Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 04.11.2022
2074

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2022-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, on aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklanýar. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy.

Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 39,1 göterim köpeldi. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 114,3 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim artdy. Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde hasabat döwründe durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp baryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda üstünde işlenen 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada hasabat berildi. Wise-premýer geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynyň esasy maddalary boýunça göz öňünde tutulan çykdajylar barada hasabat berip, serişdeleriň ep-esli böleginiň durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdiriljekdigini habar berdi. 2023-nji ýyl üçin bölünip berilýän maýa goýumlar milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmaga, pudaklar üçin täze önümçilikleri ýola goýmaga hem-de hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmaga, ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga gönükdiriler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işiň ileri tutulýan ugurlarynyň birnäçesine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna seljerme geçirmek, emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde garaşylýan netijeleri seljermek ýerine ýetirilmeli işleriň esasylarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem býujetiň girdejilerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigine üns çekildi. Maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegi dowam etmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Geljek ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we gurluşyk maksatnamasyna hem aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň Döwlet býujeti barada aýdyp, 2023-nji ýyl üçin ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynyň Milli Geňeşiň Mejlisine iberilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, bu resminamada degişli Permana laýyklykda, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak göz öňünde tutulandyr. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisine iberilýän hata gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebit we gaz kondensatyny çykarmak boýunça gazanylan ykdysady-tehniki görkezijiler barada hasabat berildi. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit almak boýunça meýilnama 100 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 116,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 112,2 göterim, polipropileni öndürmegiň meýilnamasy 120,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,9 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 107,8 göterim ýerine ýetirildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 114,5 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 125,6 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça işleriň ýokary depginlerde dowam etdirilmeginiň möhümdigini belledi. Bu pudaga maýa goýum serişdelerini çekmek wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere toplumda alnyp barylýan işleri içgin seljermegi, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny ösdürmegiň meýilnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek, gözegçilik edýän düzümleriniň işlerini talabalaýyk derejede guramak ugrunda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk, senagat, energetika toplumlarynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi. Şu ýylyň on aýynda gurluşyk we senagat toplumynda önümleri öndürmegiň we ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy 143,2 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 116,1 göterim amal edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 162,7 göterime deň boldy.

Şu ýylyň on aýynyň netijeleri boýunça Energetika ministrligi önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 130,7 göterim ýerine ýetirdi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 110,5 göterime, daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň ösüş depgini bolsa 131,7 göterime deň boldy. Şu ýylyň başyndan bäri geçen döwürde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 153 göterim berjaý edildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýerine ýetiren işleri we hyzmatlary boýunça meýilnamany 100,2 göterim amal etdi. Şu ýylyň on aýynda Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 121,9 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly möçberde üpjün etmek üçin gurluşyk senagatyny ösdürmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Täze önümhanalary we kärhanalary gurmak möhümdir. Ähli önümçilik kuwwatlyklaryny sazlaşykly ösdürmek wajypdyr. Nygtalyşy ýaly, ýaşaýyş jaýlarynyň, şäherçeleriň, durmuş maksatly desgalaryň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyny işjeň alyp barmak zerurdyr. Ýollaryň gurluşygyna we saklanylyşyna aýratyn üns bermek möhümdir. Ýurdumyzda energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etmek wajypdyr. 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny taýýarlamak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, hususan-da, gurluşyk senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny zerur bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri we önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek, hereket edýän önümçilikleri, hususan-da, sement zawodlaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak üçin degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmek barada görkezme berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,4 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 106,5 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügiň we matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini, degişlilikde, 126,6 hem-de 130,3 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň ösüş depgini 111,3 göterime, gön önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 109,9 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 115,3 göterim ýerine ýetirildi.

Ýanwar — oktýabr aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 249 sany birža söwdasy geçirilip, 31 müň şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işler boýunça 114,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe 16 sergi we 50 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça on aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 172,5 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 109,9 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini giňeltmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Gyş paslynyň golaýlaşmagy bilen baglylykda, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamak, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezlik möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň arassa pagtadan hem-de ýüpekden dokma önümleriniň görnüşlerini giňeltmäge hem-de möçberini durnukly artdyrmaga mümkinçilik berýändigini aýdyp, wise-premýere bu pudagyň kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak, taýýar önümleriň täze görnüşlerini öndürmek ugrunda netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, obasenagat toplumynda özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ählihalk bag ekmek dabarasyna, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,8 göterim boldy. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 104 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 105,4 göterime deň boldy. Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 147,9 göterim ýerine ýetirildi.

Gök önümleri öndürmegiň meýilnamasynyň 118 göterim, bakja önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 110,1 göterim, çörek we çörek önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 105,3 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi. Häzirki wagtda möwsümleýin işleriň çäklerinde bugdaý ekişi dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar. Ählihalk bag ekmek dabarasyna, şeýle-de noýabryň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde geljek ýyla taýýarlyk işleriniň başlanandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda ýokary hasyl almak üçin ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek tabşyryldy. Şunuň bilen birlikde, wise-premýer B.Atdaýew bilen bilelikde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri çykarmak boýunça işi dowam etdirmek barada görkezme berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere gök-bakja önümleriniň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň önümçiligini artdyrmak, ekin meýdanlaryny giňeltmek meselelerine seretmegi, olaryň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny azaltmak, içerki bazarlary özümizde öndürilýän harytlar bilen doly üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle-de ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça netijeli işleri amala aşyrmak barada görkezme berildi.

Döwlet Baştutanymyz Hasyl toýuny hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin möhüm çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, okuw-usulyýet işiniň kämilleşdirilmegine, häzirki zaman ylmy-usulyýet we hukuk binýadynyň kemala getirilmegine gönükdirilen toplumlaýyn işler geçirildi. Okuw meýilnamalary we maksatnamalary kämilleşdirildi, kitaplar, gollanmalar neşir edildi. Talyplar we mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, medallara mynasyp boldular.

Bilim ministrliginiň düzüminde ýaşlar syýasaty bölümi döredildi. Ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny açmak, iri ylym-bilim merkezleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we täze mazmun bilen baýlaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Şu ýylyň 16 — 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Bilim ulgamyny özgertmek boýunça ählumumy sammit geçirildi. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde, Türkmenistanyň bilimi özgertmäge ygrarlydygy baradaky Milli beýannamasy hem-de milli geňeşmeler baradaky hasabaty sammitiň Sekretariatyna berildi.

Ýylyň başyndan bäri “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guramaçylykly geçirildi. “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy. Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň (IASP) agzalygyna kabul edildi. “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary” atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek boýunça degişli işler geçirildi.

Garalýan döwürde bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler dowam etdirildi. Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylmagy ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmaga we hilini düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

Şeýle-de sportuň ösdürilmegine we türgenleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen çäreler dowam etdirildi. Halkara sport ýaryşlarynda 341 medal gazanyldy, olarda üstünlikli çykyş eden türgenlere dabaraly ýagdaýda sylaglar gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirilip, onda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň many-mazmunyny düşündirmek boýunça işler yzygiderli alnyp baryldy, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen ylmy-amaly maslahatlar, beýleki çäreler guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, ilatly ýerleriň mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar hem-de beýleki saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleri bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle hem milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, şol sanda medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli, dürli medeni çäreler, dabaraly maslahatlar, söhbetdeşlikler, mediaforumlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler we beýleki çäreler geçirildi. Wagyz-nesihat işleri dowam etdirildi. Dürli bäsleşikler guraldy.

Halkara medeni hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNESKO bilen bilelikde işler geçirildi, türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde iş saparlarynda bolup, geçirilen halkara medeni çärelere, maslahatlara, sergilere we okuwlara gatnaşdylar. Hasabat döwründe Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Saratow Döwlet konserwatoriýasynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe duşuşyklar hem-de ussatlyk sapaklary geçirildi. Şeýle hem şu ýylyň 30-njy iýunynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň ABŞ-ly kärdeşleri bilen bilelikde döreden saz eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu teatrda 25-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň “Ural” döwlet tans toparynyň konserti boldy.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda döwlet derejesinde dürli dabaralar we çäreler geçirildi. Şu ýylyň oktýabr aýynda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrunda nobatdaky bäsleşik yglan edildi. Onuň jemleri 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlener.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň 20-21-nji oktýabrda ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň barşynda “Daşkent” dynç alyş seýilgähi açyldy, bu şanly waka mynasybetli dürli medeni-köpçülik çäreleri guraldy. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Kinematografiýa baradaky agentliginiň arasynda kino önümçiligi ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenabat şäherinde “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal geçirildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzda geçirilen dürli wakalar we Watanymyzyň gazananlary giňden beýan edildi. Döwlet maksatnamalaryndan hem-de konsepsiýalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işler dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda öňde boljak baýramçylyklar hem-de şanly seneler mynasybetli medeni çäreleriň giňden beýan edilmegine has döredijilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek gerek, şunda özüne çekiji, gyzykly gepleşikler we materiallar taýýarlanylmalydyr, şeýle hem mynasyp ýokary derejeli işgärleri ýetişdirmek, zehinli hünärmenleri ýüze çykarmak ugrunda degişli işler amala aşyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyla bagyşlanan çärelere göwnejaý taýýarlyk görmegiň we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde, obalarda baýramçylyk dabaralaryny we konsertleri, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramagy, Täze ýyla çenli galan wagtyň dowamynda geljek ýylyň iň gowy şygaryny we nyşanyny döretmek boýunça bäsleşigi geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,7 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 109,4 göterim we ýolagçy gatnawlary boýunça meýilnama 104,3 göterim ýerine ýetirildi.

Ýanwar — oktýabr aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 129,5 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 175,2 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 110,6 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,7 göterime deň boldy.

Welaýat merkezlerinde täze awtomenzilleriň açylandygy barada habar berildi. Şeýle hem elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançasynyň, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde angarlar toplumynyň, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde welaýat boýunça ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara binasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüsiniň gurluşyklary dowam etdirilýär. Logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň birnäçesi bilen üstaşyr ulag hem-de logistika meseleleri boýunça iş toparlary döredildi, olaryň çäklerinde duşuşyklar geçirildi.

Ýylyň başyndan bäri Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahat, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahat geçirildi. Forumlara birnäçe daşary döwletleriň, şeýle hem halkara guramalaryň, ýöriteleşdirilen düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgeleriniň ygtybarlylygy üçin amatly şertleriň döredilmeginiň biziň ýurdumyzy yklymara ugurlar boýunça möhüm halkara merkeze öwürýändigini belledi. Şunuň bilen birlikde, Bitarap Watanymyz üstaşyr ulag geçelgeleri ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlemek bilen, ählumumy ähmiýetli möhüm teklipleri öňe sürýär.

Döwlet Baştutanymyz ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek hem-de logistikany ösdürmek, ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçy we ýük gatnawlary ulgamynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşlerini ýola goýmak meselelerine ünsi çekdi. Ulag toplumyny ösdürmek wezipeleri geljekde-de biziň syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şeýle hem hasabatyň dowamynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. Bu halkara forumy 10-11-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Foruma ýurdumyzyň we daşary döwletleriň alymlarynyň, bilermenleriniň hem-de işewürleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahatyň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny, taslamalaryny ýurdumyzyň maglumat-telekommunikasiýa ulgamyna çekmek, kosmos tehnologiýalary, sarp edijileri ygtybarly hem ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alýar. Öňde goýlan wezipelere ýetmek, innowasion-programma üpjünçiligini, startaplary işläp taýýarlamak hem-de ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen, nobatdaky “Sanly çözgüt — 2022” bäsleşiginiň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär. Bu bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hünärmenleri gatnaşyp, öz taýýarlan 240-dan gowrak taslamasyny hödürlediler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmentel — 2022” atly ХV halkara serginiň we ylmy maslahatyň geçirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, bu forumyň ýurdumyzda maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar ulgamynda gazanylan üstünlikleri açyp görkezmäge, ulgamy ösdürmegiň meýillerini hem-de geljekki mümkinçiliklerini kesgitlemäge, Türkmenistanyň öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegine ýardam bermelidigini belledi. Forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ministrligiň geçen on aýyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda, toplumlaýyn işler geçirildi.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň döwlet, resmi we iş saparlarynyň altysyny — Russiýa Federasiýasyna, Eýran Yslam Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna hem-de Gazagystan Respublikasyna saparlary amala aşyrandygy bellenildi. Şeýle-de ýurdumyza Hindistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň we Gruziýanyň Premýer-ministriniň saparlary boldy. Hormatly Prezidentimiz birnäçe döwletiň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu maksat bilen, ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň parlament wekiliýetleriniň daşary ýurtlara 14 sapary amala aşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, 12-nji maýda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy möhüm ähmiýetli waka boldy.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 141 wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geldi. Şol döwürde ýurdumyzdan daşary ýurtlara 273 wekiliýet ugradyldy. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 1 müň 669-sy geçirildi. Daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen Türkmenistanda resmi gepleşikdir duşuşyklaryň 386-sy guraldy. Şu geçen döwürde halkara resminamalaryň 142-sine gol çekildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklar hem-de geňeşmeler yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny, ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça çäreler görülýär. Hasabat döwründe bilelikdäki hökümetara toparlaryň mejlisleriniň hem-de olaryň başlyklary bilen duşuşyklaryň ençemesi guraldy. “Türkmenistanyň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň Maksatnamasyny”, “Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny” hem-de söwda, ykdysadyýet we maýa goýumlary ulgamlaryna dahylly beýleki möhüm resminamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işler geçirildi. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalyga girmegi üçin ýurdumyzyň döwlet edaralary we ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen bilelikde taýýarlyk işleri amala aşyrylýar. BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin agzasy hökmünde Türkmenistan onuň çäklerinde degişli işlere başlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministrine hem-de beýleki wise-premýerlere ýüzlenip, şu ýylyň ahyryna çenli geçirilmegi meýilleşdirilen, ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen iri halkara çärelere, döwlet Baştutanlarynyň saparlaryna, maslahatlara ünsi çekdi. Möhüm ähmiýetli wakalaryň hatarynda Halkara Bitaraplyk güni hem bar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu çärelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýylyň başyndan bäri milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň jemleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. 2022-nji ýylyň on aýynyň dowamynda Mejlisiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 38-si, şeýle-de Mejlisiň kararlarynyň 21-si kabul edildi. Döwlet Maslahatynda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, beýleki birnäçe kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işi dowam edýär.

Ýylyň başyndan bäri Mejlisde dünýä ýurtlarynyň birnäçesiniň parlamentleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan duşuşyklaryň 28-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça guralan okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirildi.

Mejlisiň deputatlary Halk Maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde wagyz işlerini geçirýärler. Ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralaryna guramaçylyk we usulyýet taýdan kömek bermek maksady bilen, birnäçe çäreler guraldy.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işler barada maglumat berdi. Milli Geňeşiň düzüminde döredilen iş toparlarynda geňeşmeler hem-de dürli ulgamlara degişli kanunçylyk namalary boýunça seljerme işleri geçirildi. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, Halk Maslahatynda Mejlisiň we degişli döwlet edaralarynyň, ylmy guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan hukuk-bilermenler topary tarapyndan hem degişli işler alnyp baryldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 3 mejlisi geçirildi. Olaryň barşynda Mejlis tarapyndan kabul edilen kanunçylyk namalary tassyklanyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow raýatlarymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, ýaşamagy, dynç almagy, bilim almagy we saglygyny berkitmegi üçin amatly şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berip, ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda boldy. Gahryman Arkadagymyz gurluşykçylar, daýhanlar, saglyk we bilim ulgamynyň işgärleri, ýaşlar, ýaşaýjylar bilen duşuşyp, hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek babatda täze wezipeleri öňde goýdy.

Şu ýylyň 22-nji oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde ýurdumyzyň dolandyryş-çäk birliklerine seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Onuň barşynda degişli teklipler öňe sürüldi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Täze taryhy eýýamda türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde parlamentara diplomatiýany ösdürmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň agzalary halkara çäreleriň birnäçesine gatnaşdylar, daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.

Şu ýylyň 1 — 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny, hususan-da, parlamentara hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň umumy mejlisine gatnaşdylar. Onda Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk syýasatyna ygrarly Garaşsyz Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugry bolup durýan parlament diplomatiýasyny ösdürmek, şeýle hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň beýleki ugurlary barada çykyş etdi. Hormatly Arkadagymyzyň çykyşy uly gyzyklanma döretdi we russiýaly kärdeşler tarapyndan goldawa mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara bileleşikde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy başlangyçlarynyň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Saparyň jemleýji gününde Kremlde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni gowşuryldy. Munuň özi hormatly Arkadagymyzyň ählumumy parahatçylygy berkarar etmäge, Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly goşandynyň ykrary boldy. Amala aşyrylan saparyň üstünligi we netijeli häsiýete eýe bolmagy tutuş adamzadyň bähbidine dünýäniň ähli ýurtlary, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň tagallalarynyň doly ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny hem-de amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleriň örän wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Milli Geňeşiň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran saparynyň netijelerine ýokary baha berip, onuň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň we çözgütleriň, ilkinji nobatda, Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara topary döretmek hakynda gol çekilen Ylalaşygyň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu möhüm resminama diňe bir iki ýurduň parlamentleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin däl, eýsem, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny giňeltmek işinde hem uly mümkinçilikleri açýar.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Nygtalyşy ýaly, jemi içerki önümiň 6,2 göterim ösüş derejesini saklap galmagy başardyk. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Bellenen meýilnamalara laýyklykda, 61 sany iri desga açylyp ulanmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de birnäçe desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, öndürilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de önümleriň eksport ugurlaryny giňeltmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Daşky gurşaw bilen bagly meseleler Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň hemişe üns merkezinde durýar. Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda olaryň köpüsi boýunça başlangyçlar öňe sürülýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şenbe güni ýurdumyzda nobatdaky ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini belledi.

Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
05.12
Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
05.12
Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary boýunça halkara maslahat
05.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
04.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.12
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
04.12
Hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi
04.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy
04.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
top-arrow