Geçen hepdede Diýarymyzda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenildi. Döwlet nyşanlary bolan Konstitusiýa we Döwlet baýdagy Garaşsyz Watanymyzyň mizemez esaslaryny, demokratik gurluşyny hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýän halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyza iberen Gutlagynda: “Mundan 30 ýyl ozal milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler, demokratik taglymatlar, halkara hukugyň kadalary bitewüleşdirilen Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi, baky jebisligimizi, ynsanperwerligiň belent maksatlaryna, parahatçylyk söýüjilige we dostluga ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan haly gölleri, zeýtun baldajyklary, bäş ýyldyzdyr ýarymaý şekillendirilen Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda aýgytly ädimler ädildi” diýlip nygtalýar.
18-nji maýda döwlet Baştutanymyz Konstitusiýa binasyna hem-de Baýdak sütünine dabaraly ýagdaýda gül desselerini goýdy.
16-njy maýda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlerde ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi. Galla oragyny gysga möhletde tamamlamak üçin kombaýnlary abatlamak boýunça tehniki toparlary döretmek hem-de önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklara öňünden taýýarlyk görmek zerurdyr.
Gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygy, tehnikalaryň we gurallaryň doly kuwwatynda işledilmelidigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda sazlaşykly işleriň ýola goýulmagy üçin ähli tagallalar edilmelidir. Pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany ýerine ýetirmek babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylmalydyr. Öňdebaryjy tejribäni we döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly sebitleriň edara-kärhanalarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Döwlet Baştutanymyz medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga berilmegi bilen bagly meseleleri hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
17-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçysyny doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Baştutanlary ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde asyrlaryň dowamynda halklarymyzy baglanyşdyrýan, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň iki ýurduň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. I.Bukato häzirki wagtda Aşgabadyň günorta böleginde sil suwuny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berip, rus holdinginiň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli düzümleýin taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
19-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, hukuk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyny, “Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda”, “Kärhanalar hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, “Lizing hakynda”, “Telekeçilik işi hakynda” Kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanun taslamalaryny taýýarlamak garalan meseleleriň hatarynda boldy.
2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler, Intellektual eýeçilik obýektlerini goramak ugry boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk barada aýdyldy. Türkmen halysynyň baýramyny hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisini, «Türkmen teatr sungaty» atly festiwaly, 2021-2022-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda «Soňky jaň» dabarasyny we Aşgabat şäheriniň güni bilen bagly dabaralary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berildi.
Mejlisde ýurdumyzda täze iş orunlaryny döretmek, maýa goýumlary özleşdirmek, gurulýan senagat kärhanalaryny öz möhletinde ulanmaga bermek bilen baglanyşykly meselelere-de garaldy. Şu ýyl önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 52-sini işe girizmegiň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berildi. Ýanwar — aprel aýlarynda özleşdirilen düýpli maýa goýum serişdeleriniň 59 göterimi durmuş maksatly binalaryň we 41 göterimi önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi.
Ykdysady işleriň görnüşleriniň sanyny artdyrmak we pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan çäreler bilen baglylykda, geljekde-de önümçilik hem-de hyzmat ediş ulgamlarynyň täze kärhanalaryny döretmegi höweslendirmäge, amatly işewürlik gurşawyny kemala getirmäge, edara-kärhanalary döwlet tarapyndan bellige almak ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen işleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutuldy.
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurulýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini ulanmaga tabşyrmaga taýýarlyk görülýär. Häzir bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Dolandyryş we önümçilik toplumlary guruldy, önümçilik bölümlerinde esasy enjamlar gurnaldy. Bu işler berk gözegçilikde saklanylýar. Merkeziň hünärmenleri daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler.
Hökümetiň mejlisinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin “Dostluk” ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ençeme ýyllaryň dowamynda diplomat hökmünde Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşdy. Ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň türkmen tarapyndan başlygy hökmünde döwletara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp bardy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistana we onuň halkyna tüýs ýürekden hormat goýmagyň nyşany hökmünde hem-de däp bolan türkmen-rus dostlukly gatnaşyklarynyň mizemezliginiň alamaty hökmünde garaýandygyny belledi. Şeýle-de bu sylag Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, ýurdumyza belent abraý getiren parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň agzalary bilen geçirilen mejlisiň netijelerini jemläp, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň 7,8 milliard manada barabar bolandygyny nygtady. Şu döwürde täze bellige alnan hojalyk subýektleri 492 sany bolup, sebitler boýunça täze döredilen iş orunlarynyň sany 1 müň 662-ä deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmagy, binýatlaýyn özgertmeleri, sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy işjeňleşdirmegi işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Şeýle-de dünýä tejribesi esasynda tebigy baýlyklarymyzy netijeli peýdalanyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek zerurdyr. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan çykdajylary tölemek hakynda Çözgüdi tassyklady.
20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we baş şäherimiziň durmuş düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri bilen tanyşdy.
Arkadagly Serdarymyz guşuçar belentlikden Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini ulanmaga tabşyrmak boýunça görülýän taýýarlyk işlerini synlady. Bu merkeziň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda hereket edýän elektrik beketleriniň enjamlaryny ýokary derejede abatlamakda möhüm orny eýelär. Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň günbatar böleginde ýerleşen “Gurtly” we “Köşi” ýaşaýyş toplumlaryny, paýtagtymyzda gurulýan “Daşkent” seýilgähini hem synlady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binasynyň gurluşygynyň barşyny, şäheriň demirgazyk bölegindäki desgalar toplumyny synlady. Bu ýerde döwrebap işewürlik we durmuş düzümleri kemala gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň we Magtymguly şaýolunyň ugrundaky söwda merkeziniň gurluşyklary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz dikuçarda paýtagtymyzyň günorta bölegindäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem-de seýilgählere we tokaý zolaklaryna ideg edilişi bilen tanyşdy, dürli desgalaryň gurluşyklary dowam etdirilýän “Parahat-7” ýaşaýyş jaý toplumyny synlady.
Uçuşyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň günortasyndaky ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çägine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ak mermerli paýtagtymyzyň ulag düzüminiň birnäçe desgalarynyň taslamalary, Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan serhedi böleginiň ýerleşjek ýeriniň teklip edilýän çyzgylary, Köpetdag şaýoluny abatlamak, Aşgabadyň çäginiň daşyndan geçýän halkalaýyn ýoluň demirgazyk bölegini döwrebaplaşdyrmak hem-de paýtagtymyzyň günortasynda sil suwlaryny toplaýan gorag desgalaryny gurmak boýunça teklipler hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz seýilgäh toplumyna baryp görmegiň we ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşmagyň dowamynda alnyp barylýan işlerde täzeçil tehnologiýalaryň hem-de ýurdumyzyň howa şertlerine çydamly, ýokary hilli, berk serişdeleriň ulanylmalydygyny nygtady.
20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda netijeli türkmen-gazak gatnaşyklaryny syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeňleşdirmegiň zerurdygyna üns çekildi. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, senagat we oba hojalyk ulgamlary esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Türkmen gazyny goňşy ýurda ibermek boýunça gazanylan ylalaşyga ýokary baha berildi. Gazak tarapy Türkmenistanyň çäginde galla saklamak üçin niýetlenen terminaly gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi.
16-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde ýakynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň netijeleri barada gürrüň edildi.
Özbegistanyň Prezidenti hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitleýin parlamentara hyzmatdaşlykda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen teklipdir başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi. Söhbetdeşler söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, parlamentara gatnaşyklarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, köpasyrlyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdiler.
Geçen hepdede Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine geldi hem-de bu ýerde dogabitdi ýürek kemislikleri, daýanç-hereket ediş keselleri bolan çagalara edilýän lukmançylyk hyzmatlary, çagalary operasiýa taýýarlamak we operasiýadan soňky döwürde dikeltmek boýunça alnyp barylýan lukmançylyk işleri bilen tanyşdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bilen çagalaryň irki ösüşi, olaryň saglygyny goramak hem-de keselleriň öňüni almak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, bu merkezdäki çagalaryň bejergileri üçin Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ABŞ-nyň 400 müň dollarynyň geçiriljekdigini aýtdy.
Ýokanç keselleriň, şol sanda koronawirusyň öňüni almak, ýurdumyzyň şypahanalaryny, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny tomusky möwsüme taýýar etmek bilen bagly meselelere deglip geçildi. Mundan başga-da, 400 orunlyk goşmaça binany gurmak maksady bilen, “Arçman” şypahanasynyň mümkinçiliklerini ylmy esasda öwrenmek boýunça görülýän çäreler, Daşoguz şäherinde köpugurly hem-de onkologiýa hassahanalaryny ulanmaga bermek boýunça taýýarlyk barada aýdyldy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça lukmanlaryň 150-sini Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalaryna hünär kämilligini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin iş saparyna ugratmak hem-de bu döwletiň Tejribeli hünärmenler gullugy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky teklipleri goldady.
19-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Forumyň çäklerinde “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezinde giň gerimli sergi guraldy. Elektrik çekiş güýjünde işleýän döwrebap awtobuslaryň nusgalary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ünsüni çekdi. Gahryman Arkadagymyz görkezilen nusgalar bilen tanşyp, ýurdumyz üçin ekologik taýdan şeýle arassa awtobuslaryň satyn alynmagyna gyzyklanma bildirdi.
Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen duşuşygy boldy. Şeýle hem duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew, Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hakyky dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça üstünlikli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan açyk we netijeli gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şertidir.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitinde çykyş edip, taryhy gatnaşyklar bilen baglylykda, Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygynda aýratyn orun eýeleýändigini belledi. Biziň gatnaşyklarymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşyna we häsiýetine oňyn täsir edýär, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar, döwletara gatnaşyklaryň tutuş toplumyny has pugtalandyrýar we durnuklylaşdyrýar, uzak möhletli başlangyçlara laýyk gelýär diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Ykdysadyýet we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Tatarystanyň “KamAZ”, “Tatneft”, “KER-holding”, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod”, “Ak Bars” gämigurluşyk korporasiýasy ýaly iri kompaniýalaryň we beýlekileriň Türkmenistandaky işi aýratyn bellenildi. Howa we gämigurluşyk ulgamlarynda, beýleki birnäçe ugurlarda-da hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Maşyngurluşyk, nebit çykarmak we nebiti gaýtadan işlemek ulgamlarynda, nebithimiýa, oba, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatlarda, ylymda, saglygy goraýyşda, sportda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar.
Şunda ýokary tehnologiýalar we ylym bilen baglanyşykly önümçilikler ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol gün Kazan Kremlinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda häzirki wagtda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda uzak möhletli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Kabulhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Ordeni Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow gowşurdy.
Gahryman Arkadagymyz bu sylagy doganlyk Tatarystanyň biziň ýurdumyza we türkmen halkyna uly hormatynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady. Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda taraplar köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar.
Aşgabatda Milli Geňeşiň guramagynda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: täze taryhy eýýäm we kanun çykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, görnükli alymlardyr syýasatşynaslar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.
Plenar mejlisdäki çykyşlarda 30 ýyl mundan ozal kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň Garaşsyzlyk döwrümiziň esasy gazananlaryny kanunçylyk taýdan pugtalandyryp, durmuş we adam gatnaşyklarynyň ynsanperwer kadalaryny özünde jemländigi bellenildi. Hut Konstitusiýa pugta binýat bolup, şonuň esasynda ýurdumyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde adam baradaky alada uly üns berilýär. Şu ynsanperwer ýörelgeler, raýatlaryň hukuklary we azatlyklary babatda halkara hukugyň kadalaryna hem-de dünýä ösüşiniň gazananlaryna ygrarlylyk Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Bölümçelerdäki mejlislerde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Onda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin çykyş edip, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidigini hem-de onuň ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi, birek-birege hormat goýmagy pugtalandyrmagyň, rowaçlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýlary döretmegiň möhüm şertidigini belledi. “Ömrümiň manysy” atly kitabyň rus diline terjime edilmegi dostlukly ýurduň jemgyýetçiligine Türkmenistany has-da gowy tanamaga mümkinçilik berer.
20-nji maýda Gökdepe metjidinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, hajy Arkadagymyz BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen gürrüňdeş bolup, BAE-niň merhum Prezidentiniň aradan çykmagy zerarly geçirilen hatyra çärelerine gatnaşandygyny we ýurdumyzda Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününi geçirmek barada razylyk alandygyny aýdyp, şu gün hem merhumy hatyralap, sadakalaryň berilýändigini belledi. Şeýle-de şol gün Köşüdäki metjitde BAE-niň merhum Prezidentini hatyralap, sadaka berildi. Şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde merhumy ýatlap, hormatly Arkadagymyzyň döreden eserleri üçin gelip gowşan galam haklarynyň hasabyna günortanlyk nahary berildi.
21-nji maýda Aşgabatda “Türkmen teatr sungaty” atly festiwala badalga berildi. Döredijilik gözden geçirilişiniň çäklerinde paýtagtymyzyň teatrlarynda ýurdumyzyň meşhur toparlarynyň ýerine ýetirmeginde iň gowy sahna oýunlary görkeziler, Türkmenistanda teatr sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň jemgyýetde eýeleýän orny bilen baglanyşykly meseleler boýunça teatr toparlarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda iş maslahatlary geçiriler.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, milli ruhy gymmatlyklarymyzy has-da baýlaşdyrmak şol özgertmeleriň baş maksadydyr.