Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 24.11.2022
514

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, Hazaryň özboluşly tebigy şertlerini syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirmek we türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösmeginiň möhüm şerti bolan köpugurly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli taslamalary döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz halkara geçelgeleriň Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam etjekdigini belledi. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz yklymyň esasy ýollarynyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary, ýurdumyzda halkara derejedäki gatnaşyklary giňeltmek boýunça bar bolan mümkinçilikleri, Hazar deňziniň çäklerinde deňiz syýahatçylygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri üstünlikli amala aşyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şunda Awazanyň çägini giňeltmek, syýahatçylygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak, bu ýerde ýurdumyzyň raýatlarynyň ýokary derejeli dynç alşyny üpjün etmek meseleleriniň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu işleriň netijeli durmuşa geçirilmeginiň ykdysady taýdan bähbitli boljakdygyny aýratyn belledi.

Soňra maslahata gatnaşýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol häzirki döwürde ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri we sebitleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ösdürýändigini belläp, bu ugurda Hazar deňzi sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm orun eýeleýändigi barada aýtdy. Şeýle-de ol Gahryman Arkadagymyzyň Hazar deňzini parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek we ynanyşmak zolagyna öwürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň halkara derejede giň goldawa eýe bolýandygyny aýratyn nygtady. Şu ýylyň iýun aýynda paýtagtymyzda altynjy Hazar sammitiniň geçirilendigini, onuň netijeleri boýunça kabul edilen Beýanatda Hazarýaka döwletler bilen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini öz içine alýan täze ugurlaryň kesgitlenendigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministri şunda Hazar sebitinde syýahatçylygy ösdürmek meselelerine hemmetaraplaýyn üns berlendigini belledi.

Wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, şeýle hem strategik konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde 2007-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň düýbi tutuldy we häzirki wagtda onuň çäginde onlarça ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän kottejler toplumlary, myhmanhanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri işjeň ulanylýar. Bu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ykdysady hem-de syýahatçylyk mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak, ýurdumyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň halkara Konwensiýalara we köptaraplaýyn resminamalara goşulyşmak meselelerini öwrenmek üçin syýahatçylyk ulgamynda daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen çäreleri işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin esasy ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň wekillerini, hünärmenlerini Türkmenistana çagyrmak we olaryň amala aşyrjak saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara syýahatçylygyň ösdürilmegine bagyşlanan maslahaty guramak baradaky teklip öňe sürüldi.

Wise premýer, daşary işler ministri R.Meredow häzirki wagtda ekologik, tebigy we lukmançylyk syýahatçylygynda, medeni syýahat ugurlarynda mümkinçilikleri artdyrmak we olary ulgamlaýyn esasda giňeltmek üçin 2023-nji ýylyň dowamynda bu ugurlar boýunça halkara guramalar we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýörite tejribe alyşmak boýunça geňeşmeleri guramagyň wajypdygyny belledi. Şeýle hem ol Hazar deňzi sebitinde we Merkezi Aziýada halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda döwletara syýahatçylyga wajyp ornuň degişlidigini aýtdy we dünýä bileleşigi tarapyndan 2000-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen Syýahatçylyk arkaly parahatçylygy berkitmek baradaky Amman Jarnamasyna esaslanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ÝUNESKO bilen bilelikde 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda “Syýahatçylyk arkaly parahatçylyk medeniýetini berkitmek” atly sebitleýin forumy geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegiň teklip edilýändigini nygtady.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ykdysady we maliýe mümkinçiliklerini artdyrmak, migrasiýa, gümrük ugurlarynyň gurallaryny kämilleşdirmek maksady bilen, bu ýerde halkara kadalara laýyklykda ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meselelerini öwrenmek baradaky başlangyç hem öňe sürüldi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzda milli syýahatçylyk ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda dünýäde toplanan tejribeleri içgin öwrenmegiň zerurdygyny belledi we bu ugurda bar bolan meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen, degişli hünärmenleriň ýokary derejede taýýarlanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna jahankeşdeleri işjeň çekmek üçin bu ýerde zerur bolan häzirki zaman düzümleriniň, şol sanda ösen ulag we logistika ulgamynyň döredilmegine üns bermelidigini belledi. Şunda Türkmenbaşynyň Halkara howa hem-de deňiz menzilleriniň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr.

Gahryman Arkadagymyz ýakynda Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň Russiýa Federasiýasynda bolup, Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde we Döwlet Dumasynda geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm we aýrylmaz bölegi hökmünde parlamentara gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garalandygyny belledi. Saparyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar, hususan-da, Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyk kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, aýratyn-da, Hazaryň dostluk we parahatçylyk deňzi hökmündäki derejesiniň mundan beýläk-de berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýany boldy diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ulag toplumynyň işini netijeli dolandyrmak hem-de durnukly ulag ulgamyny emele getirmek boýunça anyk maksatlaryň kesgitlenip, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, guramaçylyk taýdan täzeçe çemeleşmeleri ornaşdyrmaga döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini nygtady. Häzirki wagtda geosyýasy we geoykdysady taýdan möhüm merkezleriň birine öwrülýän Hazar sebitinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda Türkmenistanda dünýäniň ulag-kommunikasiýa ulgamyna sazlaşykly goşulyşmaga ukyply iri düzümleriň kemala gelýändigi bellenildi.

Şunda hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlup ulanmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty we howa menzili, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transkontinental demir ýol geçelgesi we Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça halkara üstaşyr geçelgelerini birikdirýän, deňiz, guryýer we howa ýollaryny öz içine alýan multimodal üstaşyr ulag halkasynyň döredilendigini bellemek gerek. Häzirki döwürde Hazar deňziniň üsti bilen daşary ýurtlardan gelýän ýükleri üstaşyr ugratmak boýunça amatly şertleriň döredilýändigini belläp, agentligiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny aýratyn nygtady. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurdaky mümkinçilikleriniň ýokarlanýandygyny görkezýär.

Şeýle-de Transaziýa — Ýewropa optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň 708 kilometr bölegi üstünden geçýän ýurdumyz Hazar deňzinde iri kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmegiň möhüm halkalarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Bu bolsa Ýewropanyň hem-de Aziýanyň arasynda «Sanly Ýüpek ýoluny» emele getirmäge ýardam berer. Bulardan başga-da, Russiýa, Gazagystan, Eýran, Hindistan we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň ýük daşaýjylaryna Gündogar Ýewropa ýurtlaryna iň gysga ýol bilen gatnamaga mümkinçilik berjek Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtoulag köprüsiniň düýbüniň tutulmagy awtomobil, deňiz we demir ýol ulaglaryndan peýdalanmak arkaly multimodal gatnawlary ösdürmäge itergi berer.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazarýaka döwletler bilen ýurdumyzyň arasynda ulag pudagynda gol çekilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ylalaşyklaryň Hazar deňzini ösen düzümli, iri halkara ulag merkezine öwürmegiň degişli hukuk esasyny düzýändigini belläp, onuň ulag düzümini has-da kämilleşdirmäge, ulag hyzmatlarynyň we multimodal gatnawlaryň hilini ýokarlandyrmaga, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga itergi berjekdigine ünsi çekdi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy gyzyklanma bildirýän taraplar bilen sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine bagyşlanan maslahatlaryň, duşuşyklaryň yzygiderli guralýan iri halkara işewürlik merkezine öwrülendigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz bu ýerde geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň, şeýle-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX mejlisiniň ähmiýetini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» hökmünde ykrar edilendigini belläp we ýurdumyzda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar halkara ugurlarynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan üstaşyr ulag düzümlerine degişli desgalaryň yzygiderli gurulýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi. Şunda bu ugra degişli düzümleriň ösdürilmegine, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna maýa goýum serişdeleri işjeň çekilmelidir.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Balkan welaýatynyň ýangyç-energetika babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Bu sebitde bar bolan nebitgaz gorlarynyň ylmy esasda öwrenilmegi, olaryň çykarylmagy hem-de gaýtadan işlenilmegi bilen baglanyşykly meseleler häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri bolan Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi, toplumyň önümçilik düzümlerine häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kärhanalary üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Şunda degişli toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasy talap bolup durýar hem-de bu işleriň amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalar edilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hem depginini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy dynç alyş zolagynyň çägini giňeltmek we Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda syýahatçylyk ulgamynyň desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmak meseleleriniň wajypdygyny nygtady. Şunda milli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilişinde bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň binalarynyň bezeg aýratynlyklaryna, onuň yşyklandyryş ulgamyna we bu künjegiň ekologik hem-de abadançylyk ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berilmelidir, bu işlere ýaş binagärleriň, degişli ugurlar boýunça bilim alýan talyplaryň işjeň çekilmegi zerurdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we Hazaryň kenarynda emele gelen syýahatçylyk zolagynyň halkara derejedäki abraýynyň belende galmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Hormatly Arkadagymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda söwda we hyzmatlar ulgamynyň, şol sanda hususy pudagyň alyp barýan işleriniň ähmiýetlidigini belläp, hyzmatyň medeniýetini kämilleşdirmek hem-de dynç alýanlary azyk önümleri bilen üpjün etmek meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, welaýatyň söwda merkezlerinde ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň, türkmen zenanlarynyň zehini bilen döredilýän haly we haly önümleriniň söwdasyny guramak gerek.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada dürli derejedäki halkara medeni çäreleriň, şol sanda milli medeniýetimizi wagyz etmek boýunça çäreleriň guralmagynyň möhümdigini belledi. Munuň özi dynç alýanlar üçin amatly şertleri döretmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazaryň kenarynda sungat festiwallarynyň, döredijilik duşuşyklarynyň we kitap sergileriniň guralmagy bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyny şertlendirer. Şunuň bilen birlikde, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ähli ugurdaş düzümleriniň we gulluklarynyň işine öňdebaryjy tejribäni, sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek meseleleriniň ählumumy häsiýete eýe bolýandygyny aýdyp, raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň saglygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan sport toplumlarynyň işini döwrebap derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda sportuň deňziň kenaryna mahsus görnüşleriniň ösdürilmegine, degişli saglyk we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazaryň kenarynda dynç alyş möwsüminde bolşy ýaly, beýleki wagtlarda hem ulaglaryň sazlaşykly hereketini ýola goýmak, bu ýerde degişli tertip-düzgüni berk berjaý etmek, deňziň kenarynda dynç almagy halaýanlar üçin gelmek-gitmek bilen baglanyşykly ýagdaýlary kadalaşdyrmak meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny we bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Hormatly Arkadagymyz dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Ýaponiýanyň işewür düzümleriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çägini giňeltmek we bu künjegi ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýratyn nygtady. Munuň özi Türkmenistanyň daşary ýurtly işewürler üçin özüne çekiji ýurt hökmünde ykrar edilýändigini görkezýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparyny tamamlap, bu ýerden paýtagtymyza ugrady.

Soňky habarlar
07.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygyny kabul etdi
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Aly gyzy Gafarowany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
07.12
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
07.12
Türkmenistanda Sierra-Leone Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
07.12
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisindäki duşuşykda Azerbaýjanyň parlamenti bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
07.12
Türkmenistan — Azerbaýjan: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar