Geçen hepde ýatda galyjy wakalara baý bolup, olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde häzirki zaman Türkmenistanyň gülläp ösýän döwletdigini nobatdaky gezek subut etdi. Ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar ýaşamagy we zähmet çekmegi, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň amala aşyrylmagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär.
30-njy maýda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerindäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz galla oragyna guramaçylykly başlamak, geçirmek hem-de tiz wagtda tamamlamak üçin zerur şertleriň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Galla oragynyň bökdençsiz geçirilmegine şu maksatlar üçin döredilen toparlar gözegçilik etmelidirler. Şunuň bilen birlikde, gowaça ideg edilende agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň, ekerançylaryň mineral dökünler hem-de zyýankeşlere, ösümlikleriň kesellerine garşy serişdeler bilen üpjün edilmeginiň wajypdygy nygtaldy.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýerleriň hasyllylygyny we ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz pile taýýarlamak möwsüminiň öz möhletinde tamamlanmagyny hem-de degişli şertnamalaýyn borçnamalaryň doly ýerine ýetirilmegini esasy talaplaryň hatarynda kesgitledi. Mundan başga-da, şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň 31-nji maýda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, innowasion usullary we sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ugurdaş okuw edaralarynyň talyplarynyň hem-de harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän esgerleriň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işlerini geçirmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. Şeýle-de mejlisde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişi guramak meselelerine garaldy.
Mundan başga-da, geçen hepdede döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň kazyýetlerine kazylary bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.
31-nji maýda — Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Döwletliler köşgüne bardy. Bu ýerde terbiýelenýän çagalar şanly waka mynasybetli aýdym-sazly çykyşlaryny taýýarladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaş artistleriň ussatlygyna mynasyp baha berip, köşgüň kitaphana-muzeý toplumyna baryp gördi. Şol ýerde köp sanly kitaplar çagalaryň ygtyýaryndadyr. Bu neşirler çagalaryň gözýetimini giňeltmäge, döwrebap bilim almagyna mümkinçilik berýär. Muzeýde dürli serişdeler, şol sanda Döwletliler köşgüniň döredilmeginiň taryhy we onuň işi barada gürrüň berýän wideogörnüşli serişdeler goýlupdyr.
Döwlet Baştutanymyz köşkde terbiýelenýänleri Çagalary goramagyň halkara güni hem-de okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, olaryň dynç alyşlary we boş wagtlaryny geçirişleri barada sorady, okuwda gazanýan üstünlikleri, okuw ýylyny nähili tamamlandyklary bilen gyzyklandy.
Baýramçylyk mynasybetli Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Döwlet Baştutanymyz köşgüň durmuş şertleri, okuw otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy, bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylara bu ýerde ýakyn wagtda abatlaýyş işlerini geçirmegi we döwrebap ugurdaş enjamlary oturtmagy, şeýlelikde, ýaşlaryň ýaşamaklary hem-de bilimlerini artdyrmaklary üçin has amatly şertleri döretmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iki günlük sapary geçen hepdäniň möhüm wakasy boldy. Saparyň dowamynda döwlet Baştutanymyz umra hajyny berjaý etdi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişip, daşary ýurda ilkinji saparyny yslam dünýäsiniň mukaddes topragyna amala aşyrandygy aýratyn bellärliklidir.
1-nji iýunda döwlet Baştutanymyz bilen bilelikde bir uçarda, keramatly topraga zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler hem gitdiler.
Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny Mekge welaýatynyň häkimi, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň geňeşçisi Halid bin Feýsal Al Saud we beýleki resmi adamlar garşy aldylar. Bu ýerden hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni musulman dünýäsiniň ruhy paýtagtyna — Mekge şäherine ugrady.
Al-Haram metjidinde döwlet Baştutanymyz Muhammet pygamberiň watanyna umra hajyny amala aşyrýan ähli zyýaratçylaryň ýerine ýetirýän dessurlaryny berjaý etdi. Mundan başga-da, Arkadagly Serdarymyza çuňňur hormat-sarpanyň nyşany hökmünde iýun aýynyň 1-inden 2-sine geçilýän gijede mukaddes Käbäniň keramatly örtügi serpilip, mübärek gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamak üçin ýörite mümkinçilik döredildi. Şeýle-de Arkadagly Serdarymyza belent hormat bildirilip, teperrik gowşuryldy.
Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Medine şäherine bardy. Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Medine welaýatynyň häkimi Feýsal bin Salman Al Saud we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda alnyp barylýan döwletara gatnaşyklaryň derejesine hem-de oňyn häsiýetine ýokary baha berdiler.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni howa menzilinden Muhammet pygamberiň metjidine tarap ugrady. Bu ýerde mukaddeslige hormatyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de wekiliýetiň agzalary namaz okadylar. Muhammet pygamberiň müdimilik aram tapan ýerinde Beýik Biribardan ata Watanymyza abadançylyk, halkymyza parahatçylyk we rowaçlyk dileg edildi.
3-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu sport çäresi Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän “Welosiped” binasyndan badalga alyp, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň golaýynda ýerleşýän pellehanada tamamlandy.
Welosipedli ýörişe Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyplar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Welosipedli ýörişiň geçýän ýollarynyň ugrunda guralan döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk çäresine özboluşly öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişiň dowamynda ajaýyp beden we sport taýýarlygyny, şahsy göreldesi bilen işjeň hem-de sagdyn-durmuş ýörelgesiniň artykmaçlyklaryny görkezdi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan asylly maşgala ýörelgelerini mynasyp dowam etdirip, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga uly üns berýär, munuň özi adamyň fiziki ýagdaýyna we ruhubelentligine oňat täsir etmek bilen, zähmetsöýerlik, özüňe erk etmek, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam berýär.
Häzirki wagtda çagalaryň we ýaşlaryň barha köp sanlysy welosiped sportuna çekilýär. Şu gezekki welosipedli ýörişe Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň işjeň gatnaşmaklary hem muňa şaýatlyk edýär. Olar Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren welosipedlerinde ussatlyklaryny görkezip, ýaşytdaşlaryna görelde bolýarlar. Döwletliler köşgüniň ýaş türgenleri şunuň ýaly sport-sagaldyş çärelerine hemişe ruhubelentlikde gatnaşýarlar.
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da geçirildi.
4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini kämilleşdirmek, telekeçiligi höweslendirmek boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi we başga-da birnäçe meselelere garaldy.
Bellenilişi ýaly, dünýä hojalygy ulgamyndaky ýeňil bolmadyk ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde gazanylan depgin durnukly saklanýar. Hökümetimiziň we halkymyzyň guramaçylykly işi netijesinde ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi geçen bäş aýda 6,2 göterim möçberde boldy. Bäş aýda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 41,8 göterim artdy.
Ýanwar — maý aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 98,3 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 80,4 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda we dolulygyna maliýeleşdirildi. Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp baryldy.
Mejlisde ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberlerini azaltmak, önümçiligi ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny, zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem 150 million amerikan dollary möçberinde pul serişdelerini bölüp bermek hakynda Kararlar, guşçulyk pudagynda işleýän önüm öndürijilere goldaw bermek boýunça çäreleri göz öňünde tutýan Karar bar.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky gaýragoýulmasyz wezipeleriň birnäçesini kesgitledi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ulag ulgamynda içerki gatnawlara çäklendirmeleriň azaldylmagy sebäpli ýolagçy gatnawlary we ýük daşamalary artdyrmak boýunça çäreleri görmek, ýolagçy gatnawlarynyň howpsuzlygyny we edilýän hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek zerurdyr. Ýurdumyzyň multimodal logistika mümkinçilikleri mundan beýläk-de işjeň ösdürilmelidir, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly hem-de bäsdeşlige ukyply şertler döredilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow içerki bazaryň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan senagat önümleri, gurluşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegini gowulandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň amala aşyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, innowasion tehnologiýalara hem-de ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan täze önümçilikleri döretmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Şeýle hem elektron senagatda täze önümleriň çykarylyşyny ýola goýmak babatda görkezme berildi.
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryny talabalaýyk geçirmek, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek, çagalaryň we ýetginjekleriň tomus möwsüminde wagtlaryny peýdaly, gyzykly geçirmeklerini guramak bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň bilim ulgamynyň işgärleri bilen öňümizde geçiriljek maslahatyna taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, “Sanly bilim” ulgamyny döretmegiň meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Söwda toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň hem-de telekeçiligiň ösdürilmeginiň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, haryt bolçulygyny üpjün etmek, söwdanyň we hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmak, bazarlary dürli azyk önümleri bilen üpjün etmek ulgamyny yzygiderli gowulandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr. Şunda toplumyň düzümleriniň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak meselelerine aýratyn üns berilmelidir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, hususy başlangyçlary höweslendirmek, telekeçiligiň milli ykdysadyýetimizdäki ornuny pugtalandyrmak üçin görülmeli çäreler babatda birnäçe tabşyryklar berdi.
31-nji maýda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Daşoguz şäheriniň täze köpugurly hassahanasyna baryp gördi, şeýle hem halkymyzyň saglygyny goramaga bagyşlanan maslahat geçirdi, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen welaýatyň obasenagat toplumyny ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Asylly däbe görä, 1-nj iýunda paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu baýramyň milli senenamamyza girizilmegi ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesil barada edilýän hemmetaraplaýyn aladanyň, ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary boýunça Konwensiýalarynda berkidilen binýatlyk ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Baýramçylyk mynasybetli aýratyn durmuş goldawyna mätäç çagalara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna sowgatlar üçin 500 müň manat bölünip berildi. Eýýäm ertesi gün bolsa Gökderede we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýerleşýän sagaldyş-dynç alyş merkezleri dynç almaga gelýän ilkinji çagalary kabul etdiler.
Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alarlar hem-de öňümizdäki okuw ýylyna güýç toplarlar.
3-nji iýunda ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi. Oňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa bu işe 10-njy iýunda girişerler.
Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Umuman, ýurdumyz boýunça 2022-nji ýylyň galla oragy möwsüminde “Сlaas”, “John Deere”, “Сase”, “New Holland” ýaly ýokary öndürijilikli däne ýygýan kombaýnlaryň 2064-si işlediler. Ýygnalan hasyly kabul ediş bölümleriniň 154-sine, elewatorlara hem-de ammarlara daşamakda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük ulaglarynyň 9 müň 800-den gowragy işlediler.
Galla oragyna çenli degişli barlaghanalar taýýarlanylyp, olarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri dänäniň hilini kesgitlärler. Tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşyk işleri “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan amala aşyrylar.
4-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu giň möçberli taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi babatda degişli ýolbaşçylar bilen maslahat geçirdi.
Hususan-da, Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça degişli ýolbaşçylar bilen türkmen gurluşykçylaryny hünär taýdan kämilleşdirmek, olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaklaryny guramak maksady bilen, täze döredilen komitet tarapyndan bu ugra degişli hünärmenlerden, gurluşykçylardan ybarat topary döredip, Wýetnama iş saparyna ugratmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem maslahatda sebitiň täze merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň merkezi edara ediş binasyny gurmak, bu merkezde muzeý, kitaphana we fotosuratlar bilen işlemek boýunça bölümi döretmek baradaky teklipler beýan edildi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirligine degişli ekerançylyk meýdanyna baryp gördi. 40 gektary eýeleýän meýdanda köp görnüşli miweli baglar, şol sanda şetdalynyň dört görnüşi, üzümleriň kişmişlik görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Hormatly Arkadagymyz müdirligiň meýdanlarynda ýetişdirilen üzümiň täze görnüşini bu künjekden Kärizek obasynyň seleňläp görünýändigini nazara alyp, «Kärizek» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Bu ýerde dürli miweleri, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatly howa gurşawynyň hem-de suwly çeşmeleriň bardygyny aýratyn nygtady.
“Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşygyň dowamynda arheologik ýadygärlikleri mundan beýläk-de öwrenmek we gorap saklamak, täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak, olary hereket edýän iri halkara syýahatçylyk ugurlarynyň ulgamyna girizmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň çäklerinde Köneürgençdäki we Görogly etrabyndaky meşhur taryhy-medeni ýadygärliklerde meýdan okuw maslahatlary hem-de “Kerwensaraý” ýadygärligine gezelençler guraldy. Duşuşyga pikir alyşmak we tejribesini paýlaşmak üçin sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenler goşuldylar.
Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleri, tebigaty goraýyş düzümleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, iri halkara we ugurdaş sebit maksatnamalarynyň, gaznalaryňdyr guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan köpugurly işler giňişleýin beýan edildi.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş maksatlary — ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmegi, milli ruhy gymmatlyklarymyzyň goralyp saklanmagy, halkymyzyň abadan we parahat durmuşynyň üpjün edilmegi öz beýanyny tapdy.