Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
Teswirlemeler
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
Çap edildi 04.08.2026
19

Saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän strategiýanyň wajyp düzüm bölegi bolup çykyş edýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak bu ugurda alnyp barylýan maksada gönükdirilen giň gerimli işleriň esasylarynyň biridir.

Ýurdumyzda her bir raýat abadan ýaşaýşa bolan hukuklaryny durmuşa geçirýär, döwlet tarapyndan döredilýän durmuş-ykdysady mümkinçiliklerden peýdalanýar hem-de Watanymyzyň durnukly gülläp ösmegine mynasyp goşandyny goşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe reproduktiw saglygy berkitmek, ýokary hilli lukmançylyk kömegine elýeterliligi giňeltmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalar, maşgalany hemmetaraplaýyn goldamaga, çaga dogluşyny höweslendirmäge, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 20-nji iýunynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama we bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Maksatnamanyň ady hem esasy ýörelgäni açyp görkezýär — sagdyn eneden sagdyn çaga dünýä inýär. Şoňa görä, zenanlaryň saglygyny goramaga, keselleriň irki tapgyrda ýüze çykarylmagyna, netijeli bejerilmegine, zenany dogruma taýýarlamaga, dogrumdan öňki we soňky döwürde ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmaty bilen üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, soňky döwürde dünýä ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň arasynda kesellemegiň, ölüm howply ýagdaýlaryň sanyny azaltmakda düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Durnukly ösüş maksatlary bilen özara baglanyşykly anyk çäreleriň amala aşyrylmagy dünýäniň ilatynyň saglygynyň we abadançylygynyň has-da gowulanmagyna getirdi. Gazanylan netijeleriň berkidilmeginde, galan meseleleriň çözülmeginde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi möhüm orna eýedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, akademik, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä standartlarynyň derejesine çykarmaga, hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmäge, hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döretdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky syýasaty toplumlaýyn öňüni alyş çärelerine, saglygy goraýşyň, lukmançylyk kömeginiň döwrebap standartlaryna, bu ugurda milli däpleriň döwrebap dünýä tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagyna, ilatyň saglygyny goramakda ylmy çemeleşmelere esaslanýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilen döwlet maksatnamalary, hususan-da, ene süýdi bilen iýmitlendirmek, ganazlyga garşy göreşmek boýunça maksatnamalar halkara derejede ýokary baha mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, bäbekleriň dogry iýmitlendirilmegi olaryň sagdyn ösmek mümkinçiligini ýokarlandyrýar hem-de geljekde beden we akyl taýdan kadaly ösmegine ýardam berýär. Türkmenistanda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, bäbekleriň hem-de kiçi ýaşdaky çagalaryň iýmitlendirilişini kämilleşdirmek boýunça beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Olaryň çäklerinde «Çaga mähirli garaýyşly hassahana» adyny bermek başlangyjy ýurt derejesinde ýaýbaňlandyryldy.

Demir ýetmezçiligi bolan ganazlyk dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynda ilatyň saglygynyň wajyp meselesidir. Adam bedeninde ýod we demir ýetmezçiligi bilen bagly keselleriň öňüni almak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda nahar duzuny ýodlaşdyrmak, uny demir hem-de foliý turşusy bilen baýlaşdyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Netijede, ýurdumyzda orta we agyr derejeli ganazlygyň görkezijileri ep-esli derejede azaldy. Muny 2023-nji ýylda geçirilen Türkmenistanda aýallarda we çagalarda mikronutriýentleri (durmuş taýdan wajyp iýmitlik maddalar — witaminler, mineral maddalar we mikroelementler) öwrenmek boýunça milli barlaglaryň netijeleri-de tassyklaýar. 2011-nji ýyldaky barlaglar bilen deňeşdirilende, çaga dogrum ýaşyndaky aýallaryň we göwreli zenanlaryň, çagalaryň arasynda ganazlygyň derejesiniň ep-esli azalandygyny görmek bolýar. Şunuň bilen bir hatarda, ilatyň saglygyny berkitmek, şeýle hem Türkmenistanda D witamini bilen baglanyşykly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa kabul edildi. Ol döwlet derejesinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, D witamininiň ýetmezçiligi bilen bagly keselleriň öňüni almaga gönükdirilendir.

Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň hatarynda keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek üçin şertleri döretmek we höweslendirmek, saglygy goraýyş, zyýanly endiklere garşy göreşmek bilen bagly wagyz-nesihat işlerini geçirmek, çagalardyr ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, käbir keselleriň döremegine getirýän az hereketli durmuş ýörelgesini aradan aýyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Bu çäreleriň ählisi ýaş nesliň çagalykdan başlap sazlaşykly ösmegi bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu meseleleriň çözülmegine berýän aýratyn ünsüniň, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde pudaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde enjamlaşdyrylyşy we hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleri boýunça dünýä derejesinden pes bolmadyk döwrebap klinikalar, ylmy-kliniki merkezler, saglyk öýleri, lukmançylyk, şypahana-dynç alyş ugurly dürli edaralar guruldy. Şolaryň hatarynda islendik keseli çalt we dessin bejermäge mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalar, döwrebap usullar ornaşdyrylan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri hem bar. Diýarymyzyň ähli bejeriş-öňüni alyş edaralary zerur bolan dermanlar, sarp ediş serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, ýöriteleşdirilen tehnikaly ulaglar bilen doly üpjün edilýär. Öz wagtynda edilýän bu maýa goýumlar özüni doly ödeýär we uly ykdysady peýda getirýär. Çünki sagdyn çagalar ýokary kognitiw ösüşe eýe bolup, döwrebap şertlere çalt uýgunlaşýarlar, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda zähmet çekýän sagdyn, zähmetsöýer raýatlar bolup ýetişýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we döwlet Baştutanymyz saglygy baş baýlyk hasaplaýan halkymyzyň bagtyýarlygyny ähli zatdan ileri tutup, saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasyny ösdürmek bilen bir hatarda, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şol sanda lukman hünärmenleri taýýarlamaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga uly üns berýärler. Geljek bäş ýylyň dowamynda enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ulgamynyň degişli hünärmenler bilen üpjün ediliş ýagdaýy seljeriler. Bu ugurda ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalaryň esasynda hünärmenleri taýýarlamak işini gowulandyrmak maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary gözden geçirmek, olara üýtgetmeleri girizmek, täze hünärleriň açylmagy we kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ulgamyny sebitleşdirmäge aýratyn üns berildi. Ol lukmançylyk hyzmatynyň hem-de kömeginiň ähli derejesinde zerur enjamlar, ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Kabul edilen strategiýalary we maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, soňky ýyllarda öňdebaryjy halkara tejribä esaslanýan çäreler amala aşyryldy. Şolaryň hatarynda döwrebap kliniki protokollary gözden geçirmek we olary amaly lukmançylyga ornaşdyrmak, reproduktiw saglygy goraýyş ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny berkitmek boýunça çäreler bar.

«Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli maksatnama ähli ýaşdaky adamlaryň beden, ruhy, durmuş taýdan saglygyny hem-de abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle-de bäbekleriň saglygyny goramak, öňüni alyp bolýan keselleri aradan aýyrmak, kiçi ýaşly çagalaryň ösüşini goldamak, ýetginjekleriň saglygyny gowulandyrmak boýunça işlere aýratyn üns çekilýär. Mundan başga-da, toplumlaýyn strategiýada saglygy berkitmäge ýardam berýän şertleriň, şol sanda iýmitlenmegiň, bilimiň, durmuş taýdan goraglylygyň, suw üpjünçiliginiň, arassa howanyň, sanitariýanyň, gigiýenanyň we beýlekileriň ornuna üns berlip, integrirlenen we köpugurly çemeleşme öňe sürülýär. Maksatnama enelerdir çagalaryň reproduktiw saglyga bolan hukugyny ykrar edýär hem-de öňüni alyş işlerini has-da güýçlendirmegiň, ilatyň dürli toparlarynda degişli çäreleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny nygtaýar. Onuň çäklerinde reproduktiw saglygy, zenan we erkek önelgesizligi bilen bagly meseleleri öwrenmek dowam etdiriler, dogabitdi we gazanylan keselleriň öňüni almak, olary irki tapgyrlarda ýüze çykarmak üçin zenanlara, çagalara skrining barlaglary geçiriler.

Çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň netijeli öňüni almak, sanjym arkaly dolandyrylýan ýokanç keseller boýunça epidemiologik abadançylygy üpjün etmek üçin immunizasiýa ygtybarly binýat bolmagynda galýar. Türkmenistanda immunizasiýanyň ýokary derejesiniň saklanyp gelinýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan tassyklanan ýokary hilli waksinalary satyn almak işleri diňe döwlet serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Milli sanjym tertibine laýyklykda, çagalara 14 sany ýokanç kesele garşy sanjym edilýär. Şolaryň hatarynda gökbogma, difteriýa, bürme, gepatit B, Hib ýokanjy, gyzamyk, gyzylja, parotit, inçekesel, poliomielit, adamyň papilloma wirusy, rotawirus, pnewmokokk ýokanjy, wirusly gepatitiň A görnüşi bar. Immuno-öňüni alyş işleriniň guramaçylykly geçirilmegi, olara ilatyň işjeň gatnaşmagy, arassaçylyk-epidemiologik çäreler toplumynyň güýçlendirilmegi netijesinde ýurdumyzyň çäginde drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja ýaly ýokanç keseller doly ýok edildi. Gazanylan üstünlikler halkara güwänamalar bilen tassyklanyldy.

Çagalar döwletimiziň hemişe üns merkezindedir. Gadymdan gelýän ynsanperwerlik we mätäje goldaw bermek ýaly asylly ýörelgelere eýerilip, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ata-enesiniň howandarlygyndan mahrum bolan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalýar. Olaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, bagtyýar geljegini üpjün etmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça döwlet derejesinde çäreler görülýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan näsag çagalara uly goldaw berilýär. Gazna 2021-nji ýylda ýaş türkmenistanlylaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek we olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek maksady bilen döredildi. Mälim bolşy ýaly, haýyr-sahawat gaznasy paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň hassahanalarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän çagalary bejermek hem-de saglygyny dikeltmek, zerur bolan lukmançylyk enjamlaryny satyn almak üçin yzygiderli serişdeleri bölüp berýär.

Umuman, häzirki döwürde Türkmenistanda beden we ruhy taýdan sagdyn, ösen aň-düşünjeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen syýasat üstünlikli amala aşyrylýar. «Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň» durmuşa geçirilmegi kiçi ýaşly çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşi boýunça toplumlaýyn hyzmatlary ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegi edaralarynyň ulgamyna ornaşdyrmaga ýardam etdi. Bu ugurda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, mekdepler bilen saglygy goraýyş edaralarynyň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ornaşdyrmak üçin häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýörite ýaşlar merkezlerini döretmek boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň goldaw bermeginde ilatyň arasynda yzygiderli esasda maglumat beriş we wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär, «tegelek stol» duşuşyklary, teleradio çykyşlary guralýar, gazet-žurnallarda makalalar çap edilýär.

«Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli maksatnamanyň maksady eneleriň we çagalaryň saglygyny berkitmekden, keselleriň ýaýramagynyň, ölüm howply ýagdaýlaryň öňüni almakdan, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmekden ybaratdyr. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Zenanlaryň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramagyň 2016 — 2030-njy ýyllar üçin Ählumumy strategiýasyna» doly laýyk gelýär. Sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, maşgala institutynyň ygtybarly durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde birnäçe anyk çäreler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanylar we tassyklanylar.

Enelere, çagalara berilýän mugt lukmançylyk kömeginiň hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, ilatyň dürli toparlarynyň, şol sanda pes girdejili maşgalalaryň, maýyplygy bolan adamlaryň, durmuş goraglylygyna mätäç çagalaryň we maşgalalaryň, ösüş nogsanlyklary bolan çagaly maşgalalaryň saglyk ýagdaýyny öwrenmek we seljermek, olary bellenilen tertipde lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Az çagaly maşgalalarda çaga dogluşyny höweslendirmek boýunça döwlet derejesinde netijeli çäreler görler. Reproduktiw ýaşdaky zenanlarda, çagalarda keselleriň öňüni almak hem-de olary irki tapgyrlarda ýüze çykarmak üçin halkara standartlara laýyklykda, dürli skrining barlaglary geçiriler. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde lukmançylyk, öňüni alyş barlaglary, saglygy berkitmek we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça çäreler guramaçylykly alnyp barlar. Çaga keselleriniň öňüni almak meselelerinde ata-enelere we mugallymlara düşündiriş, maslahat hem-de maglumat beriş işleri işjeňleşdiriler.

Maksatnamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Birinji tapgyr 2026 — 2028-nji ýyllary öz içine alýar. Bu döwürde ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler durmuşa geçiriler. Döredilen pudagara utgaşdyryjy topar maksatnamanyň amala aşyrylyşyna yzygiderli gözegçilik eder we onuň ýerine ýetirilişine orta möhletleýin baha berer. 2029-2030-njy ýyllary öz içine alýan ikinji tapgyrda «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli maksatnamanyň maksatlaýyn görkezijilerine ýetmek boýunça meýilnamalaýyn işler dowam etdiriler we öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine gutarnykly baha berler.

Şeýlelikde, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan maksada gönükdirilen ädimler netijesinde ilata halkara standartlara, döwrebap talaplara, sanly innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna hem-de Türkmenistanyň gazanan ýokary durmuş-ykdysady ösüş derejesini kesgitleýän bu wajyp ugurda toplanan uly tejribä esaslanýan ýokary hilli we elýeterli lukmançylyk hyzmatlary hödürleniler.

Soňky habarlar
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow