Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde “Soňky jaň” mynasybetli dabaralar geçirildi
Jemgyýet
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde “Soňky jaň” mynasybetli dabaralar geçirildi
Çap edildi 25.05.2022
895

Şu gün Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Watanymyzyň ähli künjeklerinde belent maksatlara ýetmäge ruhlanan ýaş oglan-gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka — okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi. Olar mekdep ýyllarynda ähli ulgamlarda özlerini kämilleşdirmek üçin ygtybarly binýada öwrülen köptaraplaýyn bilim aldylar.

Uçurymlaryň köpüsi eýýäm geljekki hünärini saýlamagy başardylar. Ýaşlaryň öňünde täze ýollar açyldy, olara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynda hem bilimlerini dowam etmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň esasy ýörelgesi “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda jemlenýän durmuş ugurly syýasatynyň netijesidir. Şol ýörelgäniň esasy ugurlary Watanymyzyň ösmegine we rowaçlanmagyna goşant goşmaga ukyply nesilleriň sagdynlygyny, terbiýesini, bilimini hem-de ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak baradaky aladadan ybaratdyr.

Häzirki döwür ýaş hünärmenlerden kämil bilimi, täzeçil tehnologiýalara erk etmegi talap edýär. Şoňa görä-de, ähli pudaklarda zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak üçin ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, öňde goýlan maksatlaryň amala aşyrylmagyna uly şertler döredilýär.

...Ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň iň täze taryhynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepde Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine ajaýyp gül desselerini goýdular.

Dürli sport ýaryşlarynda hem-de ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Däbe görä, ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde baýramçylyk dabaralary geçirildi. Çagalaryň, ene-atalaryň, mugallymlaryň we halypalaryň adyna ýagşy sözler, arzuwlar aýdyldy. Terbiýeläp ýetişdiren beden taýdan sagdyn, ruhubelent, zehinli, giň dünýägaraýyşly okuwçylaryna ak pata berýän mugallymlar aýratyn üns bilen gurşalyp alyndy. Ýaşlygyň, bilimleriň we asylly maksatlaryň bu nurana baýramy oglan-gyzlaryň aňynda möhüm waka hökmünde saklanyp galar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagynyň okalmagy orta mekdepleriň uçurymlary üçin durmuş ýoluna ak pata boldy. Gutlagda: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelýän «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli dabaralaryň bilimlerini we ylymlaryny, güýç-gaýratlaryny eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine bagyş etjek ýaşlarymyzy täze belent maksatlara ruhlandyrjakdygyna ynanýaryn” diýlip bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: “Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana geljegimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir. Täze taryhy döwürde pederlerimiziň arzuw eden Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmak we dünýäde şöhratlandyrmak ugrundaky beýik maksatlarymyzy amala aşyrmakda geçjek durmuş ýollaryňyzda hem-de menzilleriňizde bagtyýar döwrümizden ruhlanyp, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, kämillige ymtylmak arkaly özüňizi gurujy, dörediji, maksada okgunly nesiller hökmünde tanatmalysyňyz” diýlip nygtalýar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky ägirt uly aladalary, netijeli işlemäge we okamaga, ýokary bilimli, täzeçe pikirlenýän, maksada okgunly ýaş nesilleriň kemala gelmegine, olaryň ukyp-başarnyklarynyň hem-de döredijilik mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Häzirki döwürde Diýarymyzyň bilim ulgamy örän uly ösüşlere eýe boldy. Her ýyl diňe bir şäherlerde däl, eýsem, ýurdumyzyň iň alys künjeklerinde-de täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlar, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen okuw mekdepleri açylyp ulanmaga berilýär. Bilim ulgamynyň özgerdilmegi okuw işine möhüm çemeleşmeleri girizdi, dersleriň sanawynda ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirleme we grafika, maglumat-aragatnaşyk we innowasion tehnologiýalar, daşary ýurt (Gündogar we Ýewropa) dilleri ýaly dersler peýda boldy. Olar ýaşlaryň täze, döwrebap bilimleri özleşdirmeklerinde mümkinçilikleri artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, milli we halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijileriniň sany ýyl-ýyldan artýar, ynsanperwer hyzmatdaşlyk giňeldilýär, ýaş türkmenistanlylar sportda we döredijilikde ýokary netijeleri gazanýarlar.

Bu gün ýaşlar — geljekki alymlar, filosoflar, şahyrlar, lukmanlar, inženerler, gurluşykçylar, ýokary tehnologiýalary döredijiler... näme barada arzuw etseler-de, olaryň ählisini öz Watanyna peýdaly bolmak, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de yzygiderli ösmegine we rowaçlanmagyna, onuň kuwwatyny hem-de şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşmak ýaly belent maksatlar birleşdirýär.

...“Soňky jaň” dabarasy ýaşlaryň kalbynda hemişe aýratyn tolgunma döredýändigi bilen tapawutlanýar. Şol gün uçurymlar mekdep bilen, mugallymlary bilen hoşlaşýarlar, mugallymlara hem-de ene-atalara hoşallyk bildirýärler, täze okuw ýylynda mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlemäge taýýarlanýan körpelere bilimler dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşanyny gowşurýarlar.

Däbe görä, “Soňky jaň” dabaralary Watanymyzyň ýüregi, syýasy, işewürlik, jemgyýetçilik we medeni durmuşynyň merkezi bolan Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelýär. Ak mermerli paýtagtymyzda bu gün ýaşlygyň nurana baýramynyň şatlygy al-asmana göterilýär.

Agşam Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy, “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde bolsa sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Artistler aýdymlaryny ajaýyp paýtagtymyza, mähriban bilim ojaklaryna, Watanymyza hem-de türkmen halkymyza bolan söýgä bagyşladylar. Horeografik we folklor toparlar, ýaş estrada ýerine ýetirijileri tomaşaçylary öz çykyşlary bilen begendirdiler.

Orta mekdepleriň uçurymlarynyň hormatyna dürli medeni-köpçülikleýin çäreler Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda-da geçirildi.

Soňky habarlar
05.07
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
05.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
05.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyny gutlady
05.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
05.07
Türkmenistan parahatçylykly, hoşniýetli we döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýär