Türkmenistan – ÝUNESKO: medeni miras goralyp saklanylýar
Dutar – owazy arşa galan senet
Çap edildi 31.12.2022
12313

Dutar türkmen halkynyň köp asyrlyk aýdym-saz medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Toý bolsun, ýa resmi baýram, türkmende hiç bir dabara bagşysyz geçmez. Asyrlaryň dowamynda bagşylara halk arasynda sylag-hormat goýlupdyr. Olaryň atlaryna rowaýatlar düzülipdir. Bagşylaryň özleri bolsa dutary mukaddes bilip, oňa ýürekden berlipdirler. Ony gözüň göreji deý gorap, ýumşak matadan tikilen aýratyn daşlykda saklapdyrlar we ýat adamyň eline bermändirler.

Türkmen taryhynda bazar baglan sazanda-bagşynyň öz saz sungaty bilen goňşy döwletiň sürnüp gelýän esgerleri bilen ganly söweşiň öňüni alan wagtlary-da bolupdyr.

Bagşynyň gazanan şöhratyna dutar ussalarynyň-da şärik bolmaga haklary bardyr. Olara-da uly hormat goýlupdyr, olaryň işlerine diýseň ýokary baha berlipdir – zarňyldap duran bir dutara men diýen tohum at berlen wagty bolupdyr. Dutar ussalarynyň hünäri nesilden-nesle geçip gelipdir. Häzirki wagtda-da bagşylar ýüz ýa-da ondan-da köp ýyl ozal ajaýyp gurallary ýasan ussalaryň atlaryny aýdyp bilerler.

Folklor aýdymy gönüden-göni adamyň maddy, amaly işine, zähmetine, däp-dessurlaryna, urp-adatlaryna siňipdir we barlygyň özboluşly bir görnüşi bolupdyr.

Al-Farabiniň, al-Kandiniň, Ibn Sinanyň, Safi-ad-diniň, al-Urmawiniň (IX-XIII asyr) eserlerinde-de türkmen gurallary we sazy barada birnäçe maglumat bar.

XX asyryň 30-njy ýyllarynda Türkmenistanyň milli medeniýetinde aýdym-saz sungatyna uly üns berlip başlandy. Şonda türkmen halk aýdymynyň we milli sazynyň ussatlary bolan bagşynyň özboluşly sungaty hem giňden ýaýrady. Bagşyçylyk sungatynyň iň ýaşuly wekilleriniň arasynda “Zöhre – Tahyr” dessanynyň awtory Mollanepesiň, nusgawy halk aýdymlaryny ýerine ýetirýän Sary bagşy Pürli oglunyň, meşhur Kel bagşynyň halk dessanlarynyň we liriki hem epiki aýdymlaryň ummasyz repertuaryna eýe bolan şägirdi Täçmämmet Suhanguliýewiň atlary tutulmalydyr.

Halypalary Sary bagşydan we Kel bagşydan tälim alan Mylly Täçmyradow ajaýyp dutarçy bolup çykdy. Sary bagşynyň ogly Pürli Saryýew kakasyndan dutar çalmak sungatyny öwrenip, bu ugurda, şeýle hem gyjak çalmakda ýokary ussatlyk gazandy. Ol öz ýoluny döretdi. Sahy Jepbarow zehinli bagşy, nusgawy we häzirki zaman aýdymlarynyň giň toplumynyň kompozitory we hyjuwly ýerine ýetirijisidir.

2022-nji ýylyň başynda döredijilik işgärleriniň hünär taýdan ösmegine goşant goşmak bilen, ýaşlary milli medeniýet hazynasy bilen tanyşdyrýan edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň we ýaş ýerine ýetirijileriň, şeýle hem zehinli çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäginde bagşy- sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” atly täze döredijilik bäsleşigini geçirmek kararyna gelindi.

Häzirki wagtda medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyk pudagynda Türkmenistanyň milli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri BMG we beýleki abraýly halkara guramalar hem gaznalar bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmekdir. Bu ugurda aýratyn orun ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk BMG ulgamynda özboluşly intellektual forum hökmünde aýratyn orna eýedir.

Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen gatnaşyklary Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär. «Gadymy Merw» we «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanalary, Köne we Täze Nusaý galalary, «Görogly» dessançylyk sungaty, milli «Küştdepdi» aýdym we saz, şeýle hem türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklarymyzyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi hem muny doly tassyklaýar.

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen 16-njy mejlisiniň dowamynda dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny bu sanawa girizmek barada çözgüt biragyzdan kabul edildi.

Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi diňe bir sungat işgärleriniň däl-de, eýsem tutuş halkymyzyň guwanç-buýsanjyny goşalandyrdy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow