Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy
Syýasat habarlary
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy
Çap edildi 15.01.2023
1579

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan işleriň depgini hem-de Ahal welaýatynyň merkezinde guruljak baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman Arkadagymyzy merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary, şol sanda onuň içki bezeginiň dürli görnüşleriniň we metjidiň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän sadaka jaýynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyza metjidiň tehniki häsiýetnamalary, eýelejek meýdany, reňk öwüşginleri baradaky, şonuň ýaly-da, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy boýunça geçiriljek işlere degişli maglumatlardyr görkezijiler barada habar berildi.

Hajy Arkadagymyz bina ediljek metjidiň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalary we çyzgylary synlap, bu ýerde okuw medresesiniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljagyny aýtdy. Çünki türkmen halky öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelýär, yslam dini bolsa halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Arkadagymyz türkmen halkynyň asylly ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan ähli gurluşyk işleriniň häzirki zamanyň ösen talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi hem-de görkezilen taslamalara käbir düzedişleri girizip, olary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe maslahatlaryny we tekliplerini aýtdy.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde jemgyýetiň azatlygyny, halkymyzyň erkin we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň özygtyýarly döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, täze metjidiň merkeziň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmeginiň, olaryň ýanaşyk ýerleriniň talabalaýyk abadanlaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baş metjitleriň gurlup ulanmaga berlendigini, olarda asylly ýörelgeleriň, sogap işleriň amal bolýandygyny aýdyp, Ahal welaýatynyň merkezinde hem baş metjidiň gurulmagynyň taryhy ähmiýetli waka öwrüljekdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz metjit gurmagyň edil ýol we köpri gurmak ýaly sogap işdigini aýdyp, bu asylly ýörelgeleriň häzirki döwürde zamananyň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Metjidiň il içinde “Allanyň öýi” hasaplanýandygyny aýdyp, hajy Arkadagymyz welaýatyň baş metjidiniň gurluşygyna ýaşulular we hünärmenler bilen maslahatlaşyp, sähetli gün badalga bermek hem-de şu mynasybetli toý sadakasynyň geçirilmegi babatda maslahatlaryny berdi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz welaýatlaryň baş metjitleriniň ilki Mary welaýatynda gurlandygyny aýdyp, bu asylly işleriň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde netijeli dowam etdirilendigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ajaýyp binalaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda häzirki zamanyň ruhuna we milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän kaşaň metjit guruldy. Soňra metjit gurmak işi Lebap welaýatynda dowam etdi. Türkmenabat şäheriniň merkezinde gurlan baş metjit şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Balkan welaýatynyň merkezinde-de milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagynda bina edilen baş metjit ulanmaga berildi. Ine, bu gün bolsa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde welaýatyň baş metjidiniň gurluşygyna badalga bermek işlerine taýýarlyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Sahawatly Ahal topragynda täze metjidiň gurulmagy gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň we ösdürilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy bolar. Ruhy gymmatlyklar adamlary halallyga, ynsanperwerlige, päk ýüreklilige, ýagşylyga çagyrýar. Şoňa görä-de, sogap işleriň amal bolýan ýeri hasaplanýan metjitleriň gurluşygyna döwlet tarapyndan zerur üns berilýär. Hajy Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, metjidiň gurluşygyna, onuň mährabynyň ýerleşjek ýerini kesgitlemäge din wekilleri hem-de il sylagly ýaşulular bilen maslahatlaşylyp başlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Şunda metjidiň içki bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigi, gurluşykda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil derejesiniň, olaryň oňaýlylygynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigi bellenildi.

Taryhyň dowamynda türkmen halky dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşmak bilen, halkymyzyň milli binagärlik ýörelgelerini ösdüripdir. Şular barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde binagärligiň milli ýörelgeleriniň ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň keşbinde öz beýanyny tapýandygyny, bina edilýän täze obadyr şäherlerde, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň golaýynda metjitleriň gurulmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň dowamat-dowam bolýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkezinde baş metjidiň düýbüni tutup, onuň gurluşygyna badalga berilmegine ýakyn wagtda girişilmeginiň, ähli halkymyzyň bu ajaýyp waka gatnaşmagynyň hem-de şu mynasybetli sadaka bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny ýene-de bir gezek nygtady. Hajy Arkadagymyz toý sadakasynyň berilmeginiň ägirt uly başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn çemeleşilýändigini, halkymyzyň agzybirliginiň, ynsanperwer ýörelgeleriniň hem-de ruhy gymmatlyklarynyň dowamatlylygyny alamatlandyrýandygyny belledi.

Ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli wakalaryň, döwletli tutumlaryň hormatyna toý sadakalarynyň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa beýik maksatlaryň üstünliklere beslenmeginde örän möhümdir diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady.

Soňra hajy Arkadagymyz baş metjidiň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine baryp, bu ýeriň maksadalaýyk saýlanyp alnandygyna ünsi çekdi. Ýeri gelende, Ahal welaýatynyň baş metjidiniň guruljak ýeriniň Gahryman Arkadagymyzyň beren maslahatlarydyr teklipleri esasynda hem-de milli ýörelgelerimize laýyklykda, 2022-nji ýylyň oktýabrynda kesgitlenendigini belläp geçmek gerek. Şeýle-de bu metjidi gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi. Ýokary talaplar bildirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça “Altyn” hojalyk jemgyýeti ýeňiji boldy.

Gahryman Arkadagymyz yslam dünýäsinde metjidiň mährabynyň Käbä tarap bakdyrylýandygyny aýdyp, mukaddes binanyň gurluşygyna sähetli gün badalga berilmeginiň we bu işlere Käbä tarap bakyp başlanmagynyň göwnemakul boljakdygyny belledi. Şeýle hem hajy Arkadagymyz metjidiň ýanynda sadaka jaýy bilen birlikde okuw medresesiniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljakdygyny ýene-de bir gezek aýdyp, binalaryň gurluşygyny sazlaşykly alyp barmak barada birnäçe maslahatlaryny berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagynda merkeziň giň köçeleri boýunça ýola düşdi. Ýolugra hormatly Arkadagymyz bu ýerde gurlan binalardyr desgalaryň atlandyrylyşy boýunça görkezilen ýazgylary, olaryň aýratynlyklaryny we reňk öwüşginlerini synlady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň binýady bolup durýandygyny aýtdy we Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ýolbaşçylaryna giň möçberli işleri durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
top-arrow