kesgitlemekde öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» taýýarlanyp, bu gollanma şu ýylyň fewralynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öz internet sahypalarynda ähli gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça, şol sanda bilim maksatnamalary, fakultetlerdir hünärler, dalaşgärler üçin maglumatlar we beýlekiler barada giňişleýin maglumatlary ýerleşdirip, sanly formaty işjeň ösdürýändiklerini bellemek gerek.

Soňky ýyllarda daşary ýurtlaryň iri bilim we ylmy merkezleri, abraýly halkara guramalar, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, ÝUNESKO ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlyga uly itergi berildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde düýpli, nazary we amaly ylmy barlaglaryň özara baglanyşygy ep-esli işjeňleşdirildi. Ylmy barlaglaryň netijelerini täjirleşdirmek we bilimiň, ylmyň, innowasiýalaryň arabaglanyşygyny pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hakaton bäsleşikleriniň (belli bir wezipeleri çözmek üçin kesgitli wagtyň dowamynda geçirilýän toparlaýyn bäsleşikler) 11-si, startap bäsleşikleriniň 3-si geçirildi hem-de olardan saldamly girdeji gazanyldy. Ylmy-barlag işleriniň netijeleri üçin milli derejeli şahadatnamalaryň (patent) 320-si alyndy. Bu görkezijiler ýokary okuw mekdeplerinde ylmy işleriň işjeňleşýändigini, olaryň ykdysady taýdan netijeliliginiň ýokarlanýandygyny görkezýär.

Ýokary bilim edaralarynyň milli reýting ulgamyny kämilleşdirmek hem möhüm wezipeleriň biridir. Geljekde ýokary okuw mekdepleriniň işine baha bermek bilimiň hili, ylmy barlaglaryň netijeliligi, halkara hyzmatdaşlyk, innowasion işjeňlik, ylmy neşirler, patentler, grantlar we startap taslamalary ýaly halkara görkezijiler esasynda has-da kämilleşdiriler. Bilim ulgamynyň halkara giňişlige has işjeň goşulyşmagy-da esasy ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň halkara akkreditasiýasyny geçen bilim maksatnamalarynyň sanyny artdyrmak, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, alyş-çalyş maksatnamalaryny ösdürmek, mugallymlaryň hünär derejesini halkara tejribä laýyklykda ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2024-nji ýylyň fewralynda tassyklanan Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama bu ugurda ygtybarly hukuk binýadyny döretdi. Golaýda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen 6 sany bilim edarasyna degişli şahadatnamalaryň gowşurylmagy halkara standartlara laýyk gelýän milli bilim ulgamynyň hil taýdan täze derejä çykarylandygynyň aýdyň mysaly boldy. Bu edaralaryň hatarynda iki ýokary okuw mekdebinden — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyndan başga-da, aýratyn umumybilim berýän hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň bolmagy bilim ulgamynyň ähli tapgyrlarda üstünlikli kämilleşýändigini görkezýär.

Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň Strategiýasynda inklýuziw bilim üçin mümkinçilikleri we şertleri has-da giňeltmegiň göz öňünde tutulandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli raýatlaryň ýokary hilli bilime elýeterliligini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ilkinji nobatda, gurluşyk taslamalarynda olaryň sapaklara gatnamagy üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulýar. Degişli infrastrukturadan başga-da, täze okuw binalarynda elektron bilim serişdeleri, sanly bilim portallary, elektron kitaphanalar, uzak aralykdan okatmagyň mümkinçilikleri giňden ulanylýar. Şeýlelikde, ähli raýatlar üçin deň mümkinçiliklere esaslanýan bilim gurşawy kemala getirilýär.

Ýurdumyz tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän bilim we ylym diplomatiýasynda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmäge, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Geçirilýän halkara çäreleriň işjeňleşdirilmegi milli ýokary bilim ulgamynyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek, talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň halkara akademiki giňişlige işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigini subut edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başyndan bäri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan 23 sany halkara çäre, şol sanda halkara olimpiadalaryň 10-sy, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 13-si ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu çäreler dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň, halkara guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi.

Halkara forumlar ylym-bilim ulgamynda özara tejribe alyşmaga, täze ylmy barlaglaryň netijelerini ara alyp maslahatlaşmaga, sanly özgertmeler, emeli aň, innowasion ykdysadyýet, durnukly ösüş, “ýaşyl” tehnologiýalar, lukmançylyk, oba hojalygy, inženerçilik, tebigy we takyk ylymlar ýaly ugurlar boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär. Daşary ýurtly talyplaryň gatnaşmagynda geçirilýän halkara olimpiadalar bolsa ýaşlaryň bilim derejesini halkara ölçeglerde deňeşdirmäge, zehinli talyplary ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik hem-de ylmy başarnyklaryny ösdürmäge ýardam edýär. Giň gerimli halkara çäreleriň yzygiderli guralmagy ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine üstünlikli goşulyşýandygyny, ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri we ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeýändigini, daşary ýurtly alymlaryň, bilermenleriň türkmen ýokary bilim ulgamyna bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär. Bu bolsa Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglerde we akademiki giňişlikde ornuny pugtalandyrmaga, türkmen ylym-bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny we halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Ylym-bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary, talyplary we mugallymlary alyşmak maksatnamalaryny giňeltmek, umuman, ýaşlar bilen bagly meseleleriň ýokary, hökümet we pudagara derejedäki gepleşikleriň gün tertibine girizilmegi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gazanylan ylalaşyklaryň bolsa ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi bilen berkidilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda bu ugra möhüm ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Şeýlelikde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym-bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tarapdary hökmünde döwletlerdir halklaryň arasynda ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dialogyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.

Ýokary okuw mekdepleriniň ählumumy giňişlikdäki işjeňligi bilen bir hatarda, professor-mugallymlaryň ylmy neşir işlerini giňeltmäge, abraýly ylmy maglumat binýatlarynda, şol sanda “Scopus”, “Web of Science” ýaly halkara ylmy-maglumat çeşmelerinde indekslenýän žurnallarda neşir edilýän makalalaryň sanyny artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Köp sanly neşirler dünýäniň öňdebaryjy alymlary bilen ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge, halkara gözleg taslamalaryna gatnaşmaga, ylmy salgylanma görkezijilerini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny halkara derejede giňden tanatmaga mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet bilen hususy pudagyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bu özgertmeleriň wajyp ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ilkinji ýokary okuw mekdebiniň — Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berlendigini alamatlandyryp, milli bilim ulgamyny ösdürmekde hususy telekeçiligiň ornuny has-da pugtalandyrdy. Geçen ýylyň sentýabrynda öz işine başlan bu ýokary okuw mekdebi ykdysadyýetiň hakyky talaplaryna laýyk gelýän, işewürlik, senagat, sanly tehnologiýalar we innowasiýalar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Uniwersitetiň işini ýokary derejede ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan okuw işini guramak, bilim maksatnamalaryny taýýarlamak, okuw-usulyýet üpjünçiligini döretmek, ylmy-gözleg işlerini guramak, bilim standartlaryny ornaşdyrmak we professor-mugallymlaryň işini utgaşdyrmak boýunça zerur bolan usulyýet, guramaçylyk goldawy berilýär.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň bu täze nusgasy ýokary bilim ulgamynda sagdyn bäsdeşlik gurşawyny emele getirip, bilim hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, täze okuw tehnologiýalaryny, dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga itergi berýär. Uniwersitetiň iş berijiler bilen gönüden-göni özara gatnaşyklary, öz gezeginde, talyplaryň önümçilik tejribesini artdyrmaga, ylym we bilim bilen önümçiligiň arabaglanyşygyny berkitmäge, uçurymlaryň zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şunlukda, täze ýokary okuw mekdebi hususy pudagyň ylym-bilim kuwwatyny ýokarlandyrmaga, importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleri öndürmäge, innowasion, toplumlaýyn işewürlik başlangyçlary işläp düzmäge hem-de ornaşdyrmaga ukyply, netijede, Watanymyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýan ýaş nesli terbiýelemegiň esasy merkezleriniň birine öwrüler.

Milli ýokary bilim ulgamyny uzak möhletleýin esasda ösdürmäge gönükdirilen Strategiýanyň çäklerinde bilim hyzmatlarynyň hilini ýokary okuw mekdepleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, bilimiň hiline baha bermegiň täze usullaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Monitoring işleri diňe bir statistiki görkezijileri toplamak bilen çäklenmän, eýsem, okuw işiniň guralyşy, bilim maksatnamalarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyklygy, professor-mugallymlaryň ylmy we pedagogik işjeňligi, talyplaryň taýýarlyk derejesi, ylmy-barlag işleriniň netijeliligi, sanly bilim gurşawynyň ösdürilişi, halypalyk işleriniň hilini öz içine alýan toplumlaýyn görkezijiler esasynda geçirilýär. Öňdebaryjy tejribelerden görnüşi ýaly, şeýle çemeleşme ýokary okuw mekdepleriniň arasynda sagdyn bäsdeşlik gurşawyny döretmäge, bar bolan kemçilikleri öz wagtynda ýüze çykarmaga we olary aradan aýyrmak boýunça anyk teklipleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde durmuş-ykdysady ösüşe mynasyp goşant goşjak bilimli, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertleriň döredilendigini bellemek bolar. Zehinli talyp ýaşlaryň Arkadag şäherinde durmuşa geçirilýän innowasion taslamalary işläp taýýarlamaga işjeň çekilmegi olaryň döredijilikli pikirlerini iş ýüzünde amala aşyrmagy we täze taryhy eýýamda Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşmagy babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär.

Bilim işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen bir hatarda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagyň ähmiýetini düşündirmäge, ýurdumyzyň halkara we milli derejede gazanýan sport üstünlikleri barada habarlylygy ýokarlandyrmaga hem uly üns berilýär. Şu maksat bilen, dürli wagyz-nesihat we düşündiriş çäreleri, duşuşyklar, teleradioýaýlymlarda çykyşlar, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bäsleşikler we köpçülikleýin sport çäreleri, şol sanda Bütindünýä saglyk güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreler geçirilýär. Bu çäreler diňe bir ýaş türkmenistanlylaryň bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmasyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olarda watansöýüjilik, erjellik, tutanýerlilik we maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleri ösdürmäge hem ýardam berýär.

Watansöýüjilik we terbiýeçilik işlerine-de aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýaşlarda iň gowy şahsy häsiýetleri, ynsanperwer duýgulary kemala getirýär. Dürli maslahatlaryň, ylmy-döredijilik duşuşyklarynyň, edebi agşamlaryň, bäsleşikleriň, bilim çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi ýaşlary watansöýüjilik, ynsanperwerlik we halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, şöhratly ata-babalarymyzyň baý mirasyna hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge gönükdirilendir. Talyplaryň kitap okamaga höwesini artdyrmak, olaryň milli we dünýä edebiýatyna bolan gyzyklanmasyny ösdürmek, söz baýlygyny, özbaşdak pikirlenmek ukybyny kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde okyjylar klublary hereket edýär we kitap okamak boýunça yzygiderli bäsleşikler geçirilýär. Bu möhüm başlangyçlar edebiýat bilen içgin gyzyklanmany artdyrmaga, okamak medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Şeýlelikde, «Türkmenistanyň ýokary hünär bilim ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli bilim ulgamynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna, zähmet bazarynyň häzirki we geljekki zerurlyklaryna laýyk gelýän ýokary hünärli, täzeçe pikirlenýän hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, döwletiň we jemgyýetiň bähbidine adam maýasynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow