Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Özgertmeleriň ýoly bilen
Hepdäniň wakalary
Özgertmeleriň ýoly bilen
Çap edildi 02.05.2022
2751

Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň baş maksadydyr. Giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy, Türkmenistanyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagy bu syýasatyň binýatlaýyn ugurlarydyr.

25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň — güýzlük bugdaýa idegiň hem-de gowaça ekişiniň öz möhletinde we talabalaýyk geçirilmeginiň, meýdanlardaky oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmeginiň, biokärhanalarda bioönümleriň öndürilişiniň depginlerini güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen bir hatarda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin bu ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirilmeginiň, pileçi-kärendeçileriň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň öz möhletinde we ýokary hilli geçirilmegi bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň hemişe gözegçilikde saklanylmagynyň möhümdigi aýdyldy.

26-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenheni kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ýaly ileri tutulýan ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi, şeýle-de bilim, ylym, medeniýet, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada pikir alyşdylar.

Ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň BMG-niň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşindäki netijeli hyzmatdaşlyk arkaly üstüniň ýetirilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan özüniň ägirt uly döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. Ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün edýän, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina hut şu maksatlara kybap gelýär. Häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýän Türkmenistan netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar.

27-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz 40 gektardan gowrak meýdany eýeleýän toplumyň abadanlaşdyrylyşy, suw çüwdürimleriniň, dynç alyş zolaklarynyň, awtoduralgalaryň taslamalary, toplumyň bezeg görnüşleri bilen tanyşdy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ýadygärlik heýkeliniň 25 metrlik binýadyna alyp barýan basgançaklaryň oňaýlylygyna baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň umumy görnüşi hem-de görkezilen çyzgylar bilen tanşyp, häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly, Pyragynyň tutuş ösen adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly setirlerini baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu wezipeleri üstünlikli çözmäge jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz gurluşykda diňe ýokary hilli, ýerli tebigy we howa şertleriniň täsirine durnukly, berk serişdeleriň ulanylmalydygyny, bina edilýän desgalaryň bezeginde halkymyzyň milliligine mahsus özboluşly reňk öwüşginlerini giňden peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Bu ýerde bina edilýän desgalaryň ählisiniň Köpetdagyň täsin tebigy etekleri bilen bitewi sazlaşygy emele getirmelidigi aýratyn nygtaldy. Tokaý zolaklary döredilende, ýerli toprak-howa şertlerine çalt uýgunlaşjak, Aşgabadyň bu täsin tebigy künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etjek bag nahallary saýlanyp alynmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny wagyz etmek, şeýle-de halkara we medeni gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, şu ýylda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreleri geçirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň ýurdumyzda her ýylyň iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeligine gabatlanyp açylmagy 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyrynyň we filosofynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna guraljak ägirt uly dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüler.

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz saparyň barşynda bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze şäherde gurulmagy göz öňünde tutulan söwda dükanlarynyň we ilata hyzmat ediş öýleriniň taslamalary, şeýle-de ýerasty geçelgeleriň baş meýilnamasy we çyzgylary hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklanyp, olaryň gurluşygynda we timarlaýyş işlerinde ýokary hilli serişdeleriň ulanylmalydygyny belledi. Şol serişdeler ygtybarlylygy, uzak möhletleýinligi, ekologik talaplara gabat gelýändigi, owadanlygy, ýurdumyzyň howa şertlerine laýyklygy bilen tapawutlanmalydyr.

Ministrler Kabinetiniň bu ýerde geçirilen giňişleýin göçme mejlisinde täze şäheriň gurluşygynyň barşy we tamamlanmagy, gurluşyk işleriniň maliýeleşdirilmegi bilen bagly meselelere garaldy.

Habar berlişi ýaly, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Sebitde iň irileriň biri bolan we ägirt uly ähmiýetli bu taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Şäher düzümi durmuş hem-de beýleki maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýär. Olaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we ýöriteleşdirilen okuw jaýlary, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar, sport desgalary, edara binalary, şeýle-de ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki ulgamlara degişli desgalar bar.

Täze edara ediş merkezinde sanly ulgam hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylar. “Akylly” şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, «akylly» öý ulgamynyň tehniki tabşyrygy taýýarlanyp, elektrik energiýasy, gaz üpjünçilik ulgamy we agyz suwy üçin tölegleri sanly ulgam arkaly geçirmäge üçin niýetlenen enjamlary peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Desgalaryň gurluşygyny hususy kärhanalar — ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary alyp barýarlar. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan gurluşyk işleriniň taslama laýyklykda alnyp barlyşyna, hiline, şeýle-de “Ýurdumyzda gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýan desgalarda ýiti ýokanç kesellerine garşy öňüni alyş çärelerini guramagyň Tertibiniň” talaplarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň hiline we gurluşyklaryň möhletleriniň öz wagtynda berjaý edilmeýändigine nägilelik bildirip, gurluşygyň depginini güýçlendirmegi, olary bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrmagy berk talap etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze şäheriň köp sanly desgalarynda zähmet çekýän gurluşykçylaryň işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz täze şäheriň döwletimiz üçin örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Häzirki döwürde dünýäde tutuş bir şäheri gurup, ulanmaga berýän döwletler köp däldir. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, hünärmenlerimiziň taýýarlygynyň gowudygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Aýry-aýry desgalaryň gurluşygyny gysga wagtda tamamlamak maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň gözegçiliginde goşmaça işçi güýjüni çekmek, hünärmenleriň sanyny artdyrmak babatda anyk tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi sanly ulgamly täze şäherdir. Şoňa görä-de, bu ýerde sanly ulgam boýunça hünärmenleri taýýarlaýan merkezi döretmek, bu işe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we talyplaryny çekmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny belledi. Onuň gurluşygynyň ikinji tapgyry diňe bir şäheri abadanlaşdyrmagy we ilaty göçürip getirmegi däl, eýsem, birnäçe guramaçylyk meseleleriniň çözülmegini hem göz öňünde tutýar.

Döwlet Baştutanymyz gurluşygy tamamlamagyň guramaçylyk meselelerini çözmek we bu işleri utgaşdyrmak üçin Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetini döretmek baradaky Permana, täze döwrebap şäheriň häkimligini döretmek baradaky Karara gol çekdi, şeýle-de bu düzümlere ýolbaşçylary belledi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda täze şähere mynasyp at dakmak barada aýtdy hem-de bu meseläni tutuş halkymyz bilen ara alyp maslahatlaşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe Kararlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hereket ediş möhletleri 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary — 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanýan Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhletleri 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, şu günler hormatly Arkadagymyzyň zähmet rugsadynda bolup, «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň üstünde işlemegi tamamlandygy we bu eseriň çapdan çykandygy baradaky hoş habary aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzy we mähriban halkymyzy täze kitabyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, bu edebi-filosofik eserde milli Liderimiziň ömrüniň manyly menzilleriniň, durmuş ýoly baradaky ýatlamalarynyň, pikir-garaýyşlarynyň jemlenýändigini belledi. Kitapda taryhymyza, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän asylly däp-dessurlaryna, eziz Diýarymyzyň häzirki döwürdäki ösüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda neşir edilen «Ömrümiň manysy» atly täze kitabyň ähmiýetini nygtap, onuň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljek 30 ýyly üçin kesgitlenen belent maksatlara üstünlikli ýetmekde halkymyza ruhy goldaw berjekdigine ynam bildirdi.

Geçen hepdede medeniýet toplumynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň guramagynda hormatly Arkadagymyzyň täze eseriniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meselelerine hem garaldy. Milli kanunçylygy, ulag-aragatnaşyk toplumynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna hem-de terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin bölünip berlen maýa goýumlary özleşdirmek, ilatyň azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak şol meseleleriň hatarynda boldy.

Döwlet Baştutanymyz Yslam Ösüş bankyndan bankyň umumy maýasynyň artmagyna ýurdumyzyň gatnaşmagy baradaky gelip gowşan teklibe garap, YÖB-niň umumy maýasyny artdyrmak işine gatnaşmagyň Türkmenistanda, hususan-da, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary we maksatnamalary maliýeleşdirmek babatda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň çäklerinde üstünlikli gatnaşyk etmäge mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de bu ugurda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak boýunça döwlet agentliginiň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz gurluşykda nyrh emele getirmegiň we hasaplaşyk ulgamlarynyň kadalarynyň milli ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreleriň wajypdygyny nygtap, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy we munuň ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga hem-de giňeltmäge, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollaryň gurulmagyna, ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimliginiň işine gözegçiligiň gowşadylandygyny aýdyp, bir hepdäniň içinde paýtagtymyzdaky jemgyýetçilik awtoulaglarynyň ýaramaz işleýşini düzetmegi, köp ýerlerdäki dürli desgalarda we ýaşaýyş jaýlarynda, seýilgählerde abatlaýyş işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak baradaky wezipeleriň wajypdygyny belläp, Bäherden tikin fabrigi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň 40 göterim hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Gerçek ýigit” hususy kärhanasynyň 60 göterim möçberli paýly gatnaşmagy baradaky hödürlenen teklibi makullady. Hormatly Prezidentimiz öndürilýän harytlaryň ýokary hil derejesine laýyk hem-de ekologik taýdan arassa bolmalydygyny nygtady hem-de munuň üçin dokma kärhanalarynyň öňdebaryjy ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilmelidigini belledi.

Şeýle hem şu ýylyň 17-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda iňlis dili dersi boýunça I halkara internet olimpiadasynyň, 20-nji maýda bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça açyk internet olimpiadasynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, halkara derejeli bilim bäsleşiklerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini, munuň ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmak bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ýokary okuw mekdepleri bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam etjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigi bilen baglylykda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi tabşyrdy.

Hökümetiň mejlisinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisiniň jemlerine hem garaldy. Milli toparyň mejlisiniň dowamynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, bu düzümiň işini kämilleşdirmek we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň baý medeni-mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri güýçlendirmek üçin toparyň internet saýtyny döretmek teklip edildi. Bu internet saýty arkaly ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýetilen sepgitler we onuň geljegi barada maglumatlary hemişelik esasda beýan etmek göz öňünde tutulýar.

Bu toparyň Sekretariatynyň işini düzgünleşdirmek maksady bilen, degişli Düzgünnamanyň hem-de toparyň milli nyşanynyň taslamasy taýýarlanyldy. Şeýle hem 1997-nji ýylda Lissabon şäherinde kabul edilen ÝUNESKO-nyň Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýasyna ýurdumyzyň goşulmagy meselesini öwrenmek teklip edildi. Bu resminama häzirki wagtda döwletleriň 54-si gatnaşyjy bolup durýar.

Türkmen halkynyň baý medeni we ruhy gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda Aşgabat şäherini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Degişli hödürnamany taýýarlamak maksady bilen, ugurdaş döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat bolan topary döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini geçirmek teklip edildi.

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde ýerleşýän Köýtendag dag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin köptaraplaýyn hödürnamany taýýarlamak boýunça hem işler dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň arasynda yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek maksadalaýyk hasaplanýar. Olary şu ýylyň maý aýynda ýola goýmak teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, ÝUNESKO bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň baý medeni-mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda yzygiderli çäreleri geçirmek, halkymyzyň özboluşly gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy hakynda Düzgünnamany, ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany, muzeýlere “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklady hem-de “Türkmenistanda 2022-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda eýýäm köp ýyllaryň dowamynda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekilen Türkmenistanyň döwlet syýasatynda tebigata aýawly garamak, onuň baýlyklaryny gorap saklamak we artdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýetiň ýörelgelerini we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Şu ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan paýtagtymyzda badalga berlen ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bitarap Türkmenistan daşary syýasatynda ekologiýa diplomatiýasyny esasy ugurlaryň biri hökmünde öňe sürmek bilen, bu ulgamda abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlykda işjeň we jogapkärli orny eýeleýär. Paýtagtymyz Aşgabadyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ady agzalan başlangyjyny durmuşa geçirmekde goşan goşandynyň resmi taýdan ykrar edilmegi Watanymyzyň Milletler Bileleşigi bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň beýany boldy. Halkymyzyň döredijilik kuwwaty esasynda ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek şol özgertmeleriň baş maksadydyr.

Soňky habarlar
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
top-arrow