Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çap edildi 14.12.2022
2415

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünlikleri, Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kadalaşdyryş-barlag bölüminiň başlygy Sergeý Ýurýewiç Gusarowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Baş gazgeçirijiniň ugrundaky «Derýalyk» önümçilik edarasynyň ugur ulanyş gullugynyň elektrik we gaz bilen kebşirleýjisi Bekmyrat Saryýewiç Nurmädowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazy çykarmak we ugratmak boýunça kükürtli önümçilik böleginiň Malaý-Çartak gaz käniniň operatory Halmuhammet Amangeldiýewiç Seýitniýazowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň 3-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň elektrik bilen kebşirleýjisi Orazserdar Tirkişowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Harbylaşdyrylan «Nebitgazhowpsuzlyk» müdirliginiň gaz-tehniki gözegçilik gullugynyň Mary bölüminiň etrap inžener-gözegçisi Gurbannazar Kakalyýewiç Amannazarowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazaragatnaşyk» müdirliginiň Şatlyk aragatnaşyk gullugynyň radiooperatory Hangeldi Gurbansähedowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz känindäki 110-njy buraw desgasynda burawlaýjynyň kömekçisi Akmyrat Agabaýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklar müdirliginiň seljeriş we barlaglar bölüminiň başlygy Halmyrat Halbaýewiç Hajyýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 11-nji gözegçilik ölçeg enjamlary we awtomatika önümhanasynyň ussasy (nobatçysy) Rustam Tofikowiç Başirowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň elektrogurnama önümhanasynyň ussasy Döwran Amanmämmedowiç Paşanaýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň elektrik we gaz bilen kebşirleýjisi Nazgylyç Gylyçmyradowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň Barsagelmez guýulary düýpli abatlaýyş önümhanasynyň uly ussasy Pyhamberguly Rejebowiç Myradowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň Balkanabat toplumlaýyn geofiziki ekspedisiýasynyň ýokary basyş enjamlaryna hyzmat ediş toparynyň ussasy Ilmyrat Aşyrowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit önümleri kärhanasynyň nebit önümlerini daşamak boýunça awtoulagyň sürüjisi Saparbaý Ýazjanowiç Karaýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň düýpli gurluşyk bölüminiň inženeri Nina Aleksandrowna Barabaşewany,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baş tehnology Derkar Kuwwatgeldiýewiç Bekdurdyýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
top-arrow