Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň tennis boýunça çempionlary kesgitlendi
Sport
Türkmenistanyň tennis boýunça çempionlary kesgitlendi
Çap edildi 19.11.2022
853

«Aşgabat» stadionynyň kortlarynda geçirilen Türkmenistanyň tennis boýunça çempionaty Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan 128 türgeni (86 erkek we 42 zenan) bir ýere jemledi.

Ýeňijiler ýekelik we jübütlik oýunlarynda kesgitlendi.

Erkekleriň finalynda Ýuriý Rogusskiý Gurbanberdi Gurbanberdiýewi iki setde ýeňmek bilen (6:4, 6:4), Türkmenistanyň iň gowy tennisçisi diýen ada mynasypdygyny subut etdi. Netijede, Ýuriý Rogusskiý 5-nji gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. Ilkinji üçlügiň ahyrky ornuny 3-nji ýer ugrundaky oýunda Hajymyrat Çaryýewi ýeňen (6:2; 6:3) Meýlis Orazmuhammedow eýeledi.

Zenanlar ýaryşynda 12 ýaşly Ilima Guseýnowa finalda Jennet Hallyýewanyň şägirdi Aýşa Bikbulatowadan üstün çykmak bilen (6:2, 7:5), hakykatdan-da, şowhunly üstünlik gazandy. Geçen aýda bu zehinli tennisçiniň 12 we 14 ýaşly türgenleriň arasynda milli çempionatda ýeňiji bolandygy bellärliklidir. Indi bolsa, ýaşlygyna garamazdan, milli rekord goýmak bilen, ilkinji gezek zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy.

Ilima Guseýnowa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we «Aşgabat» klubynyň baş türgenleşdirijisi Mirali Gasanowyň ýolbaşçylygynda sport ussatlygyny kämilleşdirýär. Indi ol ýeri ýakyn günlerde kesgitlenip, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek Aziýa çempionatyna (U-14) taýýarlanyp başlar.

Milli birinjilik ýaryşynyň bürünç medalyna 3-nji ýer ugrundaky oýunda Kseniýa Zubkowany ýeňen (6:2; 6:3), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maral Ahmedowa mynasyp boldy.

Erkekleriň arasynda geçirilen jübütlik bäsleşiginde finalda Meýlis Orazmuhammedowdan we Hajymyrat Çaryýewden üstün çykmak bilen (6:4, 4:6, 10:8) Ýuriý Rogusskiý we Atlymyrat Gurbanow öňe saýlandylar.

Zenanlar jübütliginde bolsa Aýşa Bikbulatowa we Rožan Garajaýewa finalda Bahar Toýmyradowa bilen Sülgün Hemraýewany utan (6:4, 6:2) iň ökde tennisçi boldular.

Soňky habarlar
07.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygyny kabul etdi
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Aly gyzy Gafarowany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
07.12
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
07.12
Türkmenistanda Sierra-Leone Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
07.12
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisindäki duşuşykda Azerbaýjanyň parlamenti bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
07.12
Türkmenistan — Azerbaýjan: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar