Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
Syýasat habarlary
Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
Çap edildi 19.02.2022
2509

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi.

Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjowy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowy ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige almak çäresi boldy.

Ähli dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşmak, saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilýän maslahatlarda, mejlislerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň mümkinçilikler döredilýär.

Saýlawlara çenli galan döwürde ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyp, saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrarlar hem-de öňe sürýän başlangyçlary barada çykyş ederler.

Saýlawçylar bilen geçirilýän ýygnaklarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde guralýan çykyşlarda dalaşgärleriň syýasy-işewürlik hem-de şahsy häsiýetlerini erkin, hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak üçin hukuklar berilýär. Munuň özi raýatlara dalaşgärler bilen içgin tanyşmaga, olaryň maksatnamalaryna baha bermäge we Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine mynasyp bolan dalaşgäre ses bermäge mümkinçilik döredýär.

Lebap we Balkan welaýatlaryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alnan raýatlara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Saýlawçylaryň öz işlerine ýokary baha berendikleri we saýlawlarda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde ynam bildirendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dalaşgärler mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň we Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagy ugrunda ýadawsyz tagalla etjekdiklerine ynandyrdylar.

Şeýle hem 12-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilýän Prezident saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde şu gün Ahal we Mary welaýatlarynda raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Olaryň dowamynda ýokary döwlet wezipesine iň mynasyp adamlar dalaşgärlige hödürlenildi. Bu çäreleriň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilmegi ýurdumyzyň kanunçylygynda raýatlaryň özleriniň konstitusion hukuklaryny erkin, doly derejede amala aşyrmak üçin mümkinçilikleriň beýan edilendiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Ýygnaga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýete eýe bolandygyny we onuň döwletimiziň, jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülendigini nygtadylar. Mejlisde kabul edilen resminamalara, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan gelip çykýan möhüm wezipelere üns çekildi. Şunda bu maksatnamadan we beýleki meýilnamalardan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde täzeçe pikirlenmegi başarýan, giň dünýägaraýyşly ýaş ýolbaşçylara möhüm orun degişlidir.

Ahal welaýatynda geçirilen ýygnaga gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzyň ýokary döwlet wezipesine Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewi dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky teklibe garadylar.

M.Öwezgeldiýew 2007-nji ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, Ahal welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda intern lukmany wezipesinde işe başlady hem-de 2008-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli welaýatyň etraplarynda bu düzümiň dürli ýolbaşçy wezipelerinde işledi. 2018-nji ýylyň fewralyndan bäri bolsa Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinde işleýär.

M.Öwezgeldiýewiň ýolbaşçy wezipede guramaçylyk ukybyny, onuň ýokary hünär we şahsy häsiýetini nazara alyp, ýygnaga gatnaşyjylar ony ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek hakyndaky çözgüdi biragyzdan kabul etdiler.

Maksatmyrat Öwezgeldiýew, öz gezeginde, bu ýere ýygnananlara hoşallyk bildirip, jogapkärçilige doly düşünýändigine we bildirilen ynamy ödemek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Mary welaýatynda geçirilen ýygnagyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewi ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlemek hakyndaky teklibe garadylar. Bu mesele boýunça pikir alyşmalaryň barşynda ýygnaga gatnaşyjylar dalaşgäriň terjimehaly we zähmet ýoly bilen tanyşdylar.

K.Saryýew 1999-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny tamamlap, inžener-mehanik hünärini ele aldy hem-de «Maryazot» önümçilik birleşiginde zähmet ýoluna başlady. 2001-nji ýylda harby gullugy tamamlandan soňra, Mary welaýatynyň maşyngurluşyk zawodynda inžener-tehnolog, inžener-metalist wezipelerinde hem-de 2002-nji ýylyň oktýabryndan başlap, Döwlet energetika institutynda dürli wezipelerde işledi.

Çykyş edenler dalaşgäriň ýokary guramaçylyk başlangyçlaryny we hünär derejesini, işde toplan baý tejribesini, nusgalyk maşgalabaşy hökmünde mynasyp şahsy häsiýetlerini aýratyn bellediler.

Ýygnaga gatnaşyjylar Kakageldi Saryýewiň energetika ylmyny ösdürmäge goşan uly goşandyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlarynda onuň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenilmegini goldadylar.

Ýygnananlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ykdysady we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýan ýokary döwlet wezipesine dalaşgäre üstünlik arzuw etmek bilen, onuň baş wezipesiniň her bir işe päk ýürekli çemeleşmekden, öz halkynyň mertebesini belende götermekden ybaratdygyny bellediler.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Watanymyzda amala aşyrylýan işlere dahylly bolmak, watansöýüjilik ruhuňy ýokarlandyrmak saýlaw hukugyna eýe bolan her bir adamyň raýatlyk borjy bolup durýar. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlerden iň mynasybyny saýlamak halkymyzyň durmuş işjeňligini dünýä äşgär edýän hakykatdyr. Halkyň ynamyna mynasyp bolmak, başy başlanan özgertmeleri amala aşyrmak beýik borç bolup durýar.

Şeýlelikde, ýokary döwlet wezipesine öňde boljak saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işleri dowam edýär. Döredijilikli we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreler geçirilýär.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow