Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler
Jemgyýet
Türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler
Çap edildi 24.06.2025
2840

Şu gün yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri hasaplanýan Mekge we Medine şäherlerine haj parzyny berjaý etmek üçin giden ildeşlerimiz Watanymyza dolanyp geldiler. Saud Arabystany Patyşalygyna zyýaraty amala aşyran toparyň agzalary haj parzyny ýerine ýetirmek babatda döwlet tarapyndan alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri, asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlary berjaý etmegi babatda döwlet tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň kabul eden çözgüdine laýyklykda, yslam dünýäsiniň mukaddes künjekleri hasaplanýan Mekgede we Medinede bolup, haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz ak uçardan düşüp, ene topragymyza gadam goýdular. Olaryň uly dabara bilen garşylanylmagy ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň dowamata atarylýandygyny alamatlandyrdy.

Asylly däbe eýerilip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Arkadagly hajy Serdarymyzyň we hajy Arkadagymyzyň hemaýat-goldawy bilen watandaşlarymyzyň uly topary yslam dünýäsiniň iki mukaddesligi saýylýan Mekge hem-de Medine şäherlerinde haj parzyny berjaý etdiler. Ildeşlerimiz keramatly ýerlerde asylly däbe öwrülen ýagşy dessurlary agzybirlikde ýerine ýetirdiler. Olaryň yslam dünýäsiniň wekilleri bilen bilelikde berjaý eden dessurlary musulmançylykda parz işlere aýratyn ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek äşgär etdi.

Watandaşlarymyz edilen doga-dilegleriň, berlen gurbanlyk sadakalarynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler. Şeýle hem olar ýurdumyzda türkmen halkynyň ruhuna kybap gelýän milli ýörelgeleriň rowaçlanmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl ýurdumyzdan Mekgä we Medinä zyýarata giden ildeşlerimiziň umumy sany 3 müňe golaýlaýar. Olar sekiz topara bölünip, kesgitlenen tertipnama boýunça Saud Arabystany Patyşalygynda zyýaratda boldular. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, olaryň sogaply işleri berjaý etmekleri ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň güwäsidir.

Mekgedäki keramatly Käbede hem-de Medinedäki Muhammet pygamberiň metjidinde haj ybadatlaryny berjaý eden watandaşlarymyzyň uly topary döredilen mümkinçilikler, döwlet derejesinde berlen ýardamlar üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdi. Şeýle hem olar mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, dünýäde parahatçylyk we dostluk ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işlere mynasyp goşant goşmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgeleri, ýagşy dessurlary häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýär. Munuň özi türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly taryhynyň dowamynda kämilleşdirilip gelinýän döwletlilik ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Bu babatda döwlet derejesinde amala aşyrylýan asylly işler halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrýar, ýaş nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenilmegini şertlendirýär.

Kalbynda ýagşy umyt-arzuwlary beslän ildeşlerimiz keramatly toprakda bolup, haj parzynyň ähli şertlerini amal etdiler. Olaryň bu ugurda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi. Munuň üçin olar Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini öwran-öwran beýan etdiler. Haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Gahryman hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Goý, haj parzyny berjaý eden zyýaratçylaryň ýagşy dilegleri, beren sadakalary Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow