Baş sahypa
\
Resmi
\
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Resmi
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Çap edildi 08.04.2022
3490

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

A.BEGLIÝEW hakynda

Aşyrguly Begliýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji apreli.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

A.O.ÝAZMYRADOW hakynda

Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji apreli.

* * *

Ýurdumyzda alnyp barylýan nebitgaz hem-de oba hojalyk işlerini döwrüň talabyna laýyklykda has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri hem-de oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçileriniň wezipelerini girizmek bellenildi.

* * *

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymy, baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny ylmy esasda öwrenmek, geljek nesiller üçin gorap saklamak, giňden wagyz etmek, şeýle hem ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere hem-de gözel ýerlere daşary ýurtly we ýerli syýahatçylary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň häkimliklerine Meýilnamada görkezilen çäreleriň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binagärlik we şähergurluşyk keşbini kemala getirmek, şeýle hem ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärlerine satmak maksady bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary bolan, 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaý toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ynamly hyzmatdaşlar” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň aprel aýynda başlamak hem-de ýaşaýyş jaý toplumyny 2024-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdrahmanow Şahyma berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýew Esenmyrada käýinç yglan edildi.

Soňky habarlar
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
16.03
Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
16.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
15.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler
14.03
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
13.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.03
Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow