Baş sahypa
\
Medeniýet
\
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna dabara
Medeniýet
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna dabara
Çap edildi 13.01.2025
187

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ylym, döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, berkarar türkmen döwletiniň abadan durmuşyny şöhlelendirýän hem-de halkymyzyň taryhyndan söz açýan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Dabaraly maslahatyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyna döredilen aýdym ýerine ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk, dost-doganlyk ýörelgeleri, ählumumy abadançylygyň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary şahyrana beýan edilýär.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Watanymyzda 2025-nji ýylyň şygary «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu şygar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan, raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerip hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli öňe sürüldi.

2025-nji ýylyň nyşanynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan ýaşyl, dik ýokary ösýän, güýçli kökleri bolan, şahalary asmana ümzük atýan derek agajynyň ýerleşdirilmegi, Garaşsyzlygy hem Bitaraplygy alamatlandyrýan baýdaklary, ganatlary bilen penalap uçup barýan ak reňkli laçynyň şekiliniň bolmagy, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň Bitaraplygynyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini aňladýan zeýtun baldajyklarynyň bolmagy oňa çuň manyly öwüşgin berýär. Nyşanda Gahryman Arkadagymyzyň nesihatlaryndan ugur alnyp, ýaşyl reňk mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, gök reňk bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň alamaty hökmünde, türkmen laçynynyň bir ganaty ýaşyl reňkde, ikinjisi bolsa gök reňkde ýerine ýetirilipdir.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek dabaralaryň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşýandygyna aýratyn ünsi çekip, munuň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygyny, onuň şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtadylar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň bütin dünýäde abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda halkara giňişlikdäki işjeň ornuny barha berkidýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän Bitarap ýurdumyz tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edildi. Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi Milletler Bileleşiginiň Türkmenistanyň jogapkärli strategik hyzmatdaş hökmünde häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge goşýan goşandyna, ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän daşary syýasatyna ýokary baha berýändiginiň nyşanydyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda geçirilýän her bir dabara sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we folklor toparlarynyň şanly wakalara aýratyn öwüşgin çaýýan çykyşlary bilen utgaşýar. Şu günki dabaraly maslahatda hem joşgunly çykyşlara uly orun berildi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň şygaryna bagyşlanyp döredilen täze goşgular okaldy, aýdymlar ýaňlandy. Olarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň giň gerimli işleri wasp edildi.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren «Türkmeniň agzybirlik ýoly baky dowamdyr» atly edebi-sazly kompozisiýasynda täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän hoşmeýilli daşary syýasatymyz, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, halklaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler öz beýanyny tapdy.

Sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ýaňlanan aýdymlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza çäksiz buýsanç öz beýanyny tapdy. Bu ýere ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny wasp edýän «Arkadagyň parasady-paýhasy — parahatlyk, ynanyşmak binýady» atly aýdymy aýratyn ruhubelentlik bilen diňlediler. Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrülen «Uzak ýaşaň, Arkadagly Serdarymyz!» atly watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Dabaranyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň ösüş ýolundaky batly gadamlary hem-de barha artýan halkara abraýy ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk beýan edilip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly sepgitler we beýik ýeňişler bilen şöhratlandyryljakdygyna ynam bildirilýär.

Soňky habarlar
13.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
13.01
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna dabara
13.01
TDHÇM-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 674 müň dollaryndan gowrak boldy
13.01
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
12.01
Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär
11.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
10.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
10.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.01
Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.01
Türkmenistanyň Prezidenti “Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi
top-arrow