Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 06.08.2025
2892

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilýän halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de şu saparyň üstünliklere beslenip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bildirilen myhmansöýerlik hem-de çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, Awazada geçirilýän halkara maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüşi we ählumumy ykdysady gatnaşyklara goşulyşmagy babatda täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasynda daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Bu babatda Türkmenistan Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär.

“Biz diňe ikitaraplaýyn däl-de, eýsem, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy goldaýarys. Siziň ýurduňyzyň geografik taýdan ýerleşişi (ada) we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen baglylykda, bu ugurda anyk işler durmuşa geçirilip bilner” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Prezident Karluş Manuel Wila-Nowanyň saparynyň dowamynda San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty, önümçilik we eksport mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşjakdygyny belläp, geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk teklipler bolan ýagdaýynda, ýurdumyzyň olary goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa şu günki gepleşikleriň iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň berk binýadyny döretjekdigine, şeýle hem ählumumy başlangyçlaryň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
26.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
top-arrow