Baş sahypa
\
Resmi
\
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Resmi
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Çap edildi 04.01.2023
3000

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Dokma senagaty ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşleriniň bellenilen möçberini degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar berildi.

* * *

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da ösdürmek, şeýle hem 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky 39-njy mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi, şeýle-de geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Medeniýet ministrligine degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde Meýilnamada göz öňünde tutulan dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, ýurdumyzyň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberi tassyklanyldy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow