Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda
Çap edildi 30.05.2022
1648

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Çaryguly Ataýewi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Begenç Gurbangeldiýewiç Hojamgulyýewi Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäher kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Uraým Myratgeldiýewiç Rejepowy Aşgabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäher kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we Ahal welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Garrybaý Baýmyradowiç Aşyrowy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Gurbanguly Akmyradowiç Akmyradowy Balkan welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Balkan welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we Ahal welaýatynyň Tejen etrap, şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Nursahet Emetowiç Ýusupowy Balkan welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Balkan welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Döwlet Atamyradowiç Babaýewi Balkan welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Balkan welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Muhammet Astanagulyýewiç Gurbankulowy Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Ahmetýar Kömekowiç Saparowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Guwanç Genjibaýewiç Hudaýberdiýewi Balkan welaýatynyň Serdar etrap, şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Bereket etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Kemal Batyrowiç Öwlüýägulyýewi Daşoguz welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Kakajan Nurýagdyýewiç Öwlüýägulyýewi Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Atajan Toýmuradowiç Hojamuradowy Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesini bermeli;

Daýanç Jumageldiýewiç Owwadowy Lebap welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Lebap welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we Daşoguz welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Ylýas Döwletowiç Rahmetowy Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Lebap welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Sadyk Habybylla ogly Abdyreýimowy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesini bermeli;

Gurbanmyrat Meretgeldiýewiç Hudaýberdiýewi Mary welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, Mary welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Bäşim Gorganmyradowiç Baýjanowy Mary welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Mary welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we Mary welaýatynyň Serhetabat etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Toýguly Allagulyýewiç Allagulyýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Babamergen Akmyradowiç Babaýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Amantäç Salyhowna Gurbanowany, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Çarymyrat Şalarowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Myrat Nuryýewiç Esenowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Röwşen Nursähedowiç Maksudowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Güýçmyrat Amanmyradowiç Çaryýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Taganmuhammet Mämmedowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Sährägül Annagylyjowna Nazarowany, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Şatlyk Mirgeldiýewiç Işangulyýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Rustam Hamraýewiç Atajanowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Şatlyk Annabaýewiç Gylyçmedowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Döwlet Täşliýewiç Amantaganowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň Serdar etrap, şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Wepa Bazarbaýewiç Amanowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Daşoguz welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Nurjahan Orazmuhammedowna Mätjanowany, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Daşoguz welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Azat Garlyýewiç Odaýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Mahym Sapargeldiýewna Paltaşewany, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Aganepes Nurgeldiýewiç Omarowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Akmyrat Hojakowiç Akmyradowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap, şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Serdar Çaryberdiýewiç Annaberdiýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Täçmuhammet Kulyýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Gulşirin Suhanberdiýewany, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Tuwakmämmet Gurbanseýidowiç Gurbanseýidowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Soltanmyrat Geldimuradowiç Gurbanowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Ogulnabat Tirkeşowna Taganowany, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Tagan Hangeldiýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýatynyň Farap etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Annamuhammet Nurýagdyýewiç Nuryýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Serdar Sapardurdyýewiç Garaýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Serdar Aşyrowiç Kerimowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Atamyrat Deňlimyradowiç Atamyradowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Döwran Kakageldiýewiç Hojamyradowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Gülşirin Meredamanowna Ilamanowany, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Ýolöten etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Jemal Hajydurdyýewna Diwanowany, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 30-njy maýy.

Soňky habarlar
05.07
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
05.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
05.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyny gutlady
05.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
05.07
Türkmenistan parahatçylykly, hoşniýetli we döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýär