Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy
Jemgyýet
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy
Çap edildi 01.01.2023
2014

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ösüp gelýän ýaş nesliň abadançylygyny hem-de sazlaşykly ösüşini, olaryň saglygynyň berkidilmegini üpjün etmek, döwrebap bilim almaklary üçin mümkinçilikleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan we üstünlikli durmuşa geçirilýän, umumy ykrar edilen halkara kadalara, milli ýörelgelere esaslanýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Ýurdumyzda howandarlyga mätäç çagalar üns-alada bilen gurşalandyr. Bu ugurda türkmen halky asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilýän anyk ýörelgeleri işläp taýýarlady. Häzirki wagtda bu ýörelgeler howandarlyga mätäç çagalaryň goraglylygynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmeginiň hukuk kepillikleriniň toplumynda, aýratyn durmuş goldawyna, olaryň özbaşdak durmuşa taýýarlanylmagyna gönükdirilen ykdysady hem-de beýleki anyk çärelerde öz beýanyny tapýar.

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň zalynda gurnalan uly arçanyň ýanynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlamak üçin bu ýere Aýazbaba we Garpamyk hem-de ýetip gelen ýylyň nyşany towşanjyk, şeýle-de birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri geldiler.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy netijesinde bu çagalaryň aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredildi. Olar Döwletliler köşgünde şekillendiriş sungatynyň tärlerini we saz çalmak ukyplaryny ele alýarlar, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Gurnaklara gatnaýarlar, olaryň köpüsi Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň, halkara festiwallaryň ýeňijileridir. Şolaryň hatarynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi “Joşgun” tans toparyny görkezmek bolar.

Ýaş zehinli çagalar şu günki dabarada çykyş edip, öz döredijilik başarnyklaryny görkezdiler. Bezelen arçanyň ýanynda çagalar joşgun hem ylham bilen goşgy okadylar, tans etdiler, eziz Watanymyzy, döwlet Baştutanymyzyň beýik işlerini wasp edýän, şeýle-de Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler. Konsertiň ahyrynda ýaş zehinler Aýazbaba we Garpamyk, şeýle hem türkmen halk döredijiliginiň, dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlary bilen bilelikde çykyş etdiler.

Soňra çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza bagtyýar çagalyk, edilýän yzygiderli alada üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow