Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenildi
Jemgyýet
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenildi
Çap edildi 10.10.2022
2618

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga ýardam berýän iň iri we abraýly forumlaryň birine öwrüldi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan bu ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Hökümetiň, Milli Geňeşiň agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri gatnaşdylar.

Halkara serginiň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary boldy. Olar ata Watanymyza bagyşlanan aýdymdyr tanslary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, esasan-da, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüşi bilen bagly meseleleri öz içine alýar.

Biz milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça-da uly tagallalary edýäris. Çünki bilim biziň beýik geljegimizdir. Bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlarymyz, ägirt uly mümkinçiliklerimiz bar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda: “Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Şoňa görä-de, bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýarys. Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşýarys. Türkmenistan bu gün sport ýurdy hökmünde hem dünýäde giňden tanalýar” diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda we tabşyrygy boýunça Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ilatyň saglygyny goramaga, adamlaryň saglygyny dikeltmek bilen, ýurduň baýlygyny artdyrmaga, keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň hem-de bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrmaga saldamly goşant goşan saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň tapawutlanan işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.

Saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanyp geçirilýän bu foruma gatnaşýan ýurtlaryň sany ýyl geldigiçe artýar. Forum innowasion tehnologiýalara we giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanyp, milli lukmançylygy kämilleşdirmekde täze pikirleri, çemeleşmeleri teklip edýär. Halkara sergide ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depgini, Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda ýeten sepgitleri, ägirt uly kuwwaty, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky işjeň gatnaşyklara barha artýan gyzyklanmalary öz beýanyny tapýar.

Şu ýyl sergä dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan lukmançylygyň dürli ulgamlaryndaky wekiller gatnaşýarlar. Olaryň arasynda derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini, tebigy kosmetiki önümleriň giň görnüşlerini, çaga iýmitini öndürýän daşary ýurt kompaniýalarynyň 150-den gowragy, şol sanda Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gruziýadan, Litwadan, Latwiýadan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Fransiýadan, Italiýadan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Belgiýadan, Polşadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Pakistandan, Tailanddan, Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlaryndan kompaniýalar gatnaşýar. Şolaryň hatarynda türkmen lukmanlarynyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan “Seda Medical”, “Philips”, “Vichy”, “Omega”, “Horiba”, “Olympus”, “Elekta”, “Fujinon”, “B. Braun”, “Aesculap”, “Leica Microsystems”, “Sandoz”, “AGFA”, “Canon”, “Roche”, “Zimmer”, “Bego”, “Bionorica”, “Siemens”, “Sanofi”, “Laboratoire innotech international”, “Pentax”, “Takeda”, “Astellas”, “Askin and Co”, “Santo” ýaly başga-da köp sanly kompaniýalar bar.

Däp bolşy ýaly, sergi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň pawilýony bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň birnäçe ýokanç keselleri aradan aýyrmakda bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýän halkara güwänamalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir. Mälim bolşy ýaly, türkmen lukmanlarynyň bu ugurdaky tejribesi BSGG-niň Ýewropa sebitiniň döwletlerinde ýaýratmak üçin maslahat berildi.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan döwrebap, iň täze enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleri milli saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitleriň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Aşgabatdaky gaýragoýulmasyz “Tiz kömek” merkezi hem-de şonuň ýaly Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky merkezler, Kelle we boýun kesellerini bejeriş, Göz keselleri, Newrologiýa, Endokrinologiýa we hirurgiýa, Kardiologiýa, Trawmatologiýa, Iç keselleri halkara merkezleri, Stomatologiýa, Onkologiýa, Saglygy goraýyş-anyklaýyş, “Ene mähri”, Morfologiýa, Ýanyk şikeslerini bejeriş we Estetiki merkezleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi, paýtagtymyzdaky Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi, welaýat merkezlerindäki köpugurly, çagalar we onkologiýa hassahanalary bar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň diwarlygynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleri ýerleşdirilipdir.

Mundan başga-da, sergide Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bölümi ýerleşdirilipdir. Türkmen jemgyýetinde howandarlyga mätäç çagalar üns-alada bilen gurşalýar. Haýyr-sahawat gaznasy döredilen pursadyndan bäri bu ugurda netijeli işleri amala aşyryp gelýär. Munuň özi çagalara özleri baradaky edilýän aladany doly derejede duýmaga we jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapmaga mümkinçilik berýär. Gaznadan Döwletliler köşgünde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep internatlarynda terbiýelenilýän howandarlyga mätäç ýaş türkmenistanlylara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, lukmançylyk serişdelerini satyn almak we olaryň alýan bejergileriniň tölegleri üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär. Şeýle-de howandarlyga mätäç çagalara, mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna gaznanyň hasabyna protez önümleri, eşidiş enjamlary, maýyplar üçin arabalar satyn alyndy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyşy hem boldy. Kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy.

Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler baradaky bu ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Lukmançylyk ulgamyndaky ylmy barlaglaryň awtory Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi. Kitabyň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň we ösümlikleriň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.

Hormatly Arkadagymyzyň gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi esasynda döredilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň nobatdaky jildi ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ylym-bilim, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

“Saglyk — 2022” sergisi önümleri ilerletmek, işewürligi ösdürmek, bazary öwrenmek, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan hünärmenler bilen duşuşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem bu lukmançylyk sergisine ýurdumyzyň hususy kärhanalary — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary giňden gatnaşýarlar.

Olaryň hatarynda “Ýowşan”, “Ak Hümmet”, “Tebip”, “Dermanlar”, “Yşgyn”, “Boýbodron”, “Dag oty” hususy kärhanalary, “Saglyk”, “Hoş”, “Dowamat” hojalyk jemgyýetleri bar. Şeýle-de sergide “Baýramaly”, “Berzeňňi”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Farap”, “Mollagara”, “Daşoguz” şypahanalarynyň diwarlyklaryna hem uly orun berlipdir. Häzirki günde olaryň her biri saglygy dikeltmek üçin döwrebap merkez bolup, enjamlaşdyrylyşy, hödürleýän hyzmatlary babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýär.

Okgunly ösýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem halkara hyzmatdaşlyk üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri açýar. Bejergi we saglygy dikeltmegi guramak nukdaýnazaryndan, türkmen şypahanalary lukmançylyk hyzmatlarynyň, ýurdumyzyň bejergi serişdeleriniň eksport gymmatyny ýokarlandyrmak bilen, häzirki günde dünýä derejesine çykýarlar.

“Türkmendermansenagat” birleşiginiň kärhanalary ýerli ösümlik çig mallary esasynda derman serişdelerini öndürmek ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýärler. Döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzda ýerli çig mallardan bejergi serişdelerini öndürmek boýunça täze kärhanalar açyldy. Şolaryň hatarynda Jebeldäki bejergi palçygyny we deňiz duzuny gaplamak boýunça zawody, Bereketdäki ýod öndürýän kärhanany, Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanany, mineral suw öndürýän “Berzeňňi” kärhanasyny agzamak bolar.

“Buýan” agrosenagat toplumynyň önümleri hem ildeşlerimiziň ýokary bahasyna mynasyp boldy. “Lukmançylyk enjamlary” önümçilik birleşiginiň kislorod öndürýän zawody ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralaryny polat gaplardaky lukmançylyk kislorody bilen üpjün edýär. Aşgabatda, Balkanabatda, Daşoguzda, Maryda we Tejende ýerleşýän natriý gipohloridini öndürmek boýunça önümhanalar ýurdumyzyň zyýansyzlandyryjy serişdelere bolan gündelik zerurlygyny doly kanagatlandyrýarlar.

Şu gezekki sergide Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem öz gazanan üstünliklerini görkezýär. Bu ýerdäki diwarlyklardyr wideoşekiller myhmanlary ýurdumyzda sanly bilimiň yzygiderli ilerledilişi bilen tanyşdyrýarlar.

Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bölümindäki monitorda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, ildeşlerimizi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan köpugurly işler barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezilýär.

Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara ylmy maslahatyň açylyşy boldy. Daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Özbegistanyň ady belli alym-professorlary, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň ýokary wezipeli wekilleri, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasyndan we BMG-niň Çagalar gaznasyndan wekiller türkmen kärdeşlerini hünär baýramy bilen gutladylar hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň BSGG-niň standartlaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine özara ylalaşykly garşy durmakda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen täze çemeleşmeler beýan edildi.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, maşgala lukmanlary institutyny ösdürmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini kämilleşdirmek, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak, lukmançylyk ylmy bilen tejribäniň özara baglanyşygyny berkitmek, lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy wezipeleridir.

Şeýle-de Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň we tejribe alyşmagyň adamlaryň saglygyny goramakdaky ählumumy wezipeleriň çözgüdine goşulýan umumy goşant bolup durýandygy bellenildi. Bu babatda bilelikdäki taslamalary, maksatnamalary amala aşyrmak, iň täze tehnologiýalarydyr enjamlary, dürli keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejermekde öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim almagy, terbiýelenmegi, boş wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertleri döretmek, milli bilim ulgamyny hil taýdan ösen döwletleriň derejesine çykarmagyň esasy şertleridir. Şulardan ugur alnyp, bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga, şäherlerde we obalarda öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen täze bilim edaralaryny, sport mekdeplerini gurmaga, okuw kitaplaryny, okuw gollanmalaryny taýýarlamaga hem-de neşir etmäge, bilim bermek işine täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmaga, bu ugurda iň gowy dünýä tejribesinden peýdalanmaga we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi bilimli, giň gözýetimli, ruhubelent, zähmetsöýer, watansöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly nesli terbiýelemekde uly üstünlikleri gazanmaga ýardam berýär.

Giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça köp sanly sport desgalary — stadionlar, atçylyk sport toplumlary, awtodromlar, tennis meýdançalary, suwda ýüzmek üçin howuzlar, döwrebap sport toplumlary guruldy we gurulmagy dowam edýär. Olarda bedenterbiýe we sport bilen netijeli meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly durmuş ugurly syýasaty netijesinde häzirki günde Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edildi. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine, ýokary netijeli sporta döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň sport abraýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan zehinli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Milli ýygyndy toparymyzyň 2021-nji ýylda Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Şonda milli sportumyzyň täze taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa medaly gazanyldy.

Halkara ylmy maslahatyň işi ertir Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iri edaralarynda — Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýünde, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde hem-de paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň, ylmyň, saglygy goraýşyň we sportuň 14 ugry boýunça dowam eder. Olarda “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek”, “Ýokanç keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek”, “Enäniň we çaganyň saglygyny goramak”, “Hirurgiýa keselleri”, “Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa”, “Sanly lukmançylyk”, “Genom lukmançylygy” atly mowzuklar boýunça pikir alşylar.

Mowzuklaýyn mejlislerde foruma gatnaşyjylar milli saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, şol sanda innowasion tehnologiýalary, dünýä lukmançylygynyň iň gowy tejribesini we täze işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

“Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly ýöriteleşdirilen forumyň çäklerinde Garaşsyzlyk seýilgähindäki “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti boldy. Tomaşaçylar halk we häzirki zaman aýdymlaryny, tanslary ýerine ýetiren artistleri şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow