Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär
Syýasat habarlary
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär
Çap edildi 11.11.2022
1341

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilýän mejlisine gatnaşdy.

Garaşsyz Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyryp, hyzmatdaş ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Türkmenistanyň agzalygyna girmeýän abraýly halkara we sebit düzümleriniň sammitlerine çagyrylmagy Watanymyzyň dünýädäki belent abraýynyň, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň, başlangyçly ornunyň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.

Biziň ýurdumyz türki dilli döwletleriň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryna hem yzygiderli gatnaşýar. Olaryň dowamynda doganlyk halklaryň arasyndaky dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täze çemeleşmeleri işlenip taýýarlanylýar. Hut şu maksatlar bilen, 2009-njy ýylda Türki geňeş döredildi we geçen ýyl Stambulda geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammitinde onuň ady üýtgedilip, Türki Döwletleriň Guramasy diýlip atlandyryldy. Şol sammitde hem Türkmenistana bu guramada synçy derejesini bermek baradaky çözgüt kabul edildi.

...Samarkant şäheriniň şu gezekki duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Aripow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül dessesi gowşurylýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni howa menzilinden Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň geçirilýän ýerine — Kongres merkezine ugraýar.

Bu kaşaň binanyň foýesinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň wekiliýetleriniň Baştutanlaryny Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylaýar.

Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar uly mejlisler zalyna geçýärler. Bu ýerde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilýär. Samarkant sammitiniň gün tertibine meseleleriň giň toplumy, şol sanda ähli esasy ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, guramany mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, sebit we halkara gün tertibi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýandyklary we dünýä siwilizasiýasynyň merkezleriniň biri bolan Samarkant şäherini “Türki siwilizasiýanyň paýtagty” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy goldandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Biz türki dünýäniň gadymy taryhynda şöhratly sahypalary açan beýik pederlerimize buýsanýarys. Olaryň gymmatly mirasyny gorap saklamak, çuňňur öwrenmek we geljek nesillere ýetirmek hemmämiz üçin möhüm wezipedir. Bu gün biz “Türki siwilizasiýanyň täze eýýamy: umumy ösüşiň we abadançylygyň ýolunda” şygary astynda ösüşiň düýbünden täze tapgyryna gadam basýarys diýip, özbek Lideri öz çykyşynda nygtady.

Bellenilişi ýaly, Özbegistan öz başlyklyk edýän döwründe “Türki dünýäniň geljegi — 2040” Konsepsiýasyny hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň şu gün kabul edilýän bäş ýyllyk Strategiýasyny netijeli durmuşa geçirmegi, ilaty 170 milliondan gowrak bolan sebiti gurşap alýan bu guramanyň abraýyny pugtalandyrmagy, iň esasysy, umumy taryhy, dili we medeniýeti bolan doganlyk ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmagy maksat edinýär.

Soňra forumyň hormatly myhmanyna — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.

Gahryman Arkadagymyz myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen oňaýly şertler üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, bu sammitiň ýurtlarymyzyň ykdysady, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynanýandygyny, oňa halkara we sebit işlerinde Türki Döwletleriň Guramasyna oňaýly täsir etmäge gönükdirilen waka hökmünde seredýändigini nygtady. Türkmenistan häzirki döwrüň halkara gatnaşyklaryna mahsus bolan çemeleşmeleri öňe sürmek bilen, esasy strategik maksady gazanmak üçin döwletleriň tagallalaryny yzygiderli birleşdirmegiň zerurdygyndan ugur alýar. Bu maksatlar çözgütler kabul edilende halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna pugta eýermek esasynda ählumumy durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek bolup durýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen bir hatarda, abraýly halkara we sebit guramalarynyň işjeň ornunyň zerurdygyna üns çekildi. Olaryň deňhukukly we özara düşünişmek arkaly hyzmatdaşlygynda jogapkärli işleşmekleri möhümdir. Bu doly derejede Türki Döwletleriň Guramasyna-da degişlidir. Sebäbi bu gurama taryhy taýdan umumylygy, diliň, medeniýetiň, ruhy gatnaşyklaryň we ynsanperwer gymmatlyklaryň bitewüligi esasynda biziň ýurtlarymyzydyr halklarymyzy birleşdirýär.

Bellenilişi ýaly, Ýewraziýanyň birnäçe sebitlerinde emele gelýän syýasy ýagdaý örän oýlanyşykly, anyk we düýpli baha bermegi hem-de degişli çäreleri görmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasynyň özbaşdak ýagdaýda hem, dünýä bileleşigi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda hem gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, öňdengörüjilikli we jogapkärli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin zerur bolan ähli çäreleri görmelidigi baradaky pikir beýan edildi. Türki ýurtlaryň ylalaşylan garaýyşlary dünýädäki syýasy ýagdaýlara netijeli täsirini ýetirmelidir. Deňhukuklylygy, milli özygtyýarlylygy, halklaryň döwlet gurluşynyň nusgasyny saýlap almaga hukugyny ykrar etmelidir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy öňe sürdi. Şeýle resminamanyň kabul edilmegi BMG-niň agza döwletleriniň nähili çylşyrymly bolsa-da, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, gepleşikler ýoly arkaly çözmäge düýpli ygrarlydygyny tassyklar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň, şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi öňe sürendigini habar berip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň teklibiniň türki döwletler tarapyndan goldanylsa, türkmen tarapynyň minnetdar boljakdygyny belledi.

Ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň çäklerinde halkara terrorçylyga, ekstremizme, kiber-biologik jenaýatçylyga garşy netijeli göreşmek örän möhüm wezipe bolup durýar. Bu iş ähli ugurlarda — umumydünýä derejesinde hem, sebit we milli derejede hem alnyp barylmalydyr diýip hasap edýäris. Şeýle howplara gabat gelen käbir türki ýurtlar üçin bu wezipäniň aýratyn möhümdigine ynanýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Şeýle-de sebit howpsuzlygynda owgan meselesiniň bilelikde iş alyp barmak boýunça hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi. Çünki Türki Döwletleriň Guramasynyň käbir agza ýurtlary Owganystana goňşy döwletlerdir. Olaryň bu ýurt bilen aýratyn taryhy baglanyşygy we kanuny bähbitleri bar. Diýmek, olar bu ýerde bolup geçýän ýagdaýlar üçin belli bir derejede jogapkärçilik hem çekýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýetiniň Baştutany bu ýurtdaky ýagdaýy düzgünleşdirmäge gepleşikler, Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwerlik kömegi bermek arkaly umumymilli ylalaşygyny gazanmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilen tagallalary güýçlendirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýyl Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde girmeginiň doganlyk ýurtlar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, öz strategik wezipelerimiz hökmünde biz ykdysady, söwda, senagat, energetika, ulag, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ugurlarda bu guramanyň mümkinçiligini artdyrmaga ýardam berýäris. Biz ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy we diwersifikasiýalaşdyrmagy göz öňünde tutýarys. Hususan-da, gürrüň döwletlerimizi birleşdirýän ykdysady ugurlar hakynda barýar. Biz olary harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýum serişdeleriniň Ýewraziýa giňişligindäki hereketiniň durnukly esasy ulgamy hökmünde görýäris.

Senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik we tehnologik kuwwatyny birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ykdysady ugurlaryň möhüm bölegi hasaplaýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türki Döwletleriň Guramasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Bu bolsa häzirki döwürde ählumumy ykdysady ösüşiň meýillerini kesgitleýji şert hökmünde çykyş edýär.

Bu işde bar bolan bäsdeşlik artykmaçlygyny peýdalanyp, täze üstaşyr ulag geçelgelerini, energetiki ugurlary döretmäge doly hukukly we netijeli gatnaşyjynyň ornuny öz wagtynda, işjeň üpjün etmeli. Munuň ýakyn geljekde biziň möhüm umumy wezipelerimize öwrülmelidigine ynanýaryn diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlarda bu ugurda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna düşünilýär diýip pikir edýärin. Türkmenistanyň öňe süren ugurlaryny, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek we energiýa howpsuzlygynyň meseleleri boýunça Kararnamalarynyň biziň ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen taslamalarynyň türki döwletleriň yzygiderli goldaýandygy munuň subutnamasy bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Türkmen wekiliýetiniň Baştutany Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň birnäçesiniň bu resminamalaryň awtordaşy bolandygyny belläp, bu goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi we muňa iş ýüzündäki geljekki ädimlere oňat esas hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Çykyşda nygtalyşy ýaly, toplanan bilelikdäki tejribä daýanyp, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna zerur bolan itergi bermeli, işewürlik bileleşikleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmeli hem-de işjeň peýdalanmaly, biziň ýurtlarymyzyň çäklerinde taslamalary amala aşyrmak üçin bilelikdäki maýa goýumlary höweslendirmeli. Türki döwletleriň ykdysady mümkinçilikleri ýokary netije almak üçin peýdalanylmalydyr. Dünýä ösüşiniň häzirki zaman meýillerine we esasy ugurlaryna, şol sanda onuň tehnologik, sanly ulgam böleklerine gönükdirilmelidir.

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň işine gatnaşmagyny biziň ýurtlarymyzyň ekologik abadançylygy, «ýaşyl» gün tertibini ilerletmek üçin peýdalanmagy maksat edinýär. Biz özümiziň senagatda, durmuş ulgamynda, şäherleri giň gerimde bagy-bossanlyga öwürmekde ýokary ekologik standartlary ornaşdyrmak babatda toplan tejribämizi paýlaşmaga taýýardyrys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, biziň birleşigimiziň çäklerinde howanyň üýtgemegi, energoüpjünçilik, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak baradaky meselelerde milli üstünliklerimizi öwrenmek boýunça yzygiderli we salgyly gatnaşyklary ýola goýmak bähbitli bolar diýip hasaplaýarys. Elbetde, soňra bilermenleri alyşmagyň, geňeşmeleriň aýratyn ugurly maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem mümkin. Bu bolsa biziň umumy tagallalarymyza uly itergi bermäge we anyklaşdyrmaga, olary utgaşdyrmagyň, hyzmatdaşlyk etmegiň zerur derejesine çykarmaga ýardam berer diýip hasaplaýandygyny aýdyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde halkara ynsanperwer gün tertibi, hususan-da, musulman ýurtlaryndan bolan bosgunlara kömek bermek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýdyp, dünýädäki ýönekeý bolmadyk ýagdaýlar sebäpli, halklarymyzyň arasynda özara düşünişmegi we dostlugy berkitmegiň möhümdigini nygtady. Bu işde medeni aragatnaşyklar, döredijilik, ylmy işgärleriň, talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň, türgenleriň wekilleriniň gatnaşyklary aýratyn orny eýelemelidir.

Mundan başga-da, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çäklerinde amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň gerimini giňeltmek, belli filosoflarymyzyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, görnükli medeniýet we sungat işgärlerimiziň ömri-döredijiligini dünýä ýaýmak üçin degişli işleri geçirmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýyly türki dünýäde “Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly” hem-de taryhy türkmen şäheri bolan Änewi 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek barada Türkmenistanyň teklibini goldandyklary üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň ähli agza ýurtlaryna minnetdarlyk bildirdi.

Bu çözgütleriň kabul edilmeginiň aýratyn manysy bar. Sebäbi biz 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belleýäris. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda eýýäm bu şanly ýubileý mynasybetli giň gerimli halkara çärelere taýýarlyk görlüp başlanandygyny aýtdy we olary geçirmäge Türki Döwletleriň Guramasynyň işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň ahyrynda häzirki döwürde taryhy we kökleri umumy bolan goňşularymyzyň, doganlyk halklaryň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtady we şu maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanyň has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Gün tertibine laýyklykda, şu gezekki sammitiň çäklerinde syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara baglanyşygy pugtalandyrmak, syýahatçylyk, energetika we oba hojalyk ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garaldy. Ylym, bilim, tehnologiýalar hem-de innowasiýalar ulgamynda sebitara hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Mejlise gatnaşyjylar çykyşlarynda ägirt uly kuwwata eýe bolan ýurtlarymyzyň diňe bir öz ösüşiniň bähbidine däl, eýsem, tutuş dünýäde we halkara işlerde durnuklylygy gazanmak üçin hem şol mümkinçiliklerden peýdalanmaga ukyplydyklaryna ynam bildirdiler. Bu ynam köp babatda köpasyrlyk tejribe, biziň ýakynlygymyz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň durnuklylygy we mizemezligi bilen şertlendirilendir.

Mejlisiň jemleri boýunça guramanyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen Samarkant Jarnamasy kabul edildi. Mundan başga-da, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary wezipesine Kubanyçbek Omuraliýewiň dalaşgärligini tassyklamak baradaky çözgüt kabul edildi.

Sammitiň işi tamamlanandan soňra, dabaralar otagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglamak, şeýle-de gyrgyz ýazyjysy we görnükli jemgyýetçilik işgäri bolan Çingiz Aýtmatowyň adyna Türki Döwletleriň Guramasynyň türki dünýäniň jebisligine goşandy üçin Alyşir Nowaýy adyndaky halkara baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Türki dünýäniň ýokary ordenini gowşurýar. Bu sylag türki dilli halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmaga, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşan adamlara berilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň ýokary sylagy üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistana hem-de türkmen halkyna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, Türki döwletleriň hatarynda dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolan Garaşsyz Türkmenistan bu günki gün «Açyk gapylar» syýasaty bilen özüniň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugta saklap gelýär. Bu netijeli syýasatyň esasynda abadançylyk, parahatçylyk ugrunda köp işler amala aşyryldy. Bu işler BMG-niň çäklerinde, türki dilli döwletleriň goldaw bermeginde ýerine ýetirildi.

Taryha ser salsak, biziň hemmämiz dost-dogan halklar, bir daragtyň şahalary. Bilşiňiz ýaly, türki dilli döwletler asyrlaryň dowamynda doganlygyň, birek-birege hormat goýmagyň kadasyna eýerip gelipdirler. Türki döwletler bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Ata-babalarymyzyň nesihatlaryna eýerip, siziň bilen bilelikde köp işleri amala aşyrýarys diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu günki gün ata-babalarymyzy tirsegine galdyryp, dowam edip gelýän gatnaşyklarymyzy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýarys. Geçmişde ýurtlarymyzyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly ençeme asyrlaryň dowamynda Gündogar bilen Günbatary birleşdiripdir. Bu şöhratly ýoluň ýüregi, ýagny esasy çatrygy hökmünde Türkmenistan häzirki wagtda ony gaýtadan dikeltmek ugrunda köp tagalla edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge, şu ugurlar boýunça energetika ulgamlaryny herekete getirmäge taýýardygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bu ugurda birnäçe teklipleri berýär, bu teklipler türki döwletler tarapyndan yzygiderli goldanylýar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady gatnaşyklarymyz hem ýokary derejede ösdürilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda 2024-nji ýylda dünýä belli filosof, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň belleniljekdigini ýatlatdy we pursatdan peýdalanyp, hemmeleri bu şanly toýa çagyrdy.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegini goşa şatlyk hökmünde kabul etdik diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türki dünýäniň döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirip, doganlyk halklarymyzyň gülläp ösüşi üçin mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, Türki Döwletleriň Guramasynyň bu ýokary sylagy üçin türki döwletleriň Baştutanlaryna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi we sammite gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk halklarymyza bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Ýaňy meň öz çykyşymda hem belläp geçişim ýaly, bu gün biz ata-babalarymyzy tirsegine galdyrýarys. Biziň halklarymyzyň hersiniň geçmişde Nyzamy, Ýunus Emre, Abaý, Çingiz Aýtmatow ýaly beýik ogullary ýaşap geçdi. Häzirki günde hem şolaryň nesilleri hökmünde biz agzybirlik bilen asylly işleri amala aşyrýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we türki halklaryň jebisligini saklamak işinde tagallalary üçin sammite gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi.

Biziň ählimiz bir daragtdan gözbaş alýarys diýip, hormatly Arkadagymyz Gündogaryň köp meşhur şahyrlarynyň, şol sanda Alyşir Nowaýynyň hem öz goşgy setirlerinde dostlugy we doganlygy, myhmansöýerligi wasp edendigini belledi.

Musulmançylykda dostlaryňy çagyrmaga degişli birnäçe pähimler bar, men şolaryň üçüsini aýdaýyn. Olaryň birinjisi “Gelen — döwlet”, ikinjisi “Myhman ataňdan — uly”, üçünjisi bolsa “Kyýamat güni goňşudan”. Siz şunuň ýaly üç pähime eýerip, şu dabarany ýokary derejede geçirdiňiz diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni tamamlady we sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Özbegistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurtlaryň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.

Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar bilelikde surata düşdüler. Soňra Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýan wekiliýetleriň Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň merkezinde ýerleşýän “Registan” meýdançasyna ugrady. Bu ýerde ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar sebitiň halklarynyň mizemez dostlugynyň we doganlygynyň nyşany hökmünde ýaş bag nahallaryny oturtdylar.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmanlara ýüzlenip, möhüm ylalaşyklar gazanylan şu günki sammitiň türki dünýäni ösdürmekde täze tapgyryň başlanmagyny alamatlandyrýandygyny belledi.

Biz beýik ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, ýene-de bir asylly işe — bag nahallaryny oturtmaga girişýäris diýip, özbek Lideri aýtdy. Dostlukly döwletiň Baştutany türki dilli ýurtlaryň ählisinde ekologik meselä aýratyn ähmiýet berilýändigine, oňa tebigaty goramagyň we durnukly ösüşiň kepili hökmünde garalýandygyna ünsi çekip, bu ugurda edilýän tagallalara ýokary baha berdi. Hususan-da, Türkmenistanda ýurduň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Bu giň gerimli işler, bag ekmek çäreleri türki halklaryň ösüşi we abadançylygy gazanmaga ymtylýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, Özbegistanyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda aýtdy we bu asylly işiň netijelerini häzirki hem-de geljek nesilleriň görjekdigine, şu gün oturdylan bag nahallarynyň ýaşaýyş-durmuşyň, dostlugyň, ynanyşmagyň, ruhy bitewüligiň, umumy röwşen geljegiň kuwwatly daragtlary bolup ýetişjekdigine ynam bildirdi.

Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ählisinde şol wagt dostlugyň we raýdaşlygyň nyşany hökmünde bag nahallaryny ekmek dabarasyna badalga berildi. Bu dabaralar göni wideoaragatnaşyk arkaly ýörite oturdylan uly monitorda görkezildi.

10 müň türkmenistanlynyň gatnaşmagynda şeýle giň gerimli bag ekmek çäresi Türkmenistanda hem geçirildi. Onuň çäklerinde Köpetdagyň eteginde 25 gektar meýdanda 10 müň düýp bag nahaly ekildi.

Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, wekiliýetleriň Baştutanlary Samarkandyň merkezi meýdançasy “Registanda” surata düşdüler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda bolmagynyň çäklerinde dostlukly döwletleriň Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Özbegistana iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Samarkandyň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe wagtdan soňra uçar Mary şäheriniň howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy.

Ertir Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mary welaýatyna iş sapary başlanýar.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow