Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
Çap edildi 27.12.2025
45

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Bu waka bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk duýgusyny döretdi.

Ak mermerli Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde – «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde giň möçberli Täze ýyl baýramçylygy geçirildi. Meýdançanyň merkezinde depesi «2026» ýazgyly, sekizburçly ýyldyz bilen bezelen ýurdumyzyň Baş arçasy diňe bir dabaranyň merkezi bolman, eýsem, türkmen halkynyň mizemez jebisliginiň we abadançylygynyň nyşanydyr. Watanymyzyň ähli welaýatlaryndan, paýtagtymyzdan we Arkadag şäherinden gelen ýaşajyk ildeşlerimiz üçin bu gün Aşgabat çäksiz täsinlikler dünýäsine öwrüldi. Meýdança gelen çagalary şatlyk duýgusy gurşap aldy. Arçany bezeýän oýunjaklaryň öwüşginleri, dürli reňkli çyralar we bezegler ýagty geljege ynam paýlaýan ägirt uly baýramçylygyň buşlukçysy boldular.

Soňra dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna bardy. Bu ýerdäki gözel arçanyň daşynda Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk, 2026-nji ýylyň nyşany bolan ýylky, baýramçylyk lybasly köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar, paýtagtymyzyň myhmanlary bar. Olaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalarydyr agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri öz çagalary bilen gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, folklor, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänlerden başlap, dürli ýaşdaky zehinli çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etdi. Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada Täze ýyla bagyşlanan ruhubelent aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Soňky habarlar
27.12
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
27.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
26.12
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmek hakynda
26.12
Çagalaryň baýramçylyk dabaralary
25.12
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
25.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
25.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
25.12
Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky üstünliklerine bagyşlanan dabara
24.12
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip
top-arrow