Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Çap edildi 24.06.2025
5113

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň many-mazmuny bilen utgaşýan medeni forumyň çäklerinde geçirilýän çäreler şanly senä — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.

Döredijilik çäresiniň üçünji güni Ak bugdaý etrabynyň merkezi kitaphanasynda ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen usulyýet maslahaty bilen badalga aldy. «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen wezipeler maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Maslahata gatnaşyjylar kitaphana işinde öňdebaryjy usullar, häzirki zaman kitap gaznalaryny döretmek, medeni, aň-bilim ýaýradyş çärelerini guramak we okyjylaryň işjeňligini ýokarlandyrmak ýaly mowzuklara bagyşlanan çykyşlary diňlediler. Şunda kitaphana işini sanly ulgama geçirmek we bitewi maglumat gurşawyny kemala getirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.

Soňra bu giň gerimli çäre Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medeniýet köşgünde dowam etdi. Bu ýerde «Parahatçylyk we ynanyşmak dost-doganlygyň binýadydyr» atly maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen žurnalistleri bir ýere jemledi. Maslahata gatnaşyjylar parahatçylygy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň çäginde we halkara giňişlikde ynanyşmak gurşawyny döretmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän orny barada söhbet etdiler. Nygtalyşy ýaly, häzirki zaman şertlerinde oňyn jemgyýetçilik garaýşyny kemala getirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri möhüm ähmiýete eýedir. Çäräniň dowamynda medeni alyşmalaryň, sport diplomatiýasynyň we ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary ösdürmekde halk diplomatiýasynyň ähmiýeti barada çykyşlar diňlenildi.

2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Änew şäherinde Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet, sungat işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi. Belli döredijilik toparlaryny, aýdymçylary bir ýere jemlän şäheriň medeniýet öýüniň sahnasynda milli sungatymyzyň dürli žanrlara baýdygy açylyp görkezildi. Konsert gadymyýetden gözbaş alýan milli medeniýetimiziň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändigini, täze mazmun bilen has-da ösdürilýändigini aýdyň beýan etdi. Sungat ussatlarynyň çykyşlarynda ýurdumyzyň bu sebitleriniň milli we özboluşly aýratynlyklary öz beýanyny tapdy.

Medeniýet hepdeliginiň üçünji güni Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Şasenem-Garyp” operasynyň görkezilmegi bilen tamamlandy. Halk dessanyna esaslanyp taýýarlanylan sahna eseri sylag-hormat, borç, söýgi, dostluk, ahlak arassalygy, adam mertebesi ýaly hiç haçan gymmatyny ýitirmeýän umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edýär. Aýdym-sazly bölekler, lybaslaryň we bezegleriň ajaýyplygy, artistleriň ussatlygy halkymyzyň däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny çuňňur duýmaga şert döredip, gaýtalanmajak sahna eseriniň täsirliligini artdyrdy. Ýurdumyzyň sahna medeniýetiniň iň iri merkezleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry milli medeni mirasymyzy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça möhüm wezipä öz saldamly goşandyny goşýar. Teatryň goýýan her bir sahna eseri diňe bir milli däpleri sarpalamagyň däl, eýsem, sungat işgärleriniň hünär başarnyklarynyň täze derejä çykýandygynyň hem görkezijisidir.

Şeýlelikde, Ahal welaýatynda geçirilýän bu medeni forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze ösüşleri nazarlaýan döwletimizde hem-de jemgyýetimizde milli medeniýetiň, sungatyň täze derejelere çykarylmagyna uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär.

Soňky habarlar
03.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.12
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
03.12
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
03.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
03.12
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dykgatyna
02.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary
02.12
Medeni diplomatiýa — dowamatlylyk we täzeçil çemeleşmeler
02.12
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
02.12
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti­ni gut­la­dy
01.12
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow