Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Çap edildi 21.12.2022
3032

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat işgärleri yhlasly hem-de tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri we ösüşleri, döwletimiziň dünýädäki belent at-abraýyny ýokary derejede wasp etmäge, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny giňden açyp görkezmäge uly goşant goşýarlar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşan saldamly goşantlary üçin, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly:

Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik-folklor tans toparynyň artisti Kuwwat Hojanazarowiç Çaryguliýewe,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, aýdymçy Döwletgeldi Jumamyradowiç Amanlykowa.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 21-nji dekabry.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
top-arrow