Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen alabaýlary — milletimiziň buýsanjy we köpasyrlyk mirasy
Jemgyýet
Türkmen alabaýlary — milletimiziň buýsanjy we köpasyrlyk mirasy
Çap edildi 30.10.2022
2994

Şu gün Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda guralan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzyň milli senenamasynda orun alan iň täze baýramdyr. 2021-nji ýylda bu sene ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenildi. Bu ýyl bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, ol ilkinji gezek aýratyn baýram hökmünde bellenilýär.

Itleriň meşhur tohumyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň many-mazmunynyň örän köpdürlüdigi hem-de geriminiň giňdigi sebäpli, bu dabaralar bir gün bilen çäklenmän, tutuş hepdeläp dowam etdi. Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde itşynaslygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, sergiler we alabaýlaryň keşbini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly çykyşlar, itleriň bu tohumynyň dünýäde şöhratynyň ýokarlanmagyna, ýurdumyzda itşynaslygyň ösdürilmegine we has-da kämilleşdirilmegine ýardam edýän beýleki medeni çäreler geçirildi.

Şu gün Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda guralan dabaralar türkmen alabaýynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň esasyny düzdi. Bu ýerde türkmen toýuna mahsus bolan aýdym-sazlar ýaňlandy, ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlary çykyş etdiler.

Baýramçylyk çärelerine Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň ilçileri, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzalary, bu ugurda uly üstünlik gazanan itşynaslar, hünärmenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Myhmanlary ýurdumyzyň şöhratly geçmişini hem-de häzirki döwürde amala aşyrylýan özgertmeleri wasp edýän döredijilik toparlary, bagşy-sazandalar köpöwüşginli çykyşlary bilen garşylaýarlar. Bu ýerde türkmen alabaýyna bagyşlanan muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş, amaly-haşam eserleriniň hem-de fotosuratlaryň sergisi guraldy.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň sanynyň köpeldilmegine hem-de seçgiçilik işleriniň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Itleriň biziň günlerimize çenli gelip ýeten bu kämil tohumynyň taryhyny, olaryň aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek, türkmen alabaýlarynyň gymmatly genofondyny kemala getirmek, itşynaslygyň umumy medeniýetini ýokarlandyrmak, onuň usulyýet üpjünçiligi üçin ähli şertler döredildi. Milli itşynaslygyň ajaýyp ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde, türkmenleriň müňýyllyklaryň dowamynda wepaly hemrasy bolan alabaýlary Ýer ýüzünde giňden wagyz etmekde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna aýratyn orun degişlidir. Ýakynda türkmen paýtagtynda bu guramanyň ikinji mejlisi geçirildi.

Geçen ýylda bu pudaga degişli birnäçe häzirki zaman desgalarynyň — Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynyň, Ahal welaýatynda karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkezleriniň açylmagy bu ugurdaky işleriň döwlet tarapyndan goldanylýandygynyň, tohum itleri ösdürip ýetişdirmek boýunça toplumlaýyn düzümleri ösdürmegiň ýolunda alnyp barylýan giň gerimli we yzygiderli işleriň subutnamalarydyr. Şunda alabaýlary ösdürip ýetişdirmäge, alabaýlaryň neslinde olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga hem-de berkitmäge bildirilýän ähli talaplar göz öňünde tutulyp, seçgiçi hünärmenleriň, zootehnikleriň, weterinarlaryň amatly şertlerde we netijeli işlemekleri üçin ähli şertler döredilendir.

Türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny, dünýä medeniýetiniň gaýtalanmajak bölegi hökmünde onuň ähmiýetini wagyz etmek, ýurdumyzyň itşynaslyk pudagyny kämilleşdirmek, onuň halkara pudaklaýyn giňişlige işjeň goşulyşmagy boýunça durmuşa geçirilýän çäreler giň ählihalk goldawyna eýe bolýar. Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy (ÝUNESKO) hem-de beýleki iri düzümler, şol sanda daşary ýurt assosiasiýalary, ýuridik taraplar, dünýäniň dürli döwletleriniň hususy itşynaslary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Häzirki wagtda türkmen däp-dessurlaryny adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, alabaýlar türkmen halkynyň buýsanjy, wepaly hemralary bolup durýar. “Geljekde-de ýurdumyzda itçilik pudagyny ösdürmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara tejribe alyşmaga, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, itşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmaga döwletimiz tarapyndan uly üns berler” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişe Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, türkmen alabaýynyň janköýerlerine we mähriban halkymyza iberen Gutlagynda nygtalýar.

Häzirki döwürde gaýduwsyz alabaý Watanymyzyň düýpli özgertmeler we ösüşler ýolunda gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň hakyky nyşanyna öwrüldi. Wepaly atly alabaýyň keşbiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili bolmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Türkmen paýtagtynyň şaýollarynyň birini bezeýän alabaýyň uly heýkeli türkmen halkynyň taryhynda we medeniýetinde aýratyn orun eýeleýän bu ajaýyp itleriň gaýduwsyzlygyna, wepalylygyna goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan itşynaslygyň şöhratly milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Türkmenleriň wepaly dostlaryna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreleriniň hatarynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşik aýratyn orny eýeleýär. Bu köpöwüşginli bäsleşigiň maksady türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamak, dünýäde wagyz etmek bilen baglanyşykly işleriň ylmy esasda kämilleşdirilmegine, milletiň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen itleriň bu tohumyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilendir.

Bäsleşik iki tapgyrda geçirildi hem-de itleriň bu täsin tohumynyň iň gowy häsiýetlerini açyp görkezmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň 20-sinden jemleýji tapgyra 10-sy gatnaşmaga hukuk gazandy. Şu gün olar “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” adyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyna mynasyp bolmak ugrunda bäsleşdiler.

Beden gurluşy, daşky keşbi bilen haýran galdyrýan alabaýlar yzly-yzyna syn ediş meýdançasyna çykarylýar. Eminler we tomaşaçylar üçin itleriň ady, ýaşy, nesil ugry baradaky maglumatlar aýdylýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan alabaýlar belli bir nesil ugurlaryna degişlidir, olary synlan köp sanly janköýerler alabaýlara mahsus bolan aýratynlyklara baha bermäge mümkinçilik aldylar. It eýeleri uly buýsanç bilen öz wepaly hemralarynyň aýratynlyklaryny görkezdiler. Alabaýlaryň beden gurluşy kämilligi bilen haýran galdyrýar. Uly kellesi, kuwwatly boýny, giň döşi, aýaklarynyň berkligi, dem alyş ulgamynyň ösenligi olaryň häsiýetli aýratynlygydyr. Alabaý ynamly gadamy hem-de asuda durky bilen janköýerlerini bendi edýär.

Soňra bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň başlanandygy yglan edilýär. Tomaşaçylar alabaýlaryň diňe bir täsin beden gurluşyna däl-de, bäsleşigiň barşynda görkezen gaýduwsyzlygyna hem-de başarnyklaryna baha bermäge hem mümkinçilik aldylar. Olaryň öňünde anyk wezipeler, şol sanda päsgelçilikli zolaklary ýeňip geçmek wezipeleri goýuldy. Päsgelçiliklerden geçilende, tizlik we dürslük görkezijileri hasaba alynýar. Bu çekeleşikli görnüşler baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça eminler toparynyň çözgüdi yglan edildi. Şeýlelikde, “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” adyna Içeri işler ministrligine degişli Goňurhan atly alabaý mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Ý.Töräýew, alabaýyň idedijisi esger G.Aşyrow. Bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — “Toyota Camry” kysymly awtoulag, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy. Türkmen halkynyň asylly däbine laýyklykda, täze awtoulaga alaja daňyldy we un sepildi.

G.Aşyrow alabaý tohum itleriniň ýetişdirilmegi ugrunda tagallalar üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallygyny beýan etdi we türkmen itşynaslarynyň bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyrdy.

Şeýle-de bu ýerde türkmen alabaýynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, çaphana önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.

Mertligi, wepalylygy, güýç-kuwwaty, hoşniýetliligi, sadalygy alamatlandyrýan alabaýyň keşbi halkymyzyň düşünjesinde wepaly dosty bilen geçen uzak taryhy ýoluň dowamynda kemala geldi. Munuň şeýledigine arheologlar tarapyndan tapylan gadymy şekiller hem şaýatlyk edýär. Altyndepe we Goňurdepe ýaly meşhur ýadygärliklerde dürli ýyllarda gulagy, guýrugy kesilen itleriň terrakot şekilleri tapyldy. Gadymy Nusaýda tapylan parfiýa ritonlarynyň birinde uly itiň şekilini görmek bolýar. Aşgabadyň muzeýlerinde itleriň ýerli tohumynyň dürli asyrlarda we dürli senetçilik merkezlerinde döredilen beýleki heýkel şekilleri hem saklanylýar. Daňdanakandan tapylan alabaý güjüginiň kiçijik faýans heýkeljigi-de täsin arheologik tapyndylaryň biridir. Bu şekil türkmen alabaýynyň aýratynlyklaryny inçelik bilen beýan edip, itleriň bu tohumynyň müňýyllyklaryň dowamynda saklanyp gelendigine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň başynda güýzki arheologik möwsümiň dowamynda ýüze çykarylan tapyndylar, hususan-da, alabaýyň taryhy yzlary bilen baglanyşykly, ýagny gadymy türkmen halylarynyň göllerindäki şekilleri bilen baglanyşykly maglumatlar halk köpçüligine ýetirildi.

Ýanwar aýynyň soňky ongünlüginde ýurdumyzda geçirilen “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan alabaýa bagyşlandy. Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýaýbaňlandyrylan sergi alabaýyň asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň durmuşynda uly orun eýeländigini görkezdi.

Elbetde, türkmen alabaýy ýaly tebigatyň we adam zehininiň döreden gözelligi nusgawy edebiýatda hem-de halk döredijiliginde, şol sanda nakyllarda, dessanlarda, şadessanlarda, häzirki zaman türkmen edebiýatynda öz beýanyny tapýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen we özünde alabaý tohumynyň gelip çykyşy baradaky taryhy, arhiw we köpýyllyk ylmy-barlag maglumatlary jemleýän “Türkmen alabaýy” atly eseri aýratyn orun eýeleýär.

Alabaý türkmen medeniýetiniň we mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde sungatyň dürli görnüşleriniň wekillerini ajaýyp eserleri döretmäge ruhlandyrmagyny dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça hem-de Permanyna laýyklykda yglan edilen döredijilik bäsleşigi halyçylara, heýkeltaraşlara, fotosuratçylara, çaphana işiniň hünärmenlerine we teleoperatorlara türkmeniň wepaly dostuna bagyşlanan eserleri döretmäge mümkinçilik berdi. Bu akylly jandaryň ajaýyp häsiýetini we türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän ägirt uly ornuny açyp görkezmek bäsleşigiň baş maksadydyr.

Surat eserlerinde alabaý dürli görnüşlerde: otluk meýdanda, aw edýän wagty, oba durmuşynda, çagalar bilen, goýun sürüsiniň ýanynda görkezilipdir. Alabaýyň çydamlylyk, ygtybarlylyk, gaýduwsyzlyk, eýesine wepalylyk, maşgalanyň ähli agzalaryna hoşniýetlilik ýaly ajaýyp häsiýetleri çeperçilik bilen beýan edilipdir. Ajaýyp alabaýlaryň keşbi halylarda, nepis şaý-seplerde, nagyşly küýzegärlik önümlerinde, metalda we daşda, agaçda, beýleki materiallarda, sowgatlyk önümlerinde hem-de fotosuratlarda janlandyrylypdyr. Şunda her bir eser öz äheň aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Käbir eserler inçeligi we fotografik takyklygy bilen haýran galdyrýar, käbirlerinde bolsa sungatyň dürli ugurlary utgaşdyrylypdyr. Olaryň hatarynda çaphana önümlerini görkezmek bolar. Olar kompýuter dizaýnerleriniň hem-de fotosuratçylaryň bilelikdäki işiniň netijeleridir.

Bäsleşige meşhur ussatlar bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam basan suratkeşler, grafikaçylar, heýkeltaraşlar, haly we kilim, keramika suratkeşleri, fotosuratçylar gatnaşdylar. Olaryň eserleri baýramçylygyň öň ýanynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýaýbaňlandyrylan sergide ýerleşdirildi. Türkmen alabaýynyň keşbi şekillendirilen iň gözel haly, türkmen alabaýynyň iň gowy çeperçilik şekili, türkmen alabaýynyň iň gowy heýkeli, türkmen alabaýynyň şekili ýerleşdirilen iň gowy çaphana önümi — senenama, türkmen alabaýynyň batyrgaýlygyny açyp görkezýän telewizion sýužet ugurlary boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy.

Düzümine uly tejribesi bolan ugurdaş hünärmenler girýän eminler toparynyň çözgüdini yglan etmegiň wagty gelip ýetýär. Eminler toparynyň başlygyna söz berilýär. Ol ýygnananlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleri, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge ýardam berýän bu ajaýyp baýramyň döredilendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirýär.

Soňra türkmen alabaýynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, çaphana önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.

Şunlukda, Aşgabat çeperçilik halyçylyk kärhanasynyň suratkeşi A.Gulberdiýewe “Türkmen alabaýy” atly haly eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň grafika kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby M.Jumaýewe “Türkmen alabaýy” atly nakgaş eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby S.Jumaýewe “Edermen türkmen alabaýy” atly heýkel eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň halyçylyk sungaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby A.Gutlyýewe “Türkmen alabaýlary kalendary” atly neşir işi; Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň teleradioýaýlymlar bilen işlemek boýunça bölümçesiniň serkerdesi, podpolkownik Ş.Garýagdyýewe “Türkmen alabaýy” atly wideoşekili üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar hem-de degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ýeňijileri ýerine ýetiren işlerine ýokary baha berlendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de öz döredijiliklerinde türkmen alabaýynyň keşbini janlandyrmak bilen, onuň dünýädäki şöhratyny artdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. Olar döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra meşhur artistleriň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar aýdym-sazly kompozisiýalarda türkmenistanlylaryň belent buýsanç we bagtyýarlyk duýgularyny beýan etdiler.

Şu günki baýramçylyk çäreleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň müňýyllyklara uzaýan milli däplerine daýanyp, iri halkara itşynaslyk merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrýandygyny ýene-de bir gezek açyp görkezdi. Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzyň iri şäherlerini we obalaryny gurşap alyp, halkymyzyň öz medeni mirasyna aýawly garaýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow