Baş sahypa
\
Türkmenistan – ÝUNESKO: medeni miras goralyp saklanylýar
\
Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasy hökmünde ykrar edildi
Türkmenistan – ÝUNESKO: medeni miras goralyp saklanylýar
Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasy hökmünde ykrar edildi
Çap edildi 31.12.2022
7808

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýar. Bu ýörelge Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny bellemeli. Bu ugurdaky köpýyllyk işiň oňyn tejribesi onuň uly geljeginiň aýdyň subutnamasydyr. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary öz işini hut şu esasda alyp barýar, degişli internet serişdesi hem döredildi.

Geçen ýyllaryň dowamynda dünýä möçberli taryhy we medeni ähmiýeti bolan desgalary öz içine alýan ýurdumyzyň çäginde bar bolan ajaýyp ýadygärlikler, türkmen halkynyň sungatynyň dürli görnüşleri we edebi mirasy ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizildi.

2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. Şol döwürden bäri ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar.

Türkmen halkynyň keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, keşdeçilik sungatynyň milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny bellemeli. Köpasyrlyk milli däpleri dowam etdirip, häzirki döwürde zehinli zenanlarymyz ajaýyp keşdeleri, nagyşlary döredýärler. Olar milli lybaslaryň esasy bezegi, durmuş ulgamynyň aýratynlyklary we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgasy bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanda aýratyn ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir.

Ýeri gelende aýtsak, türkmen zenanlary şöhratly pederlerimiziň döredijilik däplerini dowam etdirmek bilen, el işleriniň ussatlary hasaplanýar. Bu ugurda ýokary ussatlyk derejesine ýeten zenanlar toplan baý tejribelerini beýleki milletler bilen paýlaşmaga taýýardyklaryny mälim edýärler.

Häzirki wagtda Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak babatda degişli işler geçirilýär. Munuň özi durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň strategik bölegi hökmünde halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde türkmen paýtagtynyň hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolmak bilen, onuň dünýäniň şäherleri bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmäge hem mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda Aşgabady «Aziýanyň merjeni» diýip atlandyrýarlar. Paýtagtymyz sebitiň iri işewürlik, medeni we sport merkezi bolup, okgunly ösýän megapolisi — geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Bu ýerde gözellik we amatlylyk, binagärligiň, inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary hem-de milli binagärligiň öňden gelýän däpleri sazlaşykly utgaşýar.

Şunuň bilen birlikde, ahalteke atçylygyny hem-de türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny we beýlekileri Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak bilen baglanyşykly meselelere garalýar, beýleki hödürnamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň gerimi yzygiderli giňelýär, däp bolan netijeli gatnaşyklary, şol sanda ekologiýa, bedenterbiýe we sport ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasy özüniň ajaýyp miwelerini berip, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Medeni diplomatiýa bolsa daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Soňky habarlar
08.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
08.10
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
08.10
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijäret A.Ş.” türk kompaniýasy we “Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
08.10
Halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary hakynda Düzgünnama tassyklanyldy
08.10
Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklanyldy
08.10
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy
08.10
Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy
08.10
Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigini geçirmek bellenildi
08.10
Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrini kabul etdi
top-arrow