Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Döredijilik we ösüş strategiýasy ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň binýadydyr
Hepdäniň wakalary
Döredijilik we ösüş strategiýasy ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň binýadydyr
Çap edildi 18.04.2022
2174

Geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä laýyklykda alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 11-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de şanly senelere taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirilmeginiň, bugdaýyň bol hasylyny almak üçin ähli tagallalary etmegiň, gowaça ekişini bellenilen möhletde tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ilaty türkmen topragynda öndürilen azyk önümleri bilen doly derejede üpjün etmegiň häzirki günüň ileri tutulýan wezipeleriniň hataryndadygyny nygtap, ýeralmanyň, soganyň, gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Pile möwsümine taýýarlyk görmek, pileçi kärendeçileriň zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek hem zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz gurulýan desgalaryň, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny we olaryň ulanmaga berilmegini gözegçilikde saklamagy, Ahal welaýatynda täze obanyň gurluşygynyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.

13-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän sergä bardy hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk böleginiň öndürýän azyk we senagat harytlarynyň görnüşleri bilen tanyşdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň işewürlik jemgyýetçiliginiň 27 müňden gowrak wekilini özünde jemleýär. Sergide ýurdumyz boýunça giň gerimli döwlet taslamalaryny amala aşyrýan kompaniýalaryň köp sanlysy öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Bu ýerde birleşmäniň obasenagat toplumynda, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatda, himiýa pudagynda, gurluşykda, öý hojalyk harytlary we elektron senagat önümleriniň önümçiliginde, egin-eşik, aýakgap, mebel, haly önümlerini öndürmekde ýöriteleşen agzalarynyň işleri giňden görkezildi. Telekeçileriň dürli pudaklarda öndürýän täze harytlarynyň 100-den gowragy köpçülige ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň hem-de «Seljeriş we tehnologiýalar merkeziniň» pawilýonlarynda olaryň yzygiderli ösüş depgini baradaky maglumatlar bilen tanyşdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz süýji-köke öndürýän türkmen kompaniýalarynyň diwarlyklaryny synlady we olaryň görnüşleri, hili, tagamy, ekologik we howpsuzlyk ölçeglerine laýyklygy bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz telekeçileriň milli ykdysadyýetimizi işjeňleşdirmekde esasy orny eýeleýändigini belläp, bu ugry ösdürmek, şeýle hem ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamak boýunça çäreleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin degişli möçberdäki serişdeleri karz bermek tabşyryldy.

Birleşmäniň binasynda geçirilen maslahatda täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlendi. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy telekeçiligi ösdürmek babatda kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň daşary ýurt kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 145 million 398 müň 770 dollaryna barabar 63 sany şertnamany baglaşandygyny bellemek gerek. Şolardan 16-sy bahasy ABŞ-nyň 3 million 247 müň 441 dollaryna barabar eksport şertnamasydyr. 47-si bolsa bahasy ABŞ-nyň 142 million 151 müň 329 dollaryna barabar import şertnamasydyr.

13-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz geçen 30 ýylda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilendigini belledi. «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde gatnaşyklaryň netijeliligi-de nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kumamoto şäherinde geçiriljek dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda suw serişdeleriniň tygşytly hem-de netijeli peýdalanylmagynyň durnukly ösüşiň esasy kepili bolup durýandygyny we onuň oňyn çözülmeginiň ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýändigini nygtady.

14-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda toý saparynda bolmagynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde günbatar sebiti geljek ýyllarda ösdürmegiň esasy ugurlarynyň welaýatyň senagat pudaklarynyň ählisine iri maýa goýumlary çekmegiň, sebitiň ykdysadyýetine ylmyň gazananlaryny we dünýä tejribesini, innowasion hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna, nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, energetika, dag-magdan ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny göz öňünde tutýandygy bellenildi.

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, ulag-logistika ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, üstaşyr we multimodal ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzilini gurmak hem-de ulanmaga bermek geljegi uly wezipeleriň hatarynda kesgitlendi. Şypahana we syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak teklip edilýär. Durmuş ulgamyna, döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglyk öýleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik desgalarynyň gurluşygyna we ozaldan barlarynyň durkuny täzelemäge aýratyn üns berler. Şunuň bilen birlikde, meýilleşdirilen ugurlaryň ählisinde ýurdumyzyň serişdeleriniň, şol sanda zähmet gorlarynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, täze iş orunlaryny döretmek hem-de bu işlere hususy ulgamyň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, içerki we daşary ýurt maýalaryny çekmek wezipeleri goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow himiýa pudagynyň öňünde birnäçe gaýragoýulmasyz wezipeleri goýdy. Balkan welaýatynyň tebigy baýlyklaryny, himiýa we gurluşyk önümçiliginiň çig mal gorlaryny rejeli hem-de netijeli ulanmak üçin senagat we gurluşyk pudagynyň önümçilik kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmak zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz içerki bazary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan senagat we gurluşyk önümleri bilen doly üpjün etmegi, innowasion tehnologiýalara hem-de ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan täze önümçilikleriň açylmagyny gazanmagy, elektron senagatyň döwrebap önümlerini öndürmegi dowam etmegi tabşyrdy.

Mejlisde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan Balkan welaýatynda 2022 — 2028-nji ýyllarda oba hojalyk, azyk hem-de senagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalarynyň 14-sini durmuşa geçirmek boýunça teklipler barada hasabat berildi. Şol teklipleriň hatarynda suw tygşytlaýjy usullary ulanmak arkaly gök önümleri, üzüm hem-de miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, häzirki zaman ýyladyşhanalaryny hem-de azyk önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlary gurmak boýunça taslamalar bar. Hereket edýän önümçilikleri netijeli ulanmak bilen, çykarylýan önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberlerini hem-de görnüşlerini artdyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Hususy telekeçileriň kärhanalarynyň doly kuwwatynda netijeli işlemegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeler berildi. Amatly işewür gurşawy kemala getirmek arkaly kiçi we orta işewürligi goldap, her bir welaýatda, etrapda hem-de şäherde döwrebap önümçilikleri we iş orunlaryny döretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda eksport ugurly önümçilikleriň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri çaltlandyrmagy tabşyryp, ýurdumyzyň telekeçileriniň Balkan welaýatynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tekliplerini içgin seljermek we olara gaýtadan seretmek babatda görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň we himiýa senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, sebitlerdäki işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 472 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy mejlisde garalan beýleki meseleleriň hatarynda boldy.

Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreleri işläp taýýarlamak, «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahaty hem-de «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşygy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada-da hasabat berildi.

Mejlis tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi. Döwlet Baştutanymyz terminallaryň enjamlaşdyrylyşy, gümrük hem-de serhet gulluklarynyň işi, «Balkan» gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri bilen tanşyp, portuň ykdysady taýdan düşewüntliligini seljermegi hem-de bu hojalygy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz ýoluň bir bölegini welosipedli geçip, egindeşleri bilen Hazaryň kenaryndaky gözel künjekde gezelenç etdi, «Awaza» köpugurly sport toplumynda toparlaýyn sport bäsleşiklerine gatnaşdy. Welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýetip gelýän tomusky dynç alyş möwsümine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, Awazanyň ekologik abadançylygyny gorap saklamak, onuň çäklerinde täze tokaý zolaklaryny döretmek bilen bagly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherindäki 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu hassahana ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýän düzümleriniň üstüni ýetirdi. Hassahananyň ähli bölümlerinde saglygy goraýyş hyzmatlarynyň amala aşyrylmagy üçin zerur maglumatlaryň ýokary tizlikde alşylmagy we maslahatlaryň guralmagynda bökdençligiň bolmazlygy üçin sanly ulgam arkaly özara arabaglanyşyk ýola goýuldy.

Ýedi gatdan ybarat hassahanada 1 müň 200-e golaý işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi. Täze hassahanada jemi 27 bölüm bolup, olarda adamlaryň ýatymlaýyn we gatnap bejergi almagy hem-de saglygyny dikeltmegi üçin giň mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Hassahanada Germaniýada, Fransiýada, Italiýada, Ýaponiýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Niderlandlar Patyşalygynda, Çehiýada, Daniýada, Finlýandiýada, Şweýsariýada, Günorta Koreýada, Beýik Britaniýada hem-de Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen iň kämil we öňdebaryjy innowasion lukmançylyk enjamlary, saglygy goraýyş maksatly serişdeler ornaşdyryldy.

Bu döwrebap lukmançylyk edarasynyň gurluşygy Balkan welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ussat inžener» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hassahananyň birnäçe bölümleriniň we ýöriteleşdirilen otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Dabara Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary täze hassahananyň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary derejesini belläp, döwlet Baştutanyny bu şanly waka bilen gutladylar.

Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasyna Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Surih şäherindäki Federal tehnologiýa institutynyň «Ýokary tehnologiýalar» güwänamasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlary boýunça Maks Plank institutynyň «Ýokary hil» güwänamasy hem-de Beýik Britaniýanyň Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň «Ekologiýa taýdan arassa daşky gurşawly hassahana» güwänamasy berildi. Bu güwänamalar we degişli nyşanlar köpugurly hassahananyň ýokary hiliniň, onuň ekologik howpsuzlygynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelmeginiň hem-de dürli keselleri anyklamakda we bejermekde ýokary netijeli lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylandygynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakyn wagtda şunuň ýaly döwrebap hassahanalaryň Daşoguz we Ahal welaýatlarynda-da gurlup ulanmaga beriljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzüminde somatiki (çagalykdan galýan) kesellere garşy göreşýän merkezi döretmegiň zerurdygyny nygtap, onuň paýtagtymyzdaky Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň ýanyndaky boş ýerde gurulsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýene-de bir Stomatologiýa merkezini gurmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de onuň şäheriň «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň gabat garşysyndaky boş ýerde gurulsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy we bu mesele boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpugurly hassahananyň işgärlerine işinde üstünlikleri arzuw edip, sowgat hökmünde ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň açarlaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şol gün Türkmenbaşy şäherinde ähli degişli düzümleri bolan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Ähli amatlyklary bolan 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaý ulag-aragatnaşyk toplumynyň işgärleri üçin gurlar. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasyny düzmek hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak «Ynamly hyzmatdaşlar» hojalyk jemgyýetine ynanyldy.

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Mälikguly Berdimuhamet oglunyň belli gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda agzaçar sadakasyny berdiler. Ol Yzgant obasynyň Abyl işan gonamçylygynyň ýanyndaky ýörite taýýarlanan ýerde halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän we dünýä nusgalyk kämil ýörelgelerine laýyklykda berildi.

Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu aýyň 18-ine mähriban kyblasy Mälikguly aganyň belli günüdigini, şol gün paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde kakasyny ýatlap, agzaçar sadakasyny bermegi makul bilendigini we hemmeleri hormatly Prezidentimiziň adyndan çagyrýandygyny aýtdy.

«Goý, ýurdumyz parahat, ilimiz abadan bolsun! Remezan aýynda edilen ýagşy doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!» diýip, hajy Arkadagymyz sözüni jemledi.

12-nji aprelde «Türkmenistanyň Konstitusiýasy — adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili» atly utgaşykly görnüşde okuw maslahaty geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýatlardaky Adam hukuklary boýunça maglumat merkezleriniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işgärleri we bilermenleri gatnaşdylar. Çäre «Türkmenistanyň adam hukuklary babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny ornaşdyrmakda ýardam bermek» atly taslamanyň çäklerinde, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan guraldy. Çykyşlarda şu ýylyň Garaşsyz döwletimiziň taryhynda şanly senä — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna beslenýändigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň döwlet gurluşyny hukuk taýdan resmileşdirip, halkymyzyň öz topragynda özygtyýarlylygyny berkarar etdi hem-de ata Watanymyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda okgunly ösüşi üçin berk binýady goýdy.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulýan ugur hökmünde berkidilmeginiň döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy hem-de deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlyk etmegi üçin zerur hukuk binýadyny we şertleri döredýändigi aýratyn nygtaldy.

12-nji aprelde sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň nobatdaky iş maslahaty geçirildi. Maslahat ýurdumyzyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Merkezi Aziýa döwletlerinden dialoga agzalar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralaryndan wekiller gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine bu düzümiň işiniň ýyllyk meýilnamasy hem-de Düzgünnamasy bilen bagly meseleler girizildi.

Geçen hepdede Mary etrabynda täze önümçilik desgasy — ýyllyk kuwwatlylygy 3 müň tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenen zawod açylyp ulanmaga berildi. Täze kärhana ýurdumyzda bu önümiň çykarylyşyny artdyrmaga, netijede, onuň eksportynyň mukdaryny köpeltmäge mümkinçilik berer.

16-njy aprelde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Onda 2-nji aprelde Milli Geňeşiň Mejlisiniň on ýedinji maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy.

Daşary işler ministrliginde Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda toparyň 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri hem-de şu ýyl üçin işleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdäniň ahyrynda «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň çäginde meýdan şertlerinde ylmy maslahat geçirildi. Ýygnananlar türkmeniň orta asyrlar döwrüni öwrenmek bilen baglanyşykly ugurlar boýunça pikir alyşdylar hem-de goraghananyň ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary halkymyzyň rowaçlygy baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän ýylda alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugrudygyny görkezdi. Türkmenistan halkymyzyň parasatly däp-dessurlaryna, ahlak gymmatlyklaryna ygrarlylygyny saklamak hem-de müňýyllyklar aşyp gelýän beýik ruhy medeniýetiniň gazananlaryny kämilleşdirmek bilen, ösüş we döredijilik ýolunda öňe gitmegini dowam edýär.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow