Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
Teswirlemeler
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
Çap edildi 05.08.2026
2095

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän, ýur­du­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­ne we hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len öň­den­gö­rü­ji­lik­li döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­si bo­lan tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Milli me­de­ni­ýe­tiň ös­dü­ril­me­gi, gaý­ta­lan­ma­jak milli mi­ra­sy­my­zyň go­ra­lyp sak­la­nyl­ma­gy, öw­re­nil­me­gi, gel­jek ne­sil­le­re ýe­ti­ril­me­gi hem-de dün­ýä­de giň­den wa­gyz edil­me­gi me­de­ni stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şo­ňa gö­rä, dö­re­di­ji­lik işi­ni ne­ti­je­li alyp bar­mak, bu ugur­da iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär, de­giş­li des­ga­lar ul­gam­la­ýyn döw­re­bap­laş­dy­ry­lyp, ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk bin­ýa­dy kä­mil­leş­di­ril­ýär.

Me­de­ni­ýet jem­gy­ýe­tiň ru­hy bin­ýa­dy, onuň saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň çeş­me­si­dir. Ol sun­ga­ty we däp-des­sur­la­ry, bi­lim­le­ri, aň-paý­has müm­kin­çi­lik­le­ri­ni, mi­ze­mez ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär. Me­de­ni­ýet ada­myň dün­ýä­ga­raý­şy­ny, şah­sy hä­si­ýet­le­ri­ni, dö­re­di­ji­lik­li pi­kir­le­ni­şi­ni ke­ma­la ge­tir­ýär. Ta­ry­hy tej­ri­bä­ni ne­sil­den-nes­le ge­çir­mek bi­len, ol dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň ara­syn­da­ky aý­ryl­maz ara­bag­la­ny­şy­gy be­ýan edip, ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Me­de­ni­ýe­tiň hem-de sun­ga­tyň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň dö­red­ýän, hal­ky­my­zy tä­ze be­lent sep­git­le­re ruh­lan­dyr­ýan eser­le­rin­de öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ýur­du­my­zyň bu ugur­da Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty ga­dym­dan gel­ýän öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry we tä­ze­çil­lik­le­ri, baý ta­ry­hy tej­ri­bä­ni, hä­zir­ki za­man ýö­rel­ge­le­ri saz­la­şyk­ly ut­gaş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne şu ýy­lyň wa­ka­la­ry­nyň my­sa­lyn­da hem aý­dyň göz ýe­tir­mek bol­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li gu­ra­lan Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi bar.

Şu ýyl Bal­kan we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­len giň ge­rim­li dö­re­di­ji­lik fo­ru­my­nyň mak­sat­na­ma­sy baý maz­mun­ly bol­dy. Gu­ra­lan du­şu­şyk­lar, ede­bi­ýat ag­şam­la­ry, mas­la­hat­lar, okuw­lar, ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry, sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­sert­le­ri, ýaş ar­tist­le­riň çy­kyş­la­ry, teatr­laş­dy­ry­lan sah­na­lar, film­le­riň gör­ke­zi­liş­le­ri, ser­gi­ler milli me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň kö­pu­gur­ly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hem-de tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da ösüş ugur­la­ry­ny be­ýan et­di.

Her ýy­lyň 21-22-nji mar­tyn­da bel­le­nil­ýän Milli ba­har baý­ra­my — Hal­ka­ra Now­ruz gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän çä­re­ler milli mi­ra­sy­my­za go­ýul­ýan be­lent sar­pa­nyň aý­dyň güwäsidir. Däp bol­şy ýa­ly, şu ýyl esa­sy da­ba­ra­lar Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da­ky “Now­ruz ýaý­la­syn­da” ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mer­ke­zin­de dö­rän we adam­za­dyň ösü­şi­ne uly go­şant go­şan ga­dy­my türk­men şä­her­le­ri­niň çe­per keş­bi baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­na aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy. Halk däp-des­sur­la­ry, aý­dym-saz­ly, folk­lor-sah­na­laş­dy­ry­lan çy­kyş­lar, milli amaly-ha­şam sun­ga­ty­nyň gör­nüş­le­ri ýyg­na­nan­lar­da aý­ra­tyn tä­sir gal­dyr­dy. Her ýyl gu­ral­ýan bu baý­ram­çy­lyk il­deş­le­ri­mi­ziň, şol san­da da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň köp san­ly­sy­ny özü­ne çek­ýär.

Hal­ky­my­zyň gaý­ta­lan­ma­jak ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aja­ýyp eser­le­ri­niň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideriniň we döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň yl­my esas­lan­dyr­ma­la­ra, mag­lu­mat­la­ra baý­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan çuň maz­mun­ly eser­le­ri oky­jy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Mu­ny ola­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň bir­nä­çe­si­ne ter­ji­me edil­me­gi hem tas­syk­la­ýar.

Ki­tap dö­rä­li bä­ri ol bi­lim we paý­has çeş­me­si ha­sap­la­nyp ge­lin­ýär. Oka­mak pi­kir­le­ni­şi, akyl ýe­ti­ri­ji­li­gi ös­dü­rip, dün­ýä­ga­raý­şy hem-de ha­bar­ly­ly­gy gi­ňeld­ýär. Ki­tap ta­ry­hyň, me­de­ni-ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň, ylym-bi­li­miň na­ma­sy bol­mak bi­len, ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de ýol­gör­ke­zi­ji bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ki­ta­ba aý­ra­tyn hor­mat bi­len ga­ra­mak türk­men hal­ky­nyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len asyl­ly däp­le­ri­niň bi­ri­dir. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýän ga­dy­my şä­her­ler­de dö­re­di­len iri ki­tap­ha­na­lar hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Ga­dy­my Merw öz gül­läp ösen döw­rün­de yl­my mer­kez hök­mün­de meş­hur bo­lup, ki­tap­ha­na­la­ryn­da ýyg­na­nan baý ki­tap gor­la­ry bi­len şöh­rat­la­nyp­dyr.

Hä­zir­ki wagt­da Di­ýa­ry­myz­da bu ýö­rel­ge­ler my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da, äh­li se­bit­ler­de mö­hüm me­de­ni, aň-bi­lim ýaý­ra­dyş, yl­my hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýän ki­tap­ha­na­lar he­re­ket ed­ýär. Ki­tap gaz­na­la­ry­nyň yzy­gi­der­li üs­ti ýe­ti­ri­lip, de­giş­li mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýat döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar, ýo­ka­ry bi­lim­li hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na uly üns be­ril­ýär. Hor­mat­ly Prezidentimiziň de­giş­li Ka­ra­ry bi­len ge­çen ýyl­da tas­syk­la­nan “Türk­me­nis­ta­nyň ki­tap­ha­na ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2025 — 2029-njy ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy” hem-de ony amala aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy bu ugur­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, san­ly öz­gert­me­ler wa­jyp ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ki­tap­la­ry däp bo­lan sak­laý­jy­lar­dyr me­de­ni ojak­lar hök­mün­de ki­tap­ha­na­la­ryň mak­sa­dy oky­jy­la­ryň hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­mek­den, olar bi­len, şol san­da ägirt uly bi­lim çeş­me­le­ri ýyg­na­nan san­ly gi­ňiş­lik­de iş­jeň ara­gat­na­şyk­da bol­mak­dan yba­rat­dyr. Ki­tap­ha­na­la­ryň işi­niň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy gaz­na­da­ky ki­tap­la­ryň ha­sa­by­ny we ýer­leş­di­ri­li­şi­ni, mag­lu­mat­la­ryň göz­le­ni­li­şi­ni, top­la­ny­ly­şy­ny, sak­la­ny­ly­şy­ny saz­la­şyk­ly ýo­la goý­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Elekt­ron ki­tap­ha­na­la­ryň, san­ly ki­tap gor­la­ry­nyň to­ru­nyň dö­re­dil­me­gi oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ze­rur ede­bi­ýa­ta giň el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün ed­ýär.

Me­de­ni mi­ra­sy go­rap sak­la­mak­da we wa­gyz et­mek­de ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak milli gym­mat­lyk­la­ry sak­la­ýan mu­zeý­le­re uly orun de­giş­li­dir. Ser­gi­ler­de gör­ke­zil­ýän, mu­zeý gaz­na­la­ryn­da sak­la­nyl­ýan gym­mat­lyk­lar, şol san­da ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­lar, şe­kil­len­di­riş, amaly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri, halk se­net­çi­lik eser­le­ri­niň nus­ga­la­ry hal­ky­my­zyň ta­ry­hy­nyň we öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­nyň müň­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan­dy­gy­ny şöh­le­len­dir­ýär. Ýur­du­my­zyň mu­zeý­le­ri­niň ta­pyn­dy gor­la­ry­nyň tä­ze gym­mat­lyk­lar bi­len ul­gam­la­ýyn esas­da üs­ti ýe­ti­ril­ýär. Olar­da hä­zir­ki döw­rü­mi­ze mah­sus ýo­ka­ry dö­re­di­ji­lik ru­hy öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Mu­zeý işi­ni ös­dür­mek me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nen­dir. Bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän yzy­gi­der­li çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de mu­zeý­ler ýur­du­my­zyň iri me­de­ni, aň-bi­lim, yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri­ne öw­rül­di.

Di­ýa­ry­my­zyň çä­gin­de döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­la­ry­nyň bir­nä­çe­si he­re­ket ed­ýär. Ola­ryň her bi­ri açyk as­ma­nyň as­tyn­da­ky öz­bo­luş­ly mu­zeý­­dir. San­ly we mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy mu­zeý­le­riň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da mu­zeý­le­riň web saýt­la­ry, wir­tual sy­ýa­hat ugur­la­ry dür­li gym­mat­lyk­la­ryň top­lu­my bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­nuň özi ýaş nes­liň öz ýur­du­nyň ta­ry­hy­na we me­de­ni­ýe­ti­ne bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny art­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Gahryman Arkadagymyzyň we döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu ugur­da­ky ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar ös­dü­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da da­şa­ry döw­let­ler­de, şol san­da Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň iri sun­gat mer­ke­zi bo­lan Nýu-Ýork­da­ky “Met­ro­po­li­ten” mu­ze­ýin­de, Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň bir­nä­çe mu­zeý­le­rin­de ýur­du­my­zyň mu­zeý gym­mat­lyk­la­ry­nyň iri ser­gi­le­ri­niň gu­ra­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Şu ýy­lyň ap­rel aýyn­da Rim­dä­ki Ka­pi­to­liý mu­ze­ýin­de «Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my si­wi­li­za­si­ýa­la­ry» at­ly ar­heo­lo­gik ser­gi öz işi­ni ta­mam­la­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Prezidentimiz ge­çen ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Ita­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­na amala aşy­ran res­mi sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de onuň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.

Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de milli teatr sun­ga­ty ga­dy­my däp­le­ri, nus­ga­wy mek­de­bi we dra­ma­tur­gi­ýa­nyň tä­ze ugur­la­ry­ny saz­la­şyk­ly ut­gaş­dy­ryp, ok­gun­ly ös­ýär. Ýur­du­my­zyň teatr­la­ry­nyň re­per­tuar­la­ry­na türk­men we da­şa­ry döw­let­le­riň nus­ga­wy, hä­zir­ki za­man ede­bi eser­le­ri esa­syn­da sah­na­laş­dy­ry­lan spek­takl­lar gi­ri­zil­ýär. Teatr­la­ryň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry ta­ra­pyn­dan tä­ze sah­na oýun­la­ry goý­lup, olar­da Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy we he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň da­ba­ra­lan­ma­sy, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň dö­re­di­ji­lik ru­hy, üs­tün­lik­le­ri aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Milli Liderimiziň ta­gal­la­la­ry esa­syn­da milli me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan ope­ra sun­ga­ty­nyň ösü­şi­ne tä­ze iter­gi be­ril­di. Soň­ky dö­wür­de meş­hur ope­ra spek­takl­la­ry tä­ze­den go­ýul­dy. “Şa­se­nem-Ga­ryp”, “Zöh­re-Ta­hyr”, “Aý­na” we beý­le­ki­ler şo­la­ryň ha­ta­ryn­da­dyr. “Gö­rog­ly”, “Mag­tym­gu­ly” ýa­ly tä­ze ope­ra­la­ryň il­kin­ji gör­ke­zi­liş­le­ri bol­dy. Şu ýy­lyň Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň mak­sat­na­ma­sy­na “Leý­li-Mej­nun” ope­ra­sy­nyň gör­ke­zi­li­şi gi­ri­zil­di.

Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň, şol san­da onuň nus­ga­wy ýo­lu­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Onuň ke­ma­la gel­me­gi we ösü­şi gör­nük­li türk­men kom­po­zi­tor­la­ry­nyň at­la­ry bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de bu ugur­da ýaş ze­hin­ler üs­tün­lik­li iş­le­ýär­ler. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, aý­dym-sa­zyň beý­le­ki žanr­la­ry, aý­dym aýt­mak we ho­reog­ra­fi­ýa sun­ga­ty ös­dü­ril­ýär. Şun­da hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk öz­bo­luş­ly dö­re­di­ji­lik däp­le­ri­niň go­ra­lyp sak­la­nyl­ma­gy­na, gel­jek ne­sil­le­re ýe­ti­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­ny, “Küşt­dep­di” aý­dym we tans des­su­ry­ny my­sal hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men milli kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy, Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty bu ugur­da ýur­du­my­zyň esa­sy ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri bo­lup dur­ýar. Aş­ga­bat we Arkadag şä­her­le­rin­de, we­la­ýat­lar­da hem ýö­ri­te­leş­di­ri­len saz­çy­lyk we sun­gat mek­dep­le­ri he­re­ket ed­ýär.

Ýaş nes­liň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni ga­zan­mak, ola­ryň öz ze­hi­ni­ni we ba­şar­nyk­la­ry­ny do­ly aç­ma­gy üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Paý­tag­ty­myz­da gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan “Gü­neş­li” ça­ga­lar we ýet­gin­jek­ler mer­ke­zin­de ýa­şa­jyk ra­ýat­la­ry­my­zyň dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry, baý milli mi­ra­sy­myz bi­len iç­gin ta­nyş­mak­la­ry üçin äh­li şert­ler göz öňün­de tu­tul­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, onuň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy 2025-nji ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da bel­le­ni­len Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­nü­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­di. Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideriniň baş­lan­gy­jy bi­len bu top­lum Ba­zar Ama­now adyn­da­ky Döw­let ça­ga­lar ki­tap­ha­na­sy­nyň san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­jak tä­ze bi­na­sy­ny hem öz içi­ne alar. Onuň çä­gin­de te­les­kop ar­ka­ly älem gi­ňiş­li­gi­ni syn­la­ma­ga ni­ýet­le­nen ob­ser­wa­to­ri­ýa ota­gy­nyň bol­jak­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Bu ki­tap­ha­na­nyň gur­lu­şy­gy Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na amala aşy­ryl­ýar. Mu­nuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ata­lyk ala­da­sy­nyň ýe­ne bir aý­dyň gü­wä­si­dir.

Hor­mat­ly Prezidentimiziň nyg­taý­şy ýa­ly, döw­le­ti­miz gel­jek­de hem me­de­ni­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­mek, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň hö­wes­len­di­ril­me­gi we hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­nyl­ma­gy, ola­ryň us­sat­lyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek­le­ri, aja­ýyp eser­le­ri dö­ret­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çi­rer. Bu iş­de ýur­du­myz­da gu­ral­ýan dür­li dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Dö­re­di­ji­lik, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň, hö­wes­jeň aý­dym­çy ýaş­la­ryň, ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da yg­lan edil­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şik her ýyl köp san­ly gat­na­şy­jy­la­ry bir ýe­re jem­le­ýär. Onuň çäk­le­rin­de «Ýaň­lan, Di­ýa­rym!» te­le­bäs­le­şi­gi, «Çal­sa­na, bag­şy!», «Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri» bäs­le­şik­le­ri ge­çi­ril­ýär.

Hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de me­de­ni­ýet has köp­gy­raň­ly hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň äh­lu­mu­my gu­ra­ly bol­mak bi­len, ol halk­la­ryň we ýurt­la­ryň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mä­ge, yna­ny­şyk­ly, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ra ýar­dam edip, pa­ra­hat­çy­lyk­ly dia­log üçin meý­dan­ça­ny dö­red­ýär. Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­ny yzy­gi­der­li iler­led­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz hal­ka­ra yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn ber­kit­mek bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry öňe sü­rüp, bu ugur­da anyk ädim­le­ri äd­ýär. Bu mak­sat­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ge­çen ýyl­da gol çe­ken de­giş­li Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­ny­lan “Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2026 — 2052-nji ýyl­lar üçin Stra­te­gi­ýa­sy­nyň” hem esa­sy­ny düz­ýär.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu res­mi­na­ma Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Gaý­ta­lan­ma­jak milli me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň kö­pö­wüş­gin­li­li­gi bi­len dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni ta­nyş­dyr­mak, me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­ni we ugur­la­ry­ny gi­ňelt­mek, me­de­ni­ýet, sun­gat iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da tej­ri­be al­şyl­ma­gy üçin dö­re­di­ji­lik meý­dan­ça­la­ry­ny dö­ret­mek Stra­te­gi­ýa­da esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nen­dir. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Türk­me­nis­tan ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit guramalary, şol san­da BMG, onuň iri ugur­daş dü­züm­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­me­gi mak­sat edin­ýär. Ýur­du­my­zy BMG-niň bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy — ÝU­NES­KO bi­len köp­ýyl­lyk ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk bag­la­nyş­dyr­ýar. Bu ba­bat­da ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň milli to­pa­ry­na mö­hüm orun de­giş­li­dir.

Bi­le­lik­dä­ki ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de türk­men top­ra­gyn­da ýer­leş­ýän ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça bu dü­züm bi­len bi­le­lik­de amala aşy­ryl­ýan giň gerimli iş­le­ri gör­kez­mek bo­lar. Türk­men hal­ky­nyň mad­dy we mad­dy däl me­de­ni­ýe­ti­niň öz­bo­luş­ly des­ga­la­ry­nyň, däp-des­sur­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň te­bi­gy gö­zel ýer­le­ri­niň ÝU­NES­KO-nyň de­giş­li sa­naw­la­ry­na gi­ri­zil­me­gi ola­ryň umu­ma­dam­zat äh­mi­ýe­ti­ne eýe­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu ugur­da de­giş­li iş­ler ul­gam­la­ýyn esas­da do­wam et­di­ril­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) bi­len hyz­mat­daş­ly­gy hem ok­gun­ly hä­si­ýe­te eýe­dir. Şu ýy­lyň wa­ka­la­ry mu­ny ýe­ne bir ge­zek tas­syk­la­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da 3-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de TÜRK­SOÝ-yň XXVII ope­ra gün­le­ri my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­ly kon­ser­ti gör­kez­mek bo­lar. Ol ýur­du­my­zyň, Tür­ki­ýä­niň, Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň hem-de Öz­be­gis­ta­nyň aý­dym-saz sun­ga­ty bo­ýun­ça us­sat­la­ry­ny bir ýe­re jem­le­di. Ola­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de nus­ga­wy dün­ýä we tür­ki ope­ra sun­ga­ty­nyň aja­ýyp eser­le­ri ýaň­lan­dy. Onuň öňü­sy­ra­syn­da Mu­kam­lar köş­gün­de gör­nük­li kom­po­zi­tor We­li Mu­ha­do­wyň dog­lan gü­nü­niň 110 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan kon­sert ge­çi­ril­di. Kon­sert­de türk­men sa­zan­da­la­ry we tür­ki döw­let­le­riň ar­tist­le­ri çy­kyş et­di­ler.

Türk­me­nis­tan Ys­lam dün­ýä­si­niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy (ICESCO) bi­len hyz­mat­daş­ly­ga-da hal­ka­ra yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry hök­mün­de ga­ra­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz şu ýy­lyň ma­ýyn­dan bä­ri bu gu­ra­ma­da syn­çy de­re­je­si­ne eýe­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 13-14-nji maý­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­syn­da sa­par­da bo­lup, «Ka­zan­Fo­rum — 2026» at­ly hal­ka­ra çä­re­le­re gat­na­şan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ka­zan şä­he­ri­niň 2026-njy ýyl­da «Ys­lam dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň mas­la­ha­tyn­da­ky çy­ky­şyn­da Gahryman Arkadagymyz ICESCO bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­ki ugur­la­ry­na tä­ze iter­gi we dö­re­di­ji­lik ru­hu­ny ber­ýän bir­nä­çe anyk tek­lip­le­ri be­ýan et­di. Gu­ra­ma­nyň Baş di­rek­to­ry öz çy­ky­şyn­da 2028-nji ýyl­da Aş­ga­ba­dy “Ys­lam dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty” di­ýip yg­lan et­mek ug­run­da de­giş­li iş­le­riň ge­çi­ri­lip baş­la­nan­dy­gy ba­ra­da aýt­dy.

Ýur­du­myz­da hem-de da­şa­ry döw­let­ler­de aý­dym-saz we teatr fes­ti­wal­la­ry­nyň, kon­sert­le­riň, film­le­riň gör­ke­zi­liş­le­ri­niň, ser­gi­le­riň gu­ral­ma­gy me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­ny iş­jeň iler­let­mä­ge gö­nü­den-gö­ni ýar­dam ed­ýär. Şu ýyl Aş­ga­bat we Arkadag şä­her­le­rin­de Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da, Gru­zi­ýa­da bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. Türk­men sun­gat us­sat­la­ry, aý­dym-saz to­par­la­ry da­şa­ry döw­let­ler­de ge­çi­ril­ýän me­de­ni hem-de dö­re­di­ji­lik çä­re­le­ri­ne yzy­gi­der­li gat­naş­ýar­lar. Hal­ka­ra fes­ti­wal­lar­da, bäs­le­şik­ler­de Wa­ta­ny­my­za my­na­syp we­kil­çi­lik edip, ab­raý­ly baý­rak­la­ra eýe bol­ýar­lar.

Milli ki­ne­ma­tog­raf­la­ry­myz hem uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar. Meş­hur ki­no us­sat­la­ry­nyň ýo­la go­ýan ýö­rel­ge­le­ri hä­zir­ki ne­sil­ler ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýar­dam ber­me­gin­de su­ra­ta dü­şü­ri­len “Kom­po­zi­tor” at­ly fil­miň TÜRK­SOÝ-yň hal­ka­ra baý­rak­la­ry­na my­na­syp bol­ma­gy şan­ly wa­ka­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di. De­giş­li sy­lag­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy şu ýy­lyň 17-nji few­ra­lyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan Türk­men ki­nosynyň gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de An­ka­ra şä­he­rin­dä­ki Ýa­şar Ke­mal adyn­da­ky me­de­ni mer­ke­zde ge­çi­ril­di. Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­na fil­miň dö­re­dil­me­gi­ne go­şan uly go­şan­dy üçin «Go­şa ga­nat­ly uly la­çyn» at­ly ýö­ri­te baý­rak gow­şu­ryl­dy. Öz ge­ze­gin­de, kom­po­zi­tor Ke­rim Berdimuhamedow fil­mi saz bi­len be­zän­di­gi üçin «Ga­nat­ly al­tyn be­dew» sy­la­gy bi­len sy­lag­la­nyl­dy.

“Kom­po­zi­tor” fil­mi ozal hem ab­raý­ly sy­lag­la­ryň bir­nä­çe­si­ne my­na­syp bo­lup­dy. 2024-nji ýyl­da film ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len “Gor­kut ata” at­ly IV hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wal­da emin­le­riň ýö­ri­te baý­ra­gy­na we “Iň go­wy ze­nan keş­bi” baý­ra­gy­na eýe bol­dy. 2025-nji ýyl­da bu film Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Mosk­wa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa sun­ga­ty­nyň Ýew­ra­zi­ýa aka­de­mi­ýa­sy­nyň «Göw­her ke­be­lek» at­ly açyk Ýew­ra­zi­ýa ki­no­fes­ti­wa­lyn­da «Iň go­wy su­rat­keş» ug­ry bo­ýun­ça baý­rak­la­ra my­na­syp gör­lüp­di. Ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa sun­ga­ty­nyň Ýew­ra­zi­ýa aka­de­mi­ýa­sy­nyň bu baý­ra­gy milli we umu­ma­dam­zat me­de­ni, ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­ny wa­gyz ed­ýän film­le­re be­ril­ýär. Mu­nuň özi hä­zir­ki za­man türk­men ki­no­sy­nyň di­ňe bir öz­bo­luş­ly däp­le­ri sak­la­man, eý­sem, hal­ka­ra me­de­ni gi­ňiş­li­ge hem iş­jeň go­şu­lyş­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi-de ugur edin­ýär. Dür­li ýurt­la­ryň we halk­la­ryň me­de­ni­ýe­ti, däp-des­sur­la­ry, te­bi­gy, ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­len ta­nyş­mak ada­myň ru­hy dün­ýä­si­ni baý­laş­dyr­ýar, öza­ra dü­şü­niş­mä­ge, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Bu ba­bat­da kö­pu­gur­ly müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan Wa­ta­ny­myz da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň ag­za­sy bo­lan Türk­me­nis­tan gel­je­gi uly bu ugur­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň ta­rap­da­ry­dyr.

Ýur­du­my­zyň me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ne­ti­je­li gu­ral­la­ry­nyň bi­ri-de türk­men hal­ky­nyň be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­niň öm­rü­ne we dö­re­di­ji­li­gi­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra mas­la­hat­lar­dyr hem-de fo­rum­lar­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­me­gi mö­hüm wa­ka bol­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz bu şan­ly se­nä­ni 2024-nji ýyl­da dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len bi­le­lik­de giň­den da­ba­ra­lan­dyr­dy. Şol ýy­lyň ma­ýyn­da hor­mat­ly Prezidentimiziň gat­naş­ma­gyn­da paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta bö­le­gin­de, Kö­pet­da­gyň ete­gin­de «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my açyl­dy. Onuň çä­gin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň uzak­dan se­leň­läp gö­rün­ýän ýa­dy­gär­li­gi bi­na edil­di. Şeý­le hem bu ýer­dä­ki se­ýil­gäh­de dür­li ýurt­la­ryň we halk­la­ryň we­kil­le­ri bo­lan meş­hur ýa­zy­jy­la­ryň, şa­hyr­la­ryň, akyl­dar­la­ryň heý­kel­le­ri otur­dyl­dy. Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len bu se­ýil­gäh top­lu­my Aş­ga­ba­dyň gö­zel ýer­le­ri­niň bi­ri bol­mak bi­len, dost-do­gan­ly­gyň, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň hem aja­ýyp ny­şa­ny­na öw­rül­di.

Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­le­ri bo­lup çy­kyş ed­ýän ahal­te­ke at­la­ry gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi bi­len milli hem-de dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň tä­sin­li­gi hök­mün­de yk­rar edi­len­dir. «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra at­ly sport ýa­ryş­la­ry, be­hiş­di be­dew­le­riň gö­zel­lik bäs­le­şik­le­ri, “Gal­ky­nyş” milli at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky çy­kyş­la­ry-da ýur­du­my­zyň me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.

Şeý­le­lik­de, şu ýyl mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýän Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­syn­da me­de­ni gün ter­ti­bi­ni iş­jeň iler­let­mek bi­len, äh­li ýurt­la­ryň we halk­la­ryň ara­syn­da dost­luk­ly, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne uly go­şant go­şup, pa­ra­hat­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik, dö­re­di­ji­lik tag­lym­la­ry­na üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow