Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Resmi
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çap edildi 12.01.2022
1534

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy we 72-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Ýusup Nurmämmedowiç Begjanowy Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Daýanç Arazbaýewiç Saparowy Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;

Begenç Annaýewiç Mämmedowy Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa bäşinji hünär derejesini bermeli;

Parahat Sylapberdiýewiç Çaryýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Ogulsapar Amangeldiýewna Nurýagdyýewany, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Merdan Jumamyradowiç Hangeldiýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Azat Hudaýberdiýewiç Kurbandurdyýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Röwşen Sapargeldiýewiç Tyrrykowy, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Meýlis Amangeldiýewiç Ýomutbaýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Ýalkapberdi Muhammetnazarowiç Baýjaýewi, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Ýolöten etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti, 

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 12-nji ýanwary.

Soňky habarlar
04.10
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
04.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Türkmenistan – Hytaý: netijeli özara gatnaşyklary berkidip
04.10
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky söhbetdeşligi