Eziz watandaşlar!
Siziň ähliňizi ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Baş Assambleýanyň bu möhüm resminamasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň strategik we netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Men bu taryhy Kararnama bilen dünýä bileleşigi tarapyndan resmi taýdan berkidilen aýratyn möhüm çözgütlere siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Bu resminama bilen:
— Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy diýen halkara hukuk derejesini resmi taýdan yglan edýär;
— Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agzalaryny Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy saklamaga, sebitdäki döwletleriň özygtyýarlylygyna, syýasy garaşsyzlygyna we çäkleriniň bitewüligine hormat goýmaga çagyrýar;
— Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň guralynyň halkara parahatçylygy we syýasy durnuklylygy üpjün etmekdäki aýratyn ähmiýetini ykrar edýär;
— her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň her ýylky duşuşyklaryny guramagy düzgünleşdirýär;
— Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan her bäş ýyldan yzygiderli esasda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny bellemegi kesgitleýär;
— Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň gün tertibinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly meseläni hemişelik esasda berkidýär.
Hormatly adamlar!
Türkmenistanyň ähli halkyny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Garaşsyz döwletimiziň bu daşary syýasy üstünligi Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň yzygiderli artýandygyna kepil geçip, eziz Watanymyzy dünýä derejesinde parahatçylygy, dost-doganlygy we durnuklylygy öňe sürýän Bitarap ýurt hökmünde ýene-de bir gezek ykrar edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.