Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözgüdi boýunça täze başlangyçlary öňe sürýär
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözgüdi boýunça täze başlangyçlary öňe sürýär
Çap edildi 20.09.2022
1747

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu şanly baýram hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk döredijilik we ösüş syýasatynyň dabaralanmagynyň nyşany boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň belent münberinden öňe süren täze başlangyçlaryna beslenen geçen hepdäniň wakalary munuň aýdyň beýanydyr. Olar ýurdumyzyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişliginde ornunyň barha pugtalanýandygyna, Watanymyzyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär.

12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşine degişli meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň, hususan-da, “ak altyn” hasylyny ýygnap almagyň we güýzlük bugdaý ekişiniň ýokary depginlerini üpjün etmegiň, bu jogapkärli möwsümleri bellenilen agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň wajypdygyny nygtady. Oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak bilen bir hatarda, ekerançylaryň we mehanizatorlaryň netijeli zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin şertleri döretmek, olary zerur serişdeler bilen üpjün etmek möhüm talap bolup durýar. Mundan başga-da, güýzlük ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň ýokary hilli, öz wagtynda tabşyrylmagynyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

15-16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iki günlük iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz özbek lideri Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri — Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda köptaraplaýyn mümkinçiligi göz öňünde tutup, netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegi hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz 16-njy sentýabrda sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň ŞHG bilen syýasat, howpsuzlyk, ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn, çeýe görnüşlerini we usullaryny ýola goýmaga taýýardygyny belledi. Ýurdumyz terrorçylyga, ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine garşy göreşmek ýaly ugurlarda has ysnyşykly hem-de giň gerimli syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny maksat edinýär we muňa taýýardygyny tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz dünýäde kanunyň we ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň we ruhunyň mizemezliginiň, üýtgewsizliginiň goralmagyny hem-de üpjün edilmegini hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan umumy maksatlarynyň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ŞHG ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak mejlisinde Türkmenistanyň beýan etjek halkara başlangyçlary barada habar berdi. Türkmen tarapy BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp düzmek başlangyjyny öňe sürmegi maksat edinýär, şeýle-de 2025-nji ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibi BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlär.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hem dördüsiniň esaslandyryjylar hökmünde gatnaşan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 2022-nji ýylyň dekabr aýynda 15 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara almak bilen, Türkmenistan Baş Assambleýanyň garamagyna bu merkeziň orny baradaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi maksat edinýär. Degişli resminamada soňky ýyllaryň ähmiýetli wakalary, şol sanda Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagynyň yglan edilmegi beýan ediler.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga açykdyr. Munuň üçin diňe bir anyk mümkinçilikler däl, eýsem, zerurlyk hem bar. Ýurtlarymyzdaky kuwwatly serişde we önümçilik binýatlary, çäk taýdan goňşuçylyk, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşlerdäki hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesi häzirki günde ulag, logistika, kommunikasiýa, energetika ulgamlarynda uzak möhletleýin durnukly gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle-de Gündogar — Günbatar, Günorta — Demirgazyk ugurlary boýunça söwda-ykdysady geçelgelerini döretmek üçin oňyn şertleri üpjün edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý — Merkezi Aziýa, Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini, logistik ulgamy döretmekde ŞHG-niň işjeň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de biziň ýurdumyz gyzyklanma bildirýän taraplar bilen Baltikadaky rus portlaryndan Pars aýlagyndaky, Arap deňzindäki we Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çenli ýük daşamalary üpjün edýän ulag geçelgeleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyr.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energetika ulgamynda-da ŞHG bilen yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardygyny belläp, gurama agza ýurtlaryň zerurlyklaryny üpjün etmek, geljekde daşarky bazarlara çykmak maksady bilen, energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmäge iş ýüzünde girişmek teklibini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletleri bilen ýakyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nygtady.

17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisde döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini kämilleşdirmek, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, elektroenergetika pudagynyň düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanda Aral deňziniň ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça görülýän çäreler bilen baglanyşykly meselelere üns çekildi.

Şeýle-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny giňden bellemäge taýýarlyk görmek, bu şanly sene mynasybetli paýtagtymyzy bezemek, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çapyşyklaryny guramak, ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini geçirmek barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi. Hususan-da, awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, abatlamak we olary ulanmak boýunça işleriň çenlik ölçeg kadalarynyň hem-de nyrhlarynyň, awtomobil ulaglary bilen ýükleri daşamagyň bahalarynyň kesgitlenilmegine degişli birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmeginiň göz öňünde tutulýandygy habar berildi.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli taýýarlanan degişli meýilnamanyň taslamasy hödürlenildi. Bu awtomenziller şäher, şäherýaka we halkara ugurlarda ilata ýokary hilli hyzmatlary bermäge niýetlenendir.

Mundan başga-da, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, jemgyýetçilik guramalaryna, häkimliklere hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk, önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini hemişelik we wagtlaýyn peýdalanmaga bölüp bermek boýunça teklipler hödürlenildi.

Ýurdumyzyň diplomatik gulluklarynyň halkara maglumat giňişligindäki çärelerini işjeňleşdirmek we milli sanly diplomatiýanyň gurallaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň sanly diplomatiýasyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler mejlisde garalan aýratyn mesele boldy. Ýurdumyzyň elektron aragatnaşyk ulgamyny artdyrmak we onuň bitewüligini emele getirmek üçin özbaşdak Milli sanly tory döretmek teklip edildi. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde kabul edilen Kararnamalary, beýleki halkara resminamalary ýygnamak, beýan etmek we tertipleşdirmek üçin ugurdaş sanly kitaphanany, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik gulluklarynyň sanly muzeýini döretmek boýunça teklipler aýdyldy.

Ählumumy media giňişliginde Türkmenistan baradaky maglumatlary dessin we yzygiderli ýaýratmak maksady bilen, iri halkara media kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ýakyn wagtda degişli geňeşmeleri geçirmek teklip edilýär. Beýan edilen teklipleriň hatarynda diplomatik gulluklaryň ykjam telefonlary üçin media binýatlaryny döretmek teklibi bar. Onuň işe girizilmegi bilen, ykjam aragatnaşyk arkaly gündelik täzelikleri beýan etmek, raýatlarymyz üçin konsullyk gulluklaryna elýeterliligi üpjün etmek we durnukly sanly ulgam alşygyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işinde sanly ulgamyň ösdürilmeginiň dünýä giňişligindäki netijeli gatnaşyklary ilerletmek, olaryň täze gurallaryny döretmek, tejribe hem-de maglumat alyşmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtap, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Geçen hepdede paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi. Asylly däbe görä, ählihalk baýramçylygy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralýan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, Watanymyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow maksatnamalaýyn çykyşynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolmagynyň ähmiýetini nygtady, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen alyp barýan işiniň geljekki meýilnamalary, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, onuň barha artýan halkara abraýy barada gürrüň berdi.

Geçen 31 ýylyň dowamynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi öz öňünde goýan maksatlaryna ygrarly bolup, ynsanperwerlige, haýyr-yhsana ýugrulan ençeme işleri durmuşa geçirdi, onuň netijesinde daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyz bilen gatnaşyklarymyz ýokary derejelere göterildi. Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi bar. Biz olar bilen peýdaly, işjeň, ykdysady hem-de netijeli ynsanperwer gatnaşyklary saklaýarys. Birleşigiň daşary ýurtly şahsy agzalarynyň sany 345-e ýetip, olar dürli ugurlarda iş alyp barýarlar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri we halklary üçin açykdyr. Biz olar bilen iki tarapa bähbitlilige, birek-birege sarpa goýmaga, özara düşünişmäge esaslanýan söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdürýäris.

Maslahatyň dowamynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümleriniň işi barada Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen wekiller gürrüň berdiler. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň ynsanperwer ýörelgelerine laýyklykda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumyň çäklerinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, guramanyň agzalaryny, şol sanda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň birnäçe wekillerini «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy. Munuň özi birleşigiň işiniň kämilleşmegine, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna mynasyp goşant goşan daşary döwletleriň we ýurdumyzyň raýatlarynyň bitirýän hyzmatlarynyň döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler, seýisleriň we çapyksuwarlaryň zähmet, dynç alyş şertleri bilen tanyşdy, idedilýän atlaryň ýagdaýy, olary seýislemegiň aýratynlyklary bilen gyzyklandy hem-de alymlardyr tejribeli seýisleriň bilelikdäki işleriniň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan 10 müň tomaşaçy orunlyk stadiona bardy we bu ýerde gurulýan desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow merkezde gurulýan mekdepleriň ikisiniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdep bolmagynyň, bu ýerde Ahal welaýat mugallymçylyk we lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Bu ýerde gurulýan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi bilen bilelikde bu mekdepler ýaşlaryň höwes edýän ugurlary boýunça bilim almagyna giň ýol açar.

Geçen hepdede Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ermenistanyň Türkmenistana gelen wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Taraplar ozal geçirilen mejlisleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlarynda, oba hojalygynda, gurluşykda, binagärlikde, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde ilkinji gezek geçirilen “Çalsana, bagşy!” döredijilik gözden geçirilişiniň jemleýji tapgyry boldy.

Döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky ildeşlerimiz gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan 12 bagşy hem-de 12 sazanda gatnaşdy. Ýeňiji bolan bagşydyr sazandalaryň her birine ýörite diplom we altyn zynjyr gowşuryldy. Şeýle-de “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň hemmesine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Geçen hepdede Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler. Meýdan işleriniň sazlaşykly hem-de bökdençsiz alnyp barylmagyny ýokary öndürijilikli döwrebap oba hojalyk tehnikalary üpjün edýär. Hasyly daşamakda ýük awtoulaglarynyň hem-de tirkegli traktorlaryň uly toplumy hereket edýär. Kabul ediş harmanhanalary we pagta arassalaýjy kärhanalar gije-gündizleýin işleýärler. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlaýarlar.

17-nji sentýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmen türgenleri Awstriýanyň Oberwart şäherinde dzýudo göreşi boýunça geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde karate-do boýunça geçirilen halkara ýaryşda we Çehiýa Respublikasynyň Pardubise şäherinde Şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde sambo we söweş sambosy boýunça geçirilen “Sambony esaslandyryjylaryň kubogy” atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň strategik maksatlarynyň gazanylmagy bilen baglanyşykly ýurdumyzda bolup geçýän uly özgertmeler — ylmyň gazananlaryna, ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň döredilmegi, Türkmenistanyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagy, halkymyzyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegi öz beýanyny tapdy.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow