Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiz sebitiň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiz sebitiň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Çap edildi 21.07.2022
1441

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan oňyn daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, gyzyklanma bildirýän taraplaryň, ilkinji nobatda, sebit boýunça goňşy döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Türkmen halkyny şol döwletleriň halklary bilen medeni we ruhy gymmatlyklar, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, özara goldaw bermek ýörelgeleri baglanyşdyrýar. Ýurdumyz Merkezi Aziýada ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklar ugrunda çykyş etmek bilen, sebit hyzmatdaşlygynda işjeň orny eýeleýär.

Sebitiň diňe bir yklymda däl, eýsem, ählumumy işlerde-de ornunyň barha artýandygy nazara alnanda, Türkmenistanyň özara gatnaşyklaryň wajyp meselelerini çözmäge toplumlaýyn, deňeçer çemeleşmesi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. 2021-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Bu duşuşyk syýasy gatnaşyklaryň şeýle görnüşiniň netijeli häsiýete eýedigini görkezdi. Ýokary derejedäki şeýle çäreler sebit hyzmatdaşlygynyň barşy we maksady barada giňişleýin garaýyşlary kemala getirmäge, Merkezi Aziýada bolup geçýän ýagdaýlara öz wagtynda seslenmäge mümkinçilik berýär, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak bilen, milli ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň şu gezekki mejlisiniň ähmiýeti örän uludyr. Onda häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy bilelikde göreşmek boýunça döwletara gatnaşyklary ösdürmek, sebitde ýakynlaşmagyň hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi, ulag taslamalary, azyk howpsuzlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu günki duşuşygyň netijeleri köpýyllyk hyzmatdaşlyga täze itergi berer, sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Yssyk-Kölüň Halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde dördünji konsultatiw duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Uçardan düşülýän ýerde düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni gyrgyz Lideriniň Çolpon-Ata şäherinde ýerleşýän döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Sadyr Žaparowyň duşuşygy geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni ýokary derejedäki duşuşygy geçirmek üçin niýetlenen binanyň merkezi girelgesiniň öňünde gelip durýar. Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler.

Soňra gyrgyz Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilýän ýerine çagyrýar. Şol ýerde Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi.

Prezident Sadyr Žaparow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyza nobatdaky konsultatiw duşuşyga gatnaşmak üçin Gyrgyzystana gelmek hakyndaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Sammitiň çäklerindäki şu gepleşikler biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge täze itergi berer. Mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara goldamak ýörelgeleri şol hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.

Dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýene bir gezek gutlady hem-de Türkmenistanyň durnukly ösüş ýolunda öňe tarap okgunly hereketini dowam etdirjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, biziň halklarymyz asyrlaryň dowamynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklaýarlar, iki ýurduň ähli ugurlar boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy şübhesizdir. Biziň döwletlerimiz şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýärler diýip, Prezident Sadyr Žaparow aýtdy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini, strategik häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly goşant goşandygyny nygtap, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen mähirli, ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini aýtdy we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gyrgyzystan söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge hem-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär, Türkmenistana möhüm ähmiýetli ykdysady hyzmatdaş hökmünde garaýar diýip, Prezident Sadyr Žaparow nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanyna Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin dostlukly ýurda gelmäge çakylygy, mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, sammitiň ýokary derejedäki syýasy gepleşikleriň täze usulydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu sammit Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Sammitiň çäklerinde Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça, has takygy, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda anyk teklipleriň birnäçesini beýan eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu günki kabul edilýän çözgütleriň, gol çekiljek resminamalaryň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirip, Merkezi Aziýanyň Liderlerine nobatdaky duşuşygyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de tutuş gyrgyz halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz doganlyk ýurduň Liderine Prezident wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlaglary üçin hem minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belledi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejesine aýratyn üns berildi.

Ýurdumyz döwletara gatnaşyklary giňeltmäge we pugtalandyrmaga taýýardyr. Şu ýyl biziň diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Prezident Sadyr Žaparowy bu sene mynasybetli gutlady.

Soňra duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklar okgunly ösdürilip, syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklaryň ähli esasy ugurlaryny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny täze sepgitlere çykarmak maksady bilen, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanlary sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine degip geçip, biziň ýurtlarymyzyň bäştaraplaýyn görnüşde Merkezi Aziýada has ysnyşykly we yzygiderli gatnaşyklara taýýardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, nobatdaky konsultatiw duşuşygyň ähmiýeti bellenildi. Bu duşuşyk sebit boýunça goňşularyň umumy meselelerini ynanyşmak ýagdaýynda we içgin ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup durýar. Söhbetdeşler döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň Merkezi Aziýa giňişliginde netijeli gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Onuň gün tertibine möhüm meseleler girizildi. Gatnaşyklary ösdürmekde sebit ýurtlary baý tejribe topladylar.

Dostlukly döwletiň Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýakyn wagtda Gyrgyzystana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini ýene-de bir gezek nygtap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňra bäş döwletiň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri binanyň eýwanynda dostlarça salamlaşýarlar. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiň resmi banneriniň hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, uly mejlisler zalynda ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Prezident Sadyr Žaparow duşuşygy açyp we daşary ýurtly kärdeşlerini myhmansöýer gyrgyz topragynda mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleriniň konsultatiw duşuşygyna ilkinji gezek gatnaşýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işini dowam etdirjekdigine we Türkmenistanyň ösmegine saldamly goşandyny goşjakdygyna pugta ynam bildirildi.

Soňra konsultatiw duşuşyga gatnaşyjylar gün tertibini tassykladylar we çykyş etmäge başladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynda Prezident Sadyr Žaparowa şu gezekki duşuşyga gatnaşmaga çakylygy, myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle-de Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň Baştutanlaryna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndan bäri geçen bir ýylyň dowamynda dünýäde düýpli özgerişler bolup geçdi, täze ýagdaýlar, wehimler peýda boldy. Olar biziň sebitimizden hem sowlup geçmedi.

Howpsuzlygy üpjün etmek baradaky mesele örboýuna galdy. Gynansak-da, biz entek Ýewraziýa giňişliginde parahatçylyk mizemez, durnuklylyk bolsa dolanuwsyz häsiýete eýe boldy diýip aýdyp bilmeris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow howplaryň bardygyny, olaryň dürli görnüşlerde we dürli ýagdaýlarda ýüze çykýandygyny nygtap, şolaryň esasylary barada durup geçdi.

Birinjiden, bu biziň sebitimiziň döwletlerinde içerki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşykdyr. Biz olaryň nähili netijelere getirýändigini görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we munuň bizden jebisligi, bilelikde olara garşy durmakda aýgytlylygy talap edýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýurtda parahatçylygy saklamaga, raýatlaryň ömrüni we howpsuzlygyny goramaga, döwlet, jemgyýetçilik institutlarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen öz wagtyndaky, aýgytly hereketleriniň Türkmenistan tarapyndan berk goldanylýandygy tassyklanyldy.

Ikinjiden, munuň özi ekstremistik we radikal güýçleriň Merkezi Aziýa aralaşmak synanyşygydyr. Terrorçylyk howpy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we hukuga garşy işleriň beýleki görnüşleridir.

Üçünjiden, munuň özi biziň sebitimiziň serhetleriniň golaýynda bolup geçýän harby-syýasy gapma-garşylyklaryň netijeleriniň Merkezi Aziýadaky ýagdaýa ýetirip biläýjek ýaramaz täsiridir.

Dördünjiden, munuň özi maglumat tehnologiýalarynyň bikanun ulanylmagydyr, Merkezi Aziýa halklarynyň taryhy däplerine, olaryň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy gymmatlyklaryna we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýörelgelerine çapraz gelýän pikirleriň, garaýyşlaryň daşyndan zorluk bilen ornaşdyrmaga synanyşylmagydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Ýokarda sanalyp geçilen wehimler sebitde howpsuzlygyň berk we uzak möhletli ulgamyny döretmek, bolup biläýjek, biziň öňe gitmegimize päsgel berip ýa-da bökdäp biläýjek howplary aradan aýyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülmegini talap edýär. Biz bilelikde Merkezi Aziýanyň parahatçylyk we ösüş üçin howplardan azat, durnuklylyk we ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hem-de güýçlendirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi. Işi utgaşdyrmagy biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralary bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeleriň guraly arkaly öz üstüne almalydyr. Ýagdaýy hemişe öwrenmek, öz wagtynda maglumatlary alyşmak, çözgütleri kabul etmek üçin esas hökmünde dünýäde bolup geçýän ýagdaýlary içgin seljermek zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralaryna BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gatnaşmagynda ýakyn iki ýyl üçin howpsuzlyk ulgamynda gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak barada tabşyryklary bermegi teklip etdi.

Şeýle hem sebitde maglumat giňişligini netijeli goramak üçin biziň ýurtlarymyzyň döwlet maglumat düzümleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň üstünde işlemek, täsirli meseleler şöhlelendirilende, nähilidir bir “Özüňi alyp barmagyň kodeksini” işläp taýýarlamak teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet habarlar agentlikleriniň, metbugat serişdeleriniň, elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa mediaforumyny geçirmek pikirine garamak bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Munuň oňyn maglumat ýagdaýyny döretmäge, sebitdäki anyk ýagdaýa, bu ýerde bolup geçýän wakalara, döwletleriň we hökümetleriň Merkezi Aziýanyň parahatçylykly, durnukly ösüşi, biziň halklarymyzyň abadançylygy üçin şertleri üpjün etmek babatdaky tagallalaryna oňat düşünmäge ýardam berer diýip pikir edýäris.

Ozalkysy ýaly, owgan ugrunda bilelikde işlemek sebit howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Owganystan bilen aýratyn taryhy gatnaşyklara eýe bolan goňşy döwletler hökmünde biz bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga, parahatçylykly gepleşikler arkaly umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmäge, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara tagallalara goldaw bermäge, Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwerlik kömegini bermäge gönükdirilen tagallalary güýçlendirmegi dowam etdirmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan şu ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Daşkentde Owganystan boýunça halkara maslahatyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegini goldaýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak, halkara syýasatda we ykdysadyýetde çökgünlik ýagdaýlary bilen baglylykda, häzirki wagtda medeniýetiň dialogy baradaky meselä ünsi çekip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birek-birek bilen özara gatnaşyklarda hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, ynanyşmagyň göreldesini görkezmelidirler hem-de bu pikirleri halkara giňişlikde işjeň ilerletmelidiklerini belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek hem-de Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy” atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlary taýýarlaýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu oňyn teklipleriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi tarapyndan goldanyljakdygyna ynam bildirýändigini nygtady.

Sebit gapma-garşylyklarynyň ýygylygynyň artmagy bilen baglylykda, olary aradan aýyrmak we öňüni almak boýunça ylalaşykly garaýşymyz aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunda gapma-garşylyklary aradan aýyrmakda, olary gepleşikler arkaly çözmek üçin amatly şertleri döretmekde halkara tagallalary goldamak maksady bilen, sebitiň çäklerinde we beýleki döwletler bilen bilelikde diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy barada aýdyldy.

Şu babatda biz sebitde, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi arkaly öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmaga öz garaýyşlarymyzy teklip edip bileris we teklip etmelidiris, oňa hemmetaraplaýyn goldaw, ýardam bermelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we şu ýylyň güýzünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň sebit merkeziniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeleri geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygyna gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň möhüm şerti hökmünde garalýar. Türkmen Bitaraplygynyň oňyn ornunyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň awtordaş bolmagynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň ikisi bilen ykrar edilendigi we goldanylandygy bellenildi. Bu ýagdaýy biziň ýurtlarymyzyň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça halkara gün tertibini mundan beýläk-de iş ýüzünde durmuşa geçirmekde ulanmak teklip edildi.

Biziň ýurtlarymyz bitewi geoykdysady giňişligi emele getirýär. Munuň özi yklymara we ählumumy işlerde öz ornuna umumy düşünmäge esaslanan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini hem-de pugtalandyrylmagyny, maksatlaryň oýlanyşykly, takyk esaslandyrylmagyny, olara ýetmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň, artykmaçlyklarynyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar.

Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, has takygy, ony Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmek zerurdyr diýip hasaplaýar. Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we biziň ýurtlarymyzyň tagallalarynyň baş maksada — kuwwatly, döwrebap düzümi döretmek maksadyna gönükdirilip bilinjekdigini we şuňa gönükdirilmelidigini nygtady. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip bilerdi. Şunda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňiz we Merkezi Aziýa — Pars aýlagy ulag ugruny ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardygy tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz awgust aýynda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini ýatladyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu foruma işjeň gatnaşmagyna umyt bildirdi. Bu forum halkara ulag-logistik geçelgeleri döretmäge, olaryň maksatlaryny hem-de işiniň ýörelgelerine ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aýratyn duşuşygyny geçirmegi teklip etdi. Onuň meselesi sebitiň içinde, şeýle-de onuň daşynda, Merkezi Aziýadan Hytaýa hem-de Ýewropa daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri bilen bagly bolar.

Umuman, sebitiň ulag babatdaky ähmiýeti barada aýtmak bilen, biz ony Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň aýrylmaz bölegine öwürmek baradaky örän uly, ýöne anyk maksady öňde goýup bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we giňeltmäge umyt edýäris. Biz eýýäm iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany amala aşyrdyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we hyzmatdaşlar bilen bilelikde energiýa serişdeleriniň iberilmegini ep-esli artdyrmak, olaryň üstaşyr geçirilmegini giňeltmek üçin mümkinçiliklere garamaga taýýardygyny belledi.

Häzirki wagtda halkara işewürlik, maliýe institutlary biziň sebitimize üns hem-de gyzyklanma bildirýärler, onuň kuwwatyna we geoykdysady gymmatyna oňat düşünýärler. Şunuň bilen baglylykda, telekeçilik üçin amatly ýagdaýy döretmek, ony zerur bolmadyk, köp halatlarda bolsa könelişen böwetlerden halas etmek, Merkezi Aziýany uzak möhletleýin maýa goýumlar üçin özüne çekiji sebite öwürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Merkezi Aziýada önümçilik taýdan ýakynlaşmak möhüm meseledir. Biziň ýurtlarymyz uly tebigy serişdelere, ygtybarly senagat we tehnologik kuwwata eýedir. Olary birleşdirmek, hyzmatdaşlygyň önümçilik ulgamlaryny, “ýakynlaşmak geçelgelerini” döretmek derwaýys mesele bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we bu babatda hususy işewürligiň möhüm orun eýelemelidigini belledi.

Biziň ýurtlarymyzyň maksatlaýyn işewürlik forumlaryna badalga bermekleri gerek. Olaryň barşynda biziň telekeçilerimiz gönüden-göni duşuşyp, amatly we maksadalaýyk ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny özbaşdak kesgitläp bilerdiler. Şunuň bilen baglylykda, geçen konsultatiw duşuşykda aýdylan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürlik hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek baradaky pikire gaýdyp gelmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, Merkezi Aziýanyň dünýä siwilizasiýasynyň esasy ojaklarynyň biridigini nygtady. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň öňünde medeni bileleşikleriň toplumlaýyn, köpugurly gatnaşyklaryny, Merkezi Aziýanyň halklarynyň baý ruhy-taryhy mirasyny, edebiýat, sungat, kinematografiýa ulgamynda häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleri wagyz etmegiň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda giňişleýin gatnaşyklary höweslendirmegiň ulgamy hökmünde sebitde bitewi medeni giňişligi döretmek wezipesi durýar.

Hut şolar yzygiderli häsiýete eýe bolmak bilen, sebitleýin medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmek wezipesini öz üstüne almalydyr. Biz ony Merkezi Aziýanyň medeni dialogynyň forumy diýip atlandyryp bileris. Şeýle-de bu ulgamdaky işi höweslendirmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň medeniýet ulgamyndaky üstünlikler üçin her ýylky baýragyny döretmegi teklip edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, ÝUNESKO-daky bilelikdäki işe, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň taryhy mirasyny aýawly saklamak boýunça işi güýçlendirmäge we işjeňleşdirmäge biziň wekiliýetlerimiziň bu guramadaky işiniň aýratyn ugry hökmünde garamak möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralaryna ÝUNESKO-nyň Sekretariaty bilen işlemek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hereketleriniň bilelikdäki meýilnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrmagyň zerurdygy barada aýdyldy.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde dünýädäki ýagdaýyň örän çylşyrymlaşan şertlerinde bize — umumy taryhy kökleri bolan goňşy, doganlyk halklara bitewüligi, jebisligi saklamagyň, jogapkärçiligi hem-de öňdengörüjiligi görkezmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz biziň halklarymyz we döwletlerimiz üçin parahatçylygy, abadançylygy, ösüşi, Merkezi Aziýanyň dünýä ähmiýetli, çalt depginler bilen ösýän hem-de geljegi uly ykdysady sebitleriň hataryna doly we netijeli goşulmagyny üpjün edip biljekdigimize ynam bildirip, Türkmenistanyň şu maksatlara ýetmek üçin ysnyşykly gatnaşyklara taýýardygyny tassyklady.

Dostlukly döwletleriň Prezidentleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek işinde sammitiň ähmiýetini bellediler. Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn çäreleri geçirmek, sebitiň ähli döwletleriniň rowaçlanmagyna, durnuklylygyna ýardam etmek maksady bilen, özara saparlary amala aşyrmak arkaly köptaraplaýyn gatnaşyklary toplumlaýyn ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi.

Çykyşlarda şeýle görnüşdäki duşuşyklaryň halkara syýasatyň möhüm şertine öwrülendigi hem-de özara ynanyşmak, düşünişmek ýagdaýynda Merkezi Aziýanyň ösüşiniň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýändigi nygtaldy. Häzirki şertlerde bu sammit bäş ýurduň jebisligini görkezýär we olaryň täze wehimlerdir howplara garşy bilelikde göreşmäge umumy ymtylmasyny tassyklaýar. Biziň döwletlerimiziň hemmetaraplaýyn ýakynlaşmagy döwrüň talaby bilen şertlendirilendir we doganlyk halklaryň jana-jan bähbitlerine doly laýyk gelýändir. Soňky ýyllarda bilelikdäki işiň uly tejribesi toplandy, sebit hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça yzygiderli pugtalandyrylýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar döwletara syýasy gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi dostlukly ýurtlaryň bäşisiniň arasynda hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine itergi berýär. Sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ulag-kommunikasiýa ulgamy, suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy, ekologiýa, söwda we maýa goýumlar, sanlylaşdyrmak, syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Biziň halklarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygyň gadymdan gelýän taryhy däpleriniň bardygyna aýratyn üns berildi. Munuň özi bitewi medeni-ynsanperwer giňişlik hökmünde Merkezi Aziýanyň ösdürilmegi üçin oňat şert bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe oňyn başlangyçlar beýan edildi.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.

Soňra Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkezinde dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň hormatyna Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi. Kabul edişligiň öňüsyrasynda dostlukly döwletleriň Prezidentleri Yssyk-Kölüň kenarynda surata düşdüler.

Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Yssyk-Kölüň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Soňky habarlar
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
top-arrow