Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan türkmen, iňlis, rus dillerinde çapa taýýarlanylan bu neşir jemgyýetçilik durmuşynyň we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini şöhlelendirýär.
Žurnalyň bu sany BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň “BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary” atly makalasy bilen açylýar. Makalada: “BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen adam hukuklarynyň milli ulgamyny kämilleşdirmek babatda uzak möhletleýin esasda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar” diýlip bellenilýär.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Adalatçynyň diwany hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, döwletimiziň adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topar bilen yzygiderli gatnaşyklary bu hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, wezipesi adam hukuklaryny goramak we ilerletmek bolup durýan döwlet institutlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet gullukçylarynyň adam hukuklary ulgamynda halkara ölçegler babatdaky habarlylygyny ýokarlandyrmak, halkara konwensiýalary milli kanunçylyga ornaşdyrmak baradaky milli hasabatlary taýýarlamaga ýardam etmek hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde bellenildi.
Awtor makalasynda gender deňligi meselesine aýratyn üns çekýär: “Gender deňligi hemmeler üçin asuda, abadan we durnukly geljegi döretmek üçin zerur esas bolup durýar. Zenanlaryň ýolbaşçylyk ornuny berkitmezden hem-de olaryň jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmagyny üpjün etmezden, durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň maksatlaryna hiç haçan ýetip bilmeris” diýip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili nygtaýar.
Žurnalyň okyjylaryna “Çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny amala aşyrmagyň ösüşi we täze meýilnamanyň taýýarlanylmagynyň geljegi” atly makala hem hödürlenilýär. Makalanyň awtory — BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea köpýyllyk hyzmatdaşlygyň, ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini, terbiýelenilmegini, ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijeli häsiýetini belleýär.
Gazanylan üstünlikleri, çalt üýtgeýän ýagdaýlary hem-de täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, ÝUNISEF-niň hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň maliýe serişdeleri bilen berkidilen Hereketleriň täze meýilnamasyny işläp taýýarlamak üçin pugta binýatlarynyň bardygy aýratyn nygtalýar. “Şu ýyl işlenip taýýarlanylmagy göz öňünde tutulýan täze meýilnama — bu “Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň ähli çagalarynyň geljegi barada täze manyny aňmak mümkinçiligidir” diýip, awtor belleýär.
“Gender deňligi we demokratik jemgyýetiň ösüşi” atly makala zenanlaryň mümkinçiliklerini hem-de olaryň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady durmuşa gatnaşygyny giňeltmek meselelerine bagyşlanýar. Makalada durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini gazanmagyň türkmen jemgyýetiniň durnukly ösüş ýolunda ileri tutýan ugry bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygy bellenilýär. Awtoryň nygtaýşy ýaly, bu gün ýurdumyzda jemgyýetiň gender medeniýeti kemala gelýär we bu işde ähli durmuş institutlarynyň bilim-terbiýeçilik toplumy möhüm orun eýeleýär.
“Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adam hukuklarynyň goraglylygynyň kepillikleri we raýat jemgyýetiniň ösüşi” atly makalada ýurdumyzda adam hukuklaryny goramak ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan demokratik özgertmeler barada gürrüň berilýär.
“Administratiw kanunçylygy amala aşyrmakda sanly ulgamyň orny” atly makala hem okyjylaryň ünsüni çekse gerek. Onda ösüşiň esasy guralyna — ählumumy tehnologik özgertmelere üns çekilýär. Awtor döwlet dolandyryş ulgamynyň hem-de döwlet hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagynyň ýurduň ösüşiniň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny hem-de diňe bir durnukly ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýädäki emele gelen ýagdaýlara uýgunlaşmaga, dürli şertler bilen ýüze çykýan töwekgelçilikleri azaltmaga ýardam berýändigini belleýär. “Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň aýdyňlygyny artdyrmaga, olaryň raýatlar üçin has açyk we elýeterli bolmagyny üpjün etmäge mümkinçilik döredýär” diýlip, makalada aýdylýar.
“Türkmenistanda çagalaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilişi” atly makalada ýaş nesliň zehin mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açmak meselesine deglip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamyny, çagalaryň hukuklaryny goramaga we ilerletmäge gönükdirilen milli maksatnamalary we konsepsiýalary düzgünleşdirýän, ýurdumyzda hereket edýän resminamalara garalýar.
Syýasy-ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda halklaryň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege düşünişmegi talap edýär we munuň özi, ilkinji nobatda, dil ulgamynda öz beýanyny tapýar. “Hukuk mazmunly tekstleriň iňlis dilindäki leksik aýratynlyklary” atly makala hut şu meselä bagyşlanypdyr. Şunuň bilen baglylykda, awtor birnäçe mysallary getirýär hem-de hukuk lingwistikasynyň häzirki döwürde dil biliminiň täze bir ugry hökmünde öwrenilýändigini belleýär.
“Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň ýoly bilen” atly makalada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň özygtyýarly döwletimiziň hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan goldanylmagynyň aýdyň subutnamasy bolandygy nygtalýar. Şunda Türkmenistanyň raýatlarynyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy döwletliligiň binýady hasaplaýandygy bellenilýär. Dünýädäki ýagdaýlara oňyn täsirini ýetirýän türkmen Bitaraplygy ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär.
Döwletimiziň üns merkezinde bolan ekologiýa babatda kanunçylyga hem aýratyn makala bagyşlanýar. Makalada getirilen gyzykly maglumatlar adamyň ýaşaýşy we saglygy üçin zerur bolan amatly daşky gurşawa hukugyny iş ýüzünde amala aşyrmak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen işleriň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilýändigini subut edýär.
Neşir “Hronika” bölümi bilen tamamlanýar. Onda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen duşuşyklar, maslahatlar hem-de beýleki çäreler beýan edilýär.