Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistanyň strategik başlangyçlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Teswirlemeler
Türkmenistanyň strategik başlangyçlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Çap edildi 24.06.2025
79

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasat ugruna yzygiderli eýerýär. Watanymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar.

17-nji iýunda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş edip, şu gezekki duşuşygyň Sian şäherinde geçirilen sammitde beýan edilen wajyp pikirleri we teklipleri, onuň jemleri boýunça kabul edilen Sian Jarnamasyny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri we Hytaý yklym hem-de sebit prosesleriniň möhüm gatnaşyjylary hökmünde çykyş edýärler. Döwlet Baştutanymyz daşary syýasat ulgamynda, dünýädäki häzirki ýagdaýy nazara almak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyna aýratyn ähmiýet berilmegine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak ýubileý sessiýasynyň dowamynda şu formatyň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri geçirmek, onuň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmak teklip edildi.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we ösdürmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen esasy ugurlaryň biri boldy. Häzirki wagtda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta we Merkezi Aziýanyň, Orta hem Ýakyn Gündogaryň çäklerini gurşap alýan döwrebap ygtybarly we toplumlaýyn ulag-logistika ulgamyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge diňe bir şertler däl, eýsem, zerurlyk hem bar. Türkmenistan bu formatyň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda-da çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň türkmen tebigy gazynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy tassyklanyldy. Şeýle-de söwdanyň, telekeçiligiň höweslendirilmeginiň, dürli ugurly bilelikdäki kärhanalaryň döredilmeginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilelikdäki ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.

Çykyşda innowasion hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan bu ugra has uly üns berilmegine umyt edýändigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, medeniýet ulgamynda ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen “Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogy” atly täze meýdançany döretmek başlangyjy öňe sürüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň arasynda çuňňur gyzyklanma eýe bolan dialogyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlaryny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek iri halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Sammitiň jemleri boýunça gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama; “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitiniň Astana Jarnamasyna gol çekildi, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi. Ýokary derejedäki sammitiň çäklerinde Ahal welaýaty bilen Hytaýyň Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk yglan edildi.

Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Taraplar söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag ulgamyndaky gatnaşyklara aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşler durnukly sebitara üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlyk maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyna ünsi çekdi.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy yglan etmek dabarasy boldy.

Hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda 16-njy iýunda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere bagyşlap geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatyny görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de pudagy yzygiderli ösdürmek üçin öňdebaryjy tejribäniň önümçilige ornaşdyrylmagyny, ýer-suw we tehniki serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyny özünde jemleýän toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny belledi.

Geçen hepdäniň ahyrynda şanly waka bolup geçdi — zähmetkeş gallaçy daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Munuň özi oba zähmetkeşleriniň gaýratly zähmetiniň we döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça tagallalarynyň netijesidir. Häzirki wagtda Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý hasylyny ýygnamak işi dowam edýär. Kärendeçileriň, mehanizatorlaryň we sürüjileriň sazlaşykly işleriniň netijesinde ýygnalan gallanyň möçberi barha artýar. Galla ýygnamagyň depgini birjik-de gowşadylmaýar.

19-njy iýunda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehi kabul etdi. Ilçi hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy. Söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda Türkmenistanyň nebithimiýa, dokma senagatynyň, oba hojalyk we gaýtadan işleýän pudaklarynyň önümlerini, dürli azyk harytlaryny eksport etmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisde Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alenka Suhadolnikden ynanç haty kabul edildi. Diplomat ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisinde raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek, ylmy-intellektual eýeçiligiň obýektleri döredilende we peýdalanylanda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny berkitmek, wirtual aktiwleri ulanmak babatda hukuk gurşawyny döretmek, hereket edýän gümrük kadalaryny, gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Beýik Britaniýanyň «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Döwlet daşary ykdysady iş bankyna «BB- durnukly» reýting derejesiniň kesgitlenendigi barada aýdyldy. Agentligiň maglumatynda Türkmenistanyň maliýe durnuklylygynyň ýokary derejesi we uly möçberde ätiýaçlyk serişdeleriniň bardygy bellenilýär. Şunuň bilen birlikde, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maliýe-bank işjeňligine gowy baha berlip, tölege ukyplylygynyň ýokary derejesi beýan edilýär. Bu reýting derejesiniň kesgitlenilmegi ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny görkezýär.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebitgaz ýataklary işjeň özleşdirilýär. Hususan-da, täze açylan “Uzynada” nebitgaz ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi beýleki ýanaşyk ýataklary hem elektrik energiýasynyň goşmaça möçberi bilen üpjün etmäge ýardam berer. Mejlisde ylym we bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, milli awiasiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, mineral dökünleriň öndürilişini artdyrmak meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem garaldy. Şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berildi.

Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (MAGATE) bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beýan edilen teklipler mejlisde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde agentligiň 2025 — 2029-njy ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt boýunça Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň 1960-njy ýylda güýje giren Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakynda Ylalaşyga goşulmagy baradaky teklip beýan edildi.

Şu ýylyň 15 — 19-njy sentýabry aralygynda Wenada geçiriljek Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş konferensiýasynyň 69-njy mejlisine Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy babatda degişli işleri geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, guramanyň Baş direktorynyň adyndan agzalan mejlisiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän suw serişdelerini dolandyrmakda atom ylmyny ulanmaga bagyşlanan foruma aýratyn çakylyk haty gelip gowuşdy. Bu çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlary beýan ediler. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň garamagyna şu ýylyň 10 — 14-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde MAGATE bilen bilelikde Merkezi Aziýa, Kawkaz ýurtlaryndan, Aziýa sebitiniň beýleki ýurtlaryndan hünärmenleriň we bilermenleriň gatnaşmagynda ýadro we beýleki radioaktiw materiallar üçin howpsuzlyk kadalary boýunça sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Şeýle hem Türkmenistanda onkologik keselleri bejermek boýunça bilelikdäki hereketlere syn boýunça maksatnamany (ImPACT) durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 8 — 13-nji sentýabry aralygynda guramanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär.

Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak, şeýle hem Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda Kararlara gol çekdi. Mundan başga-da, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek baradaky teklip makullanyldy.

20-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary, hususan-da, gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Tejribe alyşmak üçin ýurdumyzda saparda bolýan Germaniýanyň meşhur stomatolog lukmany, professor Aksel Zöllner hem-de onuň kärdeşleri hem gurluşyk meýdançasyna gelip gördüler. Merkeziň ähli bölümleri, bejeriş otaglary Germaniýa, Awstriýa, ABŞ, Ýaponiýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Daniýa ýaly lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilýär. Bu ýerde näsaglaryň ýatymlaýyn bejergi almaklary üçin ähli zerur şertler dörediler.

Alym Arkadagymyz lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine, saglygy goraýyş edaralarynyň işine sanly ulgamyň, intellektual eýeçiligiň giňden ornaşdyrylmagyna, degişli hünärmenleriň taýýarlanylyşyna, dünýäniň öňdebaryjy saglyk merkezleri bilen ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, keselleri bejermek boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barlyşyna aýratyn üns bermek barada tabşyryklary berdi.

Geçen hepdede Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde küşt boýunça halkara ýaryş geçirildi. Akyl-paýhas ýaryşyna Ýewropa, Aziýa ýurtlarynyň 11-sinden 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky türgenleriň 129-sy gatnaşdy. Üç günüň dowamynda rapid we blitz görnüşleri boýunça oglanlardyr gyzlaryň arasynda üç ýaş derejesinde, 12 medallar toplumy ugrunda bäsleşikler guraldy. Umumy medal hasabynda Türkmenistan 7 altyn, 6 kümüş, 6 bürünç — jemi 19 medal gazanyp, birinji orny eýeledi. Ikinji orna Özbegistan Respublikasynyň ýaş küştçüleri, üçünji orna bolsa Gazagystan Respublikasynyň wekilleri mynasyp boldular.

Dabaraly ýagdaýda ýeňijilere medallar gowşuryldy. Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynyň toý mekany dabaralaryň ýaýbaňlandyrylan ýerine öwrüldi. Bäsleşige gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlary — noutbuk kompýuterleri gowşuryldy. Sowgatlar ýaryşa gatnaşan toparlaryň ähli agzalaryna — çagalaryň ýany bilen gelen ata-enelere, tälimçilere, lukmanlara hem gowşuryldy.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Giň gerimli döredijilik çäresiniň çäklerinde belli aýdymçylaryň, ýaş zehinleriň çykyşlary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, golýazmalaryň, saz gurallarynyň sergileri, opera we teatr sahnalarynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň täze filmleriniň görkezilişleri, wagyz-nesihat, okuw, metbugat maslahatlary hem-de döredijilik duşuşyklary guralýar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň parahatçylygy we durnukly ösüşi, durmuş-ykdysady abadançylygy pugtalandyrmaga, ýokary durmuş, iş şertlerini döretmäge, halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga ygrarlydygyny beýan edýän syýasatyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
25.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
25.06
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.06
Türkmenistanyň strategik başlangyçlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
24.06
Türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler
24.06
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
24.06
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
24.06
Dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyryp
23.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.06
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi
23.06
Medeniýet hepdeligi — 2025: ikinji gün
top-arrow