Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Umumy maksatlaryň bähbidine netijeli dialogy pugtalandyryp
Ykdysadyýet
Umumy maksatlaryň bähbidine netijeli dialogy pugtalandyryp
Çap edildi 11.08.2025
45

Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm goşant boldy. Bu maslahat döwlet we hökümet Baştutanlaryny, 100-den gowrak ýurtdan ýokary wezipeli ýolbaşçylary, halkara guramalaryň 50-ä golaýyndan, öňdebaryjy kompaniýalaryň 20-den gowragyndan wekilleri jemläp, dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. Forumy we onuň çäklerinde geçirilen köp sanly çäreleri giňden beýan etmek üçin 40-a golaý döwletden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 160-dan agdygynyň ýurdumyza gelmegi hem muny aýdyň subut edýär. Forumyň giň wekilçiligi, ýokary guramaçylyk derejesi we hyzmatdaşlyk üçin aňrybaş şertleriň döredilendigi ýokary derejeli myhmanlar tarapyndan aýratyn bellenildi. Maslahatyň netijeli işi üçin halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer, ykdysady, durmuş, ekologiýa ýaly ugurlardaky möhüm meseleleri, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň çäklerindäki anyk maksatlarydyr çäreleri öz içine alýan gün tertibi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty mynasybetli dabaradaky çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahatyň maksatlarynyň örän giňdigini we ählumumy ähmiýete eýedigini mälim etdi. “Bu maksatlar syýasy, ykdysady, söwda, medeni, ylmy hyzmatdaşlyga halkara derejede itergi bermäge we baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. BMG-niň maslahaty umumy erki, jebisligi hem-de netijeli dialogy yzygiderli geçirmäge we hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlylygy görkezmäge gönükdirilendir” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

“BMG, dünýäniň onlarça ýurtlaryndan bolan dostlarymyz hem-de pikirdeşlerimiz, abraýly halkara guramalar bilen Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meseleleri, olary çözmegiň ýollary barada garaýyşlarymyzy beýan edýäris. Özi-de döredijilik we deňhukuklylyk, özara hormatlamak hem-de bähbitleri hasaba almak bilen, biziň halklarymyz, adamlarymyz, olaryň häzirki we geljekki durmuşy barada alada etmek bilen, garaýyşlarymyzy beýan edýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahatyň umumy mejlisinde eden çykyşynda belledi. Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara DÇBÖBD-ne mahsus zerurlyklar nukdaýnazaryndan, ählumumy abadançylyga gönükdirilen teklipleri beýan etdi. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara lukmançylyk diplomatiýasynyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmagy göz öňünde tutýan «Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk» başlangyjyny görkezmek bolar. Türkmenistanyň durnukly aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmegi maksat edinýän hyzmatdaşlyk etmegiň täze görnüşini — Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek barada teklibi-de DÇBÖBD üçin aýratyn möhümdir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2030 — 2040-njy ýyllar döwri üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi hem-de geljek ýyldan başlap, BMG-de şu maksatnamany işläp taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip etdi. Türkmenistanyň ähli ykdysady işi ekologik standartlar bilen utgaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýandygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz ýapyk aýlawly (sirkulýar) ykdysadyýete geçmegiň Ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ýurdumyzyň öňe süren teklibine gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy ähmiýete eýe bolan Hazar we Aral deňziniň meseleleriniň ekologik hem-de durmuş ugurlaryna-da aýratyn üns berildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen berk bagly bolan DÇBÖBD-niň meselelerini çözmäge halkara raýdaşlyk we ygrarlylyk beýan edildi. Olar forumyň ählumumy häsiýete eýe bolandygyny, 2024-nji ýylyň 24-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2024 — 2034-nji onýyllyk üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny doly goldaýandyklaryny hem-de onuň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Maslahatda DÇBÖBD-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi babatda öňde durýan kynçylyklary ýeňip geçmekde ozalky Wena maksatnamasynyň netijelerine, hususan-da, sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmekde söwda gatnaşyklaryna ýardam bermekde we ulag infrastrukturalaryny ösdürmekde gazanylan üstünliklere baha berildi. Şunuň bilen bir hatarda, BMG bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň diňe bir geografik taýdan ýerleşişi bilen däl, eýsem, beýleki möhüm ýagdaýlar bilen baglylykda hem toplumlaýyn häsiýete eýedigini belleýär.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň forumyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda nygtaýşy ýaly, bellenen ähli meselelere çözgütleri tapmak maslahata gatnaşyjylaryň öňünde möhüm wezipe bolmalydyr. “Gürrüň diňe bir maksatlaryň täze onýyllygynyň başlanýandygy barada däl, eýsem, Hereketleriň Awaza maksatnamasy we onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi netijesinde deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň mümkinçiliklerini doly açmak barada hem barýar” diýip, Antoniu Guterriş aýtdy. Ol düzümleýin özgertmeleriň çaltlandyrylmagyny, ykdysady diwersifikasiýany, söwdanyň ösdürilmegini we sebit arabaglanyşygyny, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, maliýe serişdelerini çekmek boýunça çäreleriň güýçlendirilmegini bu işde ileri tutulýan esasy ugurlar hökmünde görkezdi. Şeýle-de ol DÇBÖBD-niň dünýä bazarlaryna çykmagyna ýardam bermäge gönükdirilen sanly özgertmeleriň ähmiýetini, sanly infrastrukturalaryň ösdürilmeginiň, sanly bilimi ýokarlandyrmagyň we bu tehnologiýalara inklýuziw elýeterliligi üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Sanlylaşdyrmak işi, sebit arabaglanyşygy, oýlanyşykly maýa goýum strategiýalary DÇBÖBD-ne dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolmaga ýardam edip biler. Şunda BMG-niň Baş sekretary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üstünliginiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň amala aşyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi.

BMG-niň Awazadaky maslahatynda kabul edilen çözgütleriň diňe bir DÇBÖBD üçin däl, eýsem, bütin dünýäniň ösüşi üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang hem nygtady. Ol Baş Assambleýanyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri hemişe goldajakdygyny hem-de Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna ýyllyk gözegçiligi amala aşyrjakdygyny mälim etdi. Filemon Ýang maksatnamada kesgitlenen wezipeleriň dünýäniň ähli künjeginde erkin üstaşyr aragatnaşygy ýola goýmak üçin esas goýujy gollanma öwrüljekdigine ynam bildirdi. “Adamzadyň parlamenti” hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasy degişli ugurdaky öňegidişliklere gözegçilik etmek bilen, toplumlaýyn hasabatlylygy üpjün eder, DÇBÖBD-ne mahsus meseleleri halkara gün tertibiniň üns merkezinde saklar. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasy bilen döredilen, her ýylyň 6-njy awgustynda bellenilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni hem muňa ýardam eder.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde bu günüň ilkinji gezek bellenilmegine bagyşlanan ýörite brifingdäki çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bu günüň diňe bir şanly sene däldigini, onuň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Ol okgunly hereket etmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geografik taýdan uzakda ýerleşýändikleri hem-de deňze göni çykalganyň ýokdugy sebäpli ýüzbe-ýüz bolýan düzümleýin päsgelçiliklerine ählumumy derejede düşünilmegini çuňlaşdyrmaga çagyryşdyr.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählumumy ösüş hereketine doly derejede gatnaşmagyna şert döredýän geljegi uly meýilnamalary işläp taýýarlamaga ýardam eder. Strategik “Ýol kartasy” bolup hyzmat etjek bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi umumy jogapkärçiligi, ýurtlaryň hem-de halkara maliýe düzümleriň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyny talap edýär. Ol bar bolan meseleleri durnukly ösüş üçin mümkinçiliklere öwrüp biler. Maslahatyň özi bolsa ösüşe tarap barýan ýolda gurluş päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge çalyşýan 32 ýurt üçin aýgytlaýjy pursat boldy. Bu maksatnama arabaglanyşygy gowulandyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek we howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin ygtybarly meýdança bolmaga gönükdirilendir. Ähli gyzyklanma bildirýän taraplary, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleri, üstaşyr ýurtlary we ösüş babatda hyzmatdaşlary birleşdirmek bilen, Hereketleriň Awaza maksatnamasy ählumumy ähmiýete eýedir.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatimanyň sözlerine görä, bu maksatnama DÇBÖBD-niň mümkinçiliklerini doly derejede açmak we özgertmeler ýoly bilen olaryň gurluş meselelerini çözmek boýunça gurallary özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy ýörelgelerini, arabaglanyşyk gurallaryny sebit derejesindäki meýilnamalara we býujetlere girizmegiň möhümdigi bellenildi. Onuň durmuşa geçirilmeginiň ýurtlaryň syýasy wekilleriniň ylalaşmalaryny, inklýuziwligi, jogapkärçiligi talap edýändigi sebäpli, forumda ilkinji gezek ýöriteleşdirilen platformalar — raýat jemgyýeti, hususy pudak, ýaşlar, zenan ýolbaşçylar, parlamentariler we Günorta-Günorta ugry boýunça hyzmatdaşlar üçin meýdançalar işe girizildi. Bu maslahatyň jemleriniň diňe bir sözde beýan edilmek bilen çäklenmän, ýollaryň gurulmagy, söwda geçelgeleriniň döredilmegi we durnukly ösüş babatda daşary döwletlerde gazanylanlaryň ornaşdyrylmagy bilen iş ýüzünde öz şöhlelenmesini tapjakdygyny nygtamak bilen, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary forumyň baş şygary bolan “tagallalary birleşdirmek” çagyryşy bilen çykyş etdi.

Ulag we sanly arabaglanyşyk bilen baglanyşykly DÇBÖBD-niň anyk meselelerini çözmegiň ýollaryna, howa babatda, halkara söwda işine gatnaşmak bilen bagly kynçylyklara maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlarda, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşliklerde, ýokary derejeli duşuşyklarda we beýleki ugurdaş çärelerde, şol sanda Türkmenistan tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, durnukly energetika, ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete we ýaşlar mowzugyna bagyşlanyp guralan maslahatlaşmalarda giňişleýin seredildi. Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň arasynda 5-nji awgustda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasynyň geçirilmegi Awazada guralan maslahatyň iş ýüzündäki netijeleri ugur edinendigini görkezdi. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Burkina-Fasonyň Daşary işler, sebitleýin hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan burkinalylaryň işleri boýunça ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama; Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Slowakiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; «Sanlylaşdyrmak esasynda üýtgedip gurmak arkaly sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek we «akylly» gümrügi döretmek» atly tehniki goldawy bermek boýunça Taslama resminamasy; şeýle hem «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly ýerli bileleşikleriň durnuklylygyny ösdürmek» taslamasynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasy bar.

Maslahatyň çäklerinde bäş günüň dowamynda serginiň ýaýbaňlandyrylmagy DÇBÖBD-niň ykdysadyýetleriniň ösüşine toplumlaýyn çemeleşmäniň beýany boldy. Ondaky 25 sany sergi pawilýonynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işi we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kuwwatlyklary görkezildi. Bu diwarlyklar foruma gatnaşyjylary ýurtlaryň alyp barýan döwlet syýasaty, ykdysady sepgitleri, maýa goýum mümkinçilikleri, dürli halklaryň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrdy. Ol ýurtlaryň arasynda köpugurly dialogy ilerletmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, özara bähbitli täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin şertleri döretdi. Türkmenistanyň pawilýonynda görkezilen sergi gymmatlyklarydyr köpugurly maglumatlar Bitarap Watanymyzyň üstünlikleriniň beýanyna öwrüldi.

Awaza maslahatynyň çäklerinde geçirilen medeni çäreler onuň işewürlik gün tertibiniň üstüni ruhy mazmun bilen ýetirip, halklaryň we medeniýetleriň bitewüliginiň hem-de özara hormat goýmagyň aýdyň nyşany boldy. Dostlukly döwletleriň milli günleri, Hazaryň kenarynda guralan sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyşlar, dostluk konserti, milli tagamlaryň festiwaly medeni diplomatiýanyň ilerledilmegine, foruma gatnaşan ýurtlaryň halklarynyň taryhy we baý milli mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga şert döretdi. Dostlukly ýurtlaryň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, deňiz çüwdürimleriniň interaktiw toplumynda sahnalaşdyrylan çykyşlar medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek, özara düşünişmek, nurana geljege tarap bilelikde tagalla etmekde hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen, olaryň geçmişini we şu gününi özara baglanyşdyrdy. Dostluk konsertine gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Awazanyň kenary — dost-doganlyk mekany» atly aýdym medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyny wasp edýän halklaryň döredijilik bitewüliginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Umuman, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty köptaraply dialog hökmünde hem-de DÇBÖBD-niň meselelerini çözmek üçin netijeli Hereketler maksatnamasyny işläp düzmek üçin meýdança hökmünde Türkmenistan tarapyndan örän ýokary derejede guraldy. Onuň jemleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasynda foruma gatnaşyjylar özleriniň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin on ýyla niýetlenen 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny, onuň işini berkidiji bäş esasy ugruna laýyklykda durmuşa geçirmäge berk ygrarlydyklaryny beýan etdiler. Oňa düzümleýin özgertmeler, ylym, tehnika we innowasiýalar; söwda, söwda amallarynyň aňsatlaşdyrylmagy, sebitleýin integrasiýa; üstaşyr geçirmek, ulag we arabaglanyşyk; uýgunlaşmak mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, sarsgynlyga durnuklylygy ýokarlandyrmak hem-de howanyň üýtgemegi, heläkçilikler babatda goragsyzlygy peseltmek; wezipeleri amala aşyrmagyň serişdeleri degişli edildi.

Jarnamada bellenilen çäreler ara alyp maslahatlaşmalaryň netijelerini, öňe sürlen teklipleri we kabul edilen çözgütleri iş ýüzüne geçirmäge gönükdirilendir. Resminamada käbir ýurtlaryň bildiren gyzyklanmasyny nazara almak bilen, oba hojalyk ylmy barlaglarynyň sebit merkezlerini döretmäge degişli Hereketleriň Awaza maksatnamasynda göz öňünde tutulan anyk netijeleri gazanmaga; deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin üstaşyr geçirmegiň erkinligi baradaky mesele boýunça ýokary derejeli bilermenler toparyny döretmäge; deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin infrastrukturany maliýeleşdirmegiň guralyny döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge toplumlaýyn ygrarlylyk beýan edildi. Geljekki işiň we monitoringiň bar bolan ählumumy çäklere laýyk getirilen we milli, subregional, sebit, ählumumy derejede uýgunlaşdyrylan netijeli, birek-biregiň üstüni ýetirýän gurallarynyň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi.

Halklaryň durnukly ösüşe we hemmeler üçin nurana geljege tarap umumy tagallalaryň daşyna jebisleşen ýagdaýynda parahatçylyk we ynanyşmak, dostluk hem-de hyzmatdaşlyk ýörelgelerini iş ýüzünde durmuşa geçirip boljakdygynyň aýdyň şöhlelenmesi Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň möhüm üstünligi boldy.

Soňky habarlar
12.08
«Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
11.08
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
11.08
Şahyrana söz ussadyna sarpa
11.08
Umumy maksatlaryň bähbidine netijeli dialogy pugtalandyryp
10.08
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň minnetdarlyk haty
10.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň minnetdarlyk haty
10.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
10.08
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty dünýä metbugatynyň sahypalarynda
10.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 3 mil­lion 301 müň dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
top-arrow