Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumy we “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi
Jemgyýet
“Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumy we “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi
Çap edildi 11.10.2022
2489

Şu gün Söwda-senagat edarasynda “Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumy we “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi açyldy. Paýtagtymyzyň häkimligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guran çäresi Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde geçirilýär.

Türkmenistanyň 1993-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) doly hukukly agzasy bolup durýandygyny bellemek gerek. BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy medeni ýadygärlikleri we tebigy landşaftlary aýawly saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýär, ählumumy gymmatlyklara, her bir halkyň baýlyklaryna hormat goýmaga esaslanýan açyk gatnaşyklar üçin şertleri döretmegiň üstünde işleýär. Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi diňe bir halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde türkmen paýtagtynyň hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň dünýäniň şäherleri bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmäge hem mümkinçilik berer. Şol şäherler medeniýete we döredijilige durmuş-ykdysady ösüşiň strategik ugry hökmünde garaýarlar.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gözden geçirilişiň resmi bölüminiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň döredijilik toparlary çykyş etdiler. Olaryň çykyşlary çäräniň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda häzirki döwürde ak mermerli Aşgabadyň “Aziýanyň merjen şäheri” diýen ykrarnama eýe bolandygy we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülendigi bellenilýär.

“Milli öwüşginli taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän köp sanly desgalarynyň halkara derejede mynasyp ykrarnama eýe bolmagy paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigine şäheriň birnäçe desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagy hem doly şaýatlyk edýär” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.

Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň ylmy we bilimi ösdürmek, medeniýet hem-de milli mirasy aýawly saklamak ulgamynda ÝUNESKO bilen köpugurly gatnaşyklaryny beýan edýän ekspozisiýalar ýerleşdirildi. Ägirt uly monitorlar, yşykly bannerler ornaşdyrylan diwarlyklarda häzirki zaman türkmen megapolisiniň durmuşynyň giň ugurlary görkezildi.

Gözden geçirilişe eksponentleriň onlarçasy, şol sanda binagärlik we gurluşyk ulgamynda ýöriteleşdirilen meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň türkmen paýtagtynda amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli taslamalara gatnaşmaga gyzyklanmasy, ilkinji nobatda, Aşgabadyň döwrebap, okgunly ösýän şäheriň täsin nusgasyny özünde jemleýändigi bilen şertlendirilendir. Paýtagtymyzda gözellik we amatlylyk, binagärligiň, inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary, milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri hem-de türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşynyň aýratynlyklary sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi desgalaryň taslamalaryny işläp düzüjileriň öňünde gyzykly döredijilik wezipelerini goýýar.

Türkmen bazarynda özlerini öňdebaryjylaryň hatarynda görkezen daşary ýurtly hyzmatdaşlar — “Gap Inşaat”, “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi we Tijaret A.Ş.” türk kompaniýalary bu babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça mümkinçiliklerini görkezýärler we tekliplerini öňe sürýärler. Sergi şekilleri Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini hem-de olaryň dürli pudaklaryň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, raýatlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmaga goşýan saldamly goşantlaryny aýdyňlyk bilen görkezýär.

Ýaýbaňlandyrylan işleriň giň gerimliligini beýan etmek üçin sergide edara binalarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanly nusgalarydyr çyzgylary ýerleşdirildi. Bu ýerde görkezilýän innowasion taslamalaryň aglabasy şäher giňişliginiň mundan beýläk-de maksatlaýyn, düzümleýin we estetik ösüşini syn etmäge mümkinçilik berýär. Şäher giňişliginde binagärleriň, taslamalary işläp taýýarlaýjylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň täsin pikirleri jemlenýär.

Ýurdumyzyň telekeçileri hem-de hususy haryt öndürijileri şäher gurluşygynda we halk hojalyk toplumynyň beýleki ulgamlarynda ― poligrafiýadan başlap, dokma we mebel önümçiligine çenli eýeleýän orunlaryny has-da berkidýärler. Olar senagat, binagärlik, kompýuter dizaýny ugurlary boýunça öz mümkinçiliklerini giňeldýärler. Şu sergide “Çigildem”, “Aýbölek”, “Ýaşyl ýyldyrym”, “Meşhur interiors”, “Erjel Begenç” ýaly hususy kärhanalar we beýlekiler öz önümleridir hyzmatlaryny hödürlediler.

Dokma senagaty ministrliginiň diwarlyklarynda Türkmenistanyň esasy eksport ugurly pudaklarynyň biriniň harytlary görkezilýär. Nah matalaryň, tikin we trikotaž önümleriniň köp görnüşleri ýokary hilliligi, milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Senetçiler — halyçylar we dutar ýasaýan ussalar, zergärler milli medeniýetiň özboluşlylygyny beýan edýän serginiň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. Olar şu ýerde öz ussatlyklaryny hem-de başarnyklaryny aýdyňlyk bilen görkezmegi dowam etdirdiler.

Paýtagtymyzyň häkimliginiň pawilýonlary häzirki wagtda şäheriň seýilgählerini we köçelerini bezeýän ajaýyp gülleriň, ýaşyl baglaryň köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar. Şu ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly şygary bilen baglylykda, özleriniň binagärlik çözgütleri we bezegi bilen ünsüňi çekýän Aşgabadyň edara binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň şekillerini görmek bolýar. Şol şekiller Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Döwlet çeperçilik akademiýasy, Türkmenistanyň Dizaýnerler birleşigi tarapyndan hödürlenildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlyklary hem bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Bu gulluk ýurdumyzda öndürilýän neşirýat önümlerini görkezýär. Diýarymyzda meşhur nusgawy ýazyjy-şahyrlaryň eserlerini, çagalar üçin niýetlenen çeper edebiýatlary, şol sanda terjime edilen eserleri çap etmäge aýratyn orun berilýär. Binagärlik, mahabat we dizaýn işi bilen meşgullanýan “Özgertme”, “Ýurt taslama”, “Eşret Mahabat” hususy kärhanalary hem-de “Şekil” tikinçilik öýi halkara gözden geçirilişe ilkinji gezek gatnaşýarlar. “Dizayn Plus” döredijilik birleşigi bu ýere gelenleri milli öwüşginli sowgatlyk önümleri bilen begendirdi. Görkezilýän önümleriň hatarynda mebel önümçiligi hem bar. Bu ýerde jaýlaryň içki bezegleriniň özboluşly çözgütleri hödürlenilýär.

Serginiň çäklerinde Aşgabadyň Modalar öýüniň hem-de ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň synag önümhanalarynyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze lybaslaryň toplumy görkezildi. Öz işiniň ussatlarynyň döredijilik joşguny hem-de zehini bilen döredilen lybaslar milli egin-eşikleriň gadymdan gelýän däplerini, döwrebap ýörelgeleri özünde jemläp, türkmen matalarynyň ýokary hiliniň iň gowy mahabaty bolup durýar.

Günüň ikinji ýarymynda “Dizaýn — 2022” forumy geçirildi. Oňa ýaş we tejribeli binagärler, şäher gurşawynyň dizaýn ulgamynda işleýän hünärmenler, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşyga daşary ýurtlardan gatnaşýanlaryň hatarynda Türkiýeden, ABŞ-dan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan wekiller bar. Şäherleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek işinde hem-de olaryň maýa goýumlar babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmakda binagärligi we dizaýny netijeli ulanmak üçin şertleri döretmek şu forumyň esasy meseleleriniň biridir.

Çykyşlarda tutuş ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly gurluşyklaryň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredijilikli, durmuş ugurly syýasatynyň aýdyň subutnamasydygy bellenildi. Şol syýasat türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, şäherdir obalarda halkara ülňülere laýyk gelýän zerur bolan düzümi döretmäge gönükdirilendir. Eziz Watanymyzyň ak mermerli paýtagty ýurdumyzyň kuwwatynyň barha artýandygynyň, amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň mysalydyr. Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini has-da berkidýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu işde hyzmatlary örän uludyr. Paýtagtymyzy ösdürmekdäki hyzmatlaryny, ýurdumyzyň şäher gurluşygyna goşan ägirt uly goşandyny nazara almak bilen, Gahryman Arkadagymyza “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly at dakyldy.

Aşgabadyň ösdürilmegi, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, onuň düzüminiň kämilleşdirilmegi durmuşa geçirilýän şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tanalmaz derejede özgerýän paýtagtymyzyň häzirki keşbinde Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Çykyş edenler ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyp, Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk esasynda halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ilerletmäge ygrarlydygyny nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek baradaky maglumat diňlenildi, şeýle-de bu ugurda gazanylan netijeler we geljekde ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu tor gatnaşyjy şäherleriň aň-paýhas babatdaky gatnaşyklarynyň möhüm guraly bolmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin döredijilik we innowasion kuwwaty goldamaga umumy çemeleşmäni şöhlelendirýär, medeniýet we sungat ulgamynda tejribe alyşmaga, bilelikdäki halkara taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bellenilişi ýaly, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda geçirilýän bu forum we halkara sergi pudagara derejede hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri döredip, işiň möhüm ugurlaryny kesgitleýär, türkmen telekeçileriniň we döredijilik işgärleriniň daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze gatnaşyklary ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga ýardam edýär.

Çykyşlarda 1988-nji ýyldan bäri hereket edýän Türkmenistanyň Dizaýnerler birleşiginiň dizaýnerleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, degişli taslamalary durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmäge, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de bu ulgamda ýaş hünärmenleri taýýarlamaga çalyşýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şäher gurluşygy meselelerini çözmäge oýlanyşykly çemeleşmegi netijesinde, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin hem, ýaş ugurdaş hünärmenler üçin hem özboluşly pikirleri amala aşyrmak babatda uly mümkinçilikler döredildi.

Şu ýyl özüniň esaslandyrylmagynyň 141 ýyllygyny bellän ak mermerli paýtagtymyzyň häzirki wagtda “Merkezi Aziýanyň merjeni” diýlip atlandyrylýandygy bellärliklidir. Aşgabat sebitiň iri syýasy, işewürlik, medeni we sport merkezi bolmak bilen, okgunly ösýän şäheriň — geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Aşgabady medeni merkez hökmünde göz öňüne getirmek “şäher dizaýny” diýen düşünje bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu özboluşly düşünje şäherlileriň paýtagtymyzyň ekologiýasyna we abadançylygyna aýawly garamak baradaky duýgusyny birleşdirýär. Nygtalyşy ýaly, şähergurluşyk syýasaty adamzat işiniň beýleki käbir ulgamlary ýaly, döredijilikli çemeleşmäni talap edýär.

Çykyş edenler paýtagtymyzy sazlaşykly ösdürmek hem-de ony senagat kuwwaty, öňdebaryjy tehnologiýalar, durmuş düzümi bilen üpjün etmek meselelerine ünsi çekip, Aşgabadyň BMG-niň, hususan-da, ÝUNESKO-nyň forumlaryny geçirmek üçin ygtybarly meýdança bolup hyzmat edýändigini bellediler. Bu gurama bilen özara gatnaşyklar ynsanperwer ulgamdaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýyldan başlap türkmen paýtagtynda ÝUNESKO-nyň ilkinji kafedralarynyň, klublarynyň hem-de assosirlenen mekdepleriniň peýda bolandygy, bu gün bolsa Aşgabadyň “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegine taýýarlyk görülýändigi nygtaldy.

Daşary ýurtly gatnaşyjylar “Dizaýn — 2022” forumynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berip, berk binýada esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň hem-de uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilip, umumy bähbitlere hyzmat etjekdigini bellediler.

Ertir sergi öz işini dowam eder.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow