Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän, senagat ulgamynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan toplumlaýyn maksatnamalar Türkmenistanyň çig mal iberijiden taýýar harytlary öndürýän hem-de eksport edýän iri ýurtlaryň birine öwrülmegine ýardam etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hem-de maýa goýum syýasatynyň netijesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dokma senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ornuny has-da pugtalandyrýandygyny bellemek gerek.
10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekip, dokma önümleriniň hilini ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň, dokma, haly we haly önümleriniň söwdasyny guramakda halkara tejribeden ugur almagyň zerurdygyny nygtady. Ýurdumyzda toprak-howa şertlerine laýyklykda, gowaçanyň gymmatly orta we inçe süýümli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Dokma pudagy üçin strategik çig mal bolup hyzmat edýän pagtanyň satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilmegi daýhanlarymyzy bereketli türkmen topragyndan bol hasyl almaga ruhlandyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, önümleriň görnüşleriniň we möçberiniň artdyrylmagyna ýardam edýär.
Önümçiligiň innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap guralyşynda tebigy pagta süýümi gymmatly çig mal bolup, ol daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň arasynda öňdäki orunlarda durýar. Sebäbi dünýäde ekologik taýdan arassa serişdelerden öndürilýän önümlere isleg barha artýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň gurluşygyna iri maýa goýumlaryň gönükdirilmegi içerki bazary bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli harytlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça beýan edilen görkezijiler bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr. Mejlisde habar berlişi ýaly, Dokma senagaty ministrligi boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini 106,3 göterim derejede üpjün edildi.
Döwrebap toplumlaryň döredilmegi, hereket edýän kuwwatlyklaryň döwrebaplaşdyrylmagy pudagyň yzygiderli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, kärhanalaryň Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, hususan-da, Şweýsariýanyň «Rieter», «Benninger», Germaniýanyň «Trützschler», «Schlafhorst», «Zinser», «Monforst», «Küsters», Italiýanyň «Marzoli», «Mario Crosta», «Reggiani», «Arioli», «Savio», Belgiýanyň «Picanol», Ýaponiýanyň «Tsudakoma», «Juki», «Muratec» kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilmegi öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmäge ýardam berýär.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Baýramaly dokma toplumynda düýe ýüňüni we geçi çöpürini gaýtadan işleýän täze bölümiň işe girizilmegi önümleriň görnüşlerini giňeltmekde möhüm ädim boldy. Bu ýerde gurnalan Italiýanyň öňdebaryjy «Cormatex SRL» kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli enjamlary her ýylda 130 tonna golaý ýokary hilli ýüplügi öndürmäge ukyplydyr. Şahsy kömekçi we maldarçylyk hojalyklaryndan ýeterlik möçberde gelip gowuşýan ýerli çig malyň ulanylmagy önümhananyň esasy artykmaçlygydyr.
Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Belgiýanyň, Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilmeginiň hasabyna Daşoguz pagta egriji fabriginde tehnologik enjamlary täzelemek işleri amala aşyryldy we goşmaça önümçilik ugurlary ulanyşa girizildi. Tikinçilik galyndylaryny ikinji gezek gaýtadan işleýän kuwwatlyklaryň döredilmegi innowasiýalary, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Munuň özi ýapyk aýlanyşykly önümçilige, daşky gurşawa aýawly çemeleşmäge mümkinçilik berýär. Tehnologik binýadyň yzygiderli pugtalandyrylmagy pagta süýüminden we ýüpek gurçugynyň pilesinden başlap, tä egin-eşikleriň, tüýjümek, öý dokma önümleriniň öndürilmegine çenli ýerli çig malyň gaýtadan işlenilmegini kepillendirýär.
Häzirki wagtda ýüpek çig maly ýurdumyzyň eksportynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Degişli kompaniýalar ýokary hilli ýüpek süýümine, lukmançylykda, awiasiýa senagatynda, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda ulanylýan tehniki ýüpek önümlerine uly isleg bildirýärler. Mälim bolşy ýaly, türkmen topragynda ýüpekçilik taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Müňýyllyklaryň dowamynda ýüpekçiligiň milli däpleri nesilden-nesle geçirilipdir. Gadymy Merw dünýäniň ýüpekçilikde ykrar edilen merkezleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde eýýäm XII asyrda pile taýýarlamak boýunça kärhana hereket edipdir.
Ýüpek matalary, ajaýyp halylary dokamagyň usullary biziň günlerimize ýetip gelipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýüpekçiligiň taryhy barada gymmatly maglumatlar getirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Merwiň ýüpekçilik kärhanalarynda hytaýly senetçilerden bu sungatyň tilsimlerini kemsiz ele alan ussatlar işläpdirler. Şäheri suw bilen üpjün edýän Majan we Razik ýaplarynyň boýunda tut agaçlary ösdürilip, olaryň ýapraklary bilen ýüpek gurçuklary iýmitlendirilipdir. “Pileden çöşlenip alynýan ýüpek sapajyklar näzik, şeýle-de ýokary hilli syk, digir-digir zolakly ýa-da tutuk matanyň ýüzüne çekilen nagyşly ýüpek parçalary, köşgüň, soltanyň ýatýan otagynyň bezeginde peýdalanylýan owadan matalary dokamaga harçlanypdyr. Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, Wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri öz eserinde nygtaýar.
Häzirki döwürde ýüpekçilik ýurdumyzyň dokma senagatynyň geljegi uly pudaklarynyň biri hasaplanýar. Onuň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Muňa obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen hem-de obalarda hil taýdan täze durmuş-ykdysady gatnaşyklary kemala getirmäge, oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda ähli şertleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar ýardam etdi. Ýüpek pilesiniň iň gowy görnüşleriniň ýetişdirilmegi, pudagyň ygtybarly iým binýadynyň döredilmegi ýylsaýyn oňyn netijelerini berýär. Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda tut agaçlarynyň ekilýän meýdanlary giňeldilýär.
Dokma senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň önümçiligini artdyrmak boýunça strategik wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň welaýatlarynda onlarça kärhanany özünde jemleýän dokma senagatynyň ýokary tehnologik kuwwaty we ygtybarly çig mal binýady döredildi. Aşgabadyň ýüpek fabriginiň, Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň önümçilik düzümleriniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy bu kärhanalarda ýüpek halylary, milli ketenini, ýüpekden beýleki matalary öndürýän täze önümhanalaryň açylmagyna mümkinçilik berdi. Diýarymyzda öndürilýän ýüpek süýüminiň hasabyna Aşgabadyň panbarhat fabriginiň bökdençsiz işi üpjün edilýär. Matanyň bu görnüşi zenanlaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Şunuň bilen birlikde, içerki we daşarky bazarlarda «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» haryt nyşanly dokma önümlerine uly isleg bildirilýär. Olaryň hil hem-de ekologik howpsuzlygy boýunça standartlara laýyk gelýändigi ISO 9001, ISO 14001, OHSAS 18001 halkara güwänamalary, şeýle hem abraýly «Oeko-Tex Standard 100» belligi bilen tassyklanylýar.
Milli dokmaçylyk sungaty ussat türkmen dokmaçylarynyň köpasyrlyk däplerine, zehinine esaslanyp, häzirki günde özboluşly nusganyň sanly tehnologiýalar bilen sazlaşygyny emele getirýär. Düýpli döwrebaplaşdyrmak strategiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň dokma senagaty ýokary tehnologiýaly önümçilik nusgasyna geçdi. Iş amallarynyň awtomatlaşdyrylmagy, sanly gözegçiligiň amala aşyrylmagy serişdeleriň tygşytly sarp edilmegini hem-de önümleriň halkara hil standartlaryna doly laýyk gelmegini üpjün edýär. Häzirki zaman dokma toplumlarynda halkymyzyň taryhy mirasyny döwrebap nusgalara ornaşdyrmak bilen, doly önümçilik tapgyrly iş usuly üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ekologik taýdan arassa, tebigy çig mal bilen üpjün edilen, «Türkmenistanda öndürildi» ýazgyly milli haryt nyşanly önümleriň bäsdeşlige ukyplylygy eksportyň ugurlaryny ep-esli giňeltmäge, döwletimiziň halkara bazarlarda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli haly önümçiliginde hem maliýe we önümçilik görkezijileri durnukly ösýär. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawlary esasynda halyçylyk däplerine aýratyn üns berilýär. Maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy munuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, nepisligi, inçeligi, nusgalyk ajaýyplygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli oňat häsiýetleri, özboluşly milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi öz beýanyny tapýar. Asyrlarboýy milli durmuş ýörelgeleriniň esasyny düzýän el işlerindäki nagyş-bezegler Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň esasy bölegini emele getirip, halkymyzyň agzybirligini, nesilleriň dowamatlylygyny, ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlylygy alamatlandyrýar.
Nepis göller ak mermerli Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbinde hem öz beýanyny tapýar. Hususan-da, 2016-njy ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň baş binasynyň ýokarsynda ýerleşdirilen haly göli dünýäde iň uly göl hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi çeper elli gelin-gyzlarymyzyň yhlasly zähmeti bilen döredilen ajaýyp halylaryň dünýä siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy hökmünde nobatdaky ykrarnamasy boldy. Şeýle çözgüdiň kabul edilmegi sungat derejesine ýetirilen bu senedi ebedileşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesidir.
Halyçylyk pudagynyň ussat hünärmenleri umumy üstünliklere uly goşant goşýarlar. Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen görkezijiler hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 107,4 göterime barabar boldy. Asyrlaryň çeperçilik däp-dessurlaryny, iň gowy serişdeleri özünde jemleýän, dünýäde meşhur ajaýyp haly önümlerimiz halkara auksionlarda, sergilerde uly islegden peýdalanýar.
Ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň öý dokma önümleriniň sergisi bolan «Heimtextil» sergisine gatnaşmagy döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidir. Giň möçberli gözden geçirilişiň çäklerinde Babadaýhan dokma toplumy, «Ajaýyp bina» hojalyk jemgyýeti daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen harytlary eksport etmek boýunça şertnama baglaşdylar. Meşhur moda görkezilişlerinde, şol sanda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara forumynda milli egin-eşiklerimiziň dürli görnüşleriniň tanyşdyrylmagy milli haryt nyşanlarymyzy dünýä bazarynda ilerletmegiň netijeli guraly bolup durýar.
Ugurdaş kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek hem-de ýerli tebigy çig malyň esasynda innowasion önümçilikleri ýola goýmak babatda iri daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlaryň ýurdumyzyň geljegi uly dokma toplumynda bilelikde iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellemek gerek. 4 — 6-njy iýun aralygynda Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Turkmentextile Expo — 2026” atly halkara sergi-ýarmarka pudagyň ägirt uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Oňa diňe bir esasy öndürijiler we dokma önümlerini iberijiler däl-de, dünýä belli dizaýnerler hem gatnaşdylar. Milli äheňde bezelen diwarlyklarda tebigy süýümden ýokary hilli ýüplügi taýýarlamakdan başlap, tikin, trikotaž we ýüpek önümlerini çykarmaga çenli önümçilik işiniň esasy tapgyrlary bilen tanyşdyryldy.
Gözden geçirilişde matalaryň görnüşleriniň köpdürlüligi, erkekler üçin köýnekler, dürli görnüşdäki gündelik we sport lybaslary, şol sanda häzirki zaman dizaýn usullarynda taýýarlanylan jins önümleri ýaly geýimleriň uly toplumy görkezildi. Serginiň çäklerinde türkmenistanly we daşary ýurtly dizaýnerleriň işläp taýýarlan, milliligiň, döwrebaplygyň sazlaşykly utgaşygyny özünde jemleýän lybaslaryň toplumlarynyň görkeziliş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýanyndaky Aşgabadyň modeller öýüniň, Fransiýanyň, Marokkonyň, Omanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň dünýä belli modalar öýleriniň we dizaýnerleriniň taýýarlan lybaslary çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Tikinçilik, dokma kärhanalarynyň önümleriniň daşarky bazarda uly islege eýe bolmagy olaryň dünýä modasynyň öňdebaryjy ýörelgelerini ulanmak arkaly täzeçillikleri çalt ornaşdyryp bilmek ukybyna baglydyr. Şeýle halkara çäreleriň yzygiderli guralmagy «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Aşgabadyň sebitiň medeniýet, sungat we gözellik merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýandygyny görkezýär. Forumyň ikitaraplaýyn duşuşyklardan, tanyşdyryş dabaralaryndan ybarat bolan iş maksatnamasy «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşanynyň dünýä bazaryndaky ornuny giňeltmek hakynda täjirçilik ylalaşyklaryna gol çekilmegi bilen jemlendi.
Şeýlelikde, içerki islegleri we dünýä bazarynyň talaplaryny nazara almak bilen, geljegi uly ugurlarda pudagyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanylmagy, maliýe-ykdysady görkezijileriň ösdürilmegi ýurdumyzyň dokma senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.