Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 01.02.2023
1821

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

türkmen halkynyň Milli Lideri

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siz döwlet işiňizde Türkmenistanyň halkynyň goldawyna we belent hormatyna eýe bolan parasatly syýasatçy, güýçli ýolbaşçy hökmünde tanaldyňyz. Ýurduň syýasy, durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, onuň dünýädäki abraýynyň pugtalandyrylmagyna goşan goşandyňyz hem bimöçberdir.

Russiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglylykda, Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän ünsüňiz üçin, Size hoşallygymy beýan edýärin.

Size berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw etmäge, şeýle hem bilelikdäki netijeli işimizi dowam etdirjekdigimize umyt bildirmäge rugsat ediň!

Hormatlamak bilen,

Rustam Minnihanow,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

türkmen halkynyň Milli Lideri

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Tiz sagalmak barada iberen arzuwlaryňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli gutlaýaryn.

Biziň şahsy gatnaşyklarymyzyň we birek-birege hormat goýmagymyzyň geljekde-de dowam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, täze döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Nursultan Nazarbaýew,

Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow