Baş sahypa
\
Sport
\
“Altyn asyr” Türkmenistanyň üç gezek çempiony
Sport
“Altyn asyr” Türkmenistanyň üç gezek çempiony
Çap edildi 03.11.2016
2533

Paýtagtymyzyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň çempiony diýen adyny saklamagy başardylar. Aragatnaşyk ministrliginiň topary bu üstünligi oýunlaryň tamamlanmagyna çenli bäş tapgyr galanda, möhletinden öň gazandylar. Onuň yz ýanyndan gelýän “Balkan” “Aşgabat” toparynyň garşysyna paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, bir utugyny ýitireninden, “Altyn asyr” bolsa myhmançylykda “Şagadam” toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykandan soň çempion belli boldy. Türkmenbaşy şäherindäki duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi üçin ýeňil düşmedi. Eýýäm sekizinji minutda Mamedali Karadanow 1:0 hasabynda “Şagadamy” öňe çykardy. Ýer eýeleri bu artykmaçlygy oýnuň birinji ýarymynyň tutuş dowamynda diýen ýaly sakladylar, ýöne 40-njy minutda milli ýygyndymyzyň hüjümçisi we toparyň derwezä iň köp pökgi geçiren oýunçysy Süleýman Muhadow hasaby deňledi – 1:1. Duşuşygyň ikinji ýarymynda myhmanlar garşydaşyň derwezesine hüjümlerini güýçlülendirdiler hem-de 56-njy minutda Begenç Annagurbanowyň dürs urgyny geçirmeginiň netijesinde ýeňiş gazandylar. Şeýlelikde, “Altyn asyr” goşa ýeňiş gazandy. Bir hepde mundan ozal gazanylan Türkmenistanyň Kubogynyň üstüne Aragatnaşyk ministrliginiň topary milli çempionatyň altyn medallaryny hem goşup, Aziýanyň toparlarynyň gatnaşýan ýaryşynda ähmiýeti boýunça ikinji bolan Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) Kubogy ugrundaky ýaryşda 2017-nji ýylda Türkmenistana wekilçilik etmäge hukuk aldylar. “Altyn asyr” ýurdumyzyň çempionatynda 2008-nji ýyldan bäri çykyş edýär we şunda yzly-yzyna üçünji gezek çempion bolýar. Şu ýyl geçirilen milli ýaryşda bir gezek hem ýeňlişe sezewar bolmadyk ýagdaýda galýan topary şeýle üstünlige Türkmenistanyň 40 ýaşly tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew getirdi. 31 tapgyrdan soň 66 utugy bolan “Balkan” kümüş medala, 58 utugy bolan Marynyň “Energetik” topary bolsa bürünç medala dalaş edýär. Olaryň ökjesini basyp gelýän “Ahal” baýrak eýelerinden 5 utuk yzda barýar. Milli ýaryşda derwezelere iň köp pökgi geçirmekde 26 gezek ütünlik gazanan Süleýman Muhadow (“Altyn asyr”) ynamly öňde barýar. Onuň topardaşy 18 pökgi geçiren Myrat Ýagşyýew ikinji orunda. Türkmenistanyň futbol býounça çempionaty 30-njy noýabrda tamamlanýar.

Soňky habarlar
12.08
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Ulag-kommunikasiýa toplumynyň mümkinçiliklerini artdyryp
11.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
10.08
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: döwrebaplyk, wajyplyk we jogapkärçilik
10.08
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
09.08
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
top-arrow