Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän Täze ýyl bilen deputatlaryň adyndan tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2026-njy ýylyň ýurdumyza uly üstünlikleri we rowaçlyklary getirmegini, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň geljek ýylyň — bedew ýylynyň aýratyn ähmiýete eýedigi, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerinden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrmak maksady bilen, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda, 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etdi. Bu çözgüt şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyny, onuň döwletliligini we hukuk esaslaryny berkitmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ulgamlaýyn esasda pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň daşary syýasatyny has-da işjeňleşdirmek, döwletimiziň halkara giňişlikdäki at-abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, uly işler durmuşa geçirilýär. 2025-nji ýylda amala aşyrylan giň gerimli işler hem munuň aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda alyp baran asylly işleriniň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini hem-de türkmeniň milli düşünjesine mahsus dowamat-dowam ýörelgesiniň iş ýüzünde amal edilýändigini görkezýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri geljek ýylda hem öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy hem-de 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy bilen döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy mejlise gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşary syýasy ugur boýunça dürli derejede möhüm çäreler geçirildi. Olar halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, durmuş, ynsanperwer meseleleri çözmäge gönükdirilendir.
R.Meredow hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen şu ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan örän wajyp halkara resminamalaryň kabul edilendigini aýdyp, ýakynda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamalary muňa mysal hökmünde görkezdi. Ol döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň bu daşary syýasy ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Hökümet agzalaryny, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlaryny, Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant goşýan daşary ýurt raýatlaryny “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglandygyny aýdyp, bildirilen uly hormat hem-de ynam üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Çykyşynyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimizi hem-de türkmen halkynyň Milli Liderini ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen başlanandygyny we bu ýylyň dowamynda köp sanly halkara çäreleriň geçirilip, möhüm ähmiýetli resminamalaryň kabul edilendigini belledi. “Ýakynda bolsa ýurdumyza ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu başlangyçlary goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirjekdigini nygtap, mejlise gatnaşyjylary möhüm ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhynda hemişelik galar. Geçip barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeler durmuşa geçirildi. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy has-da rowaçlandy. Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy halkara derejede giňden bellenildi. Geçip barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň 44, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 11 mejlisi, şeýle hem dürli döwlet maslahatlarynyň 24-si geçirildi. Bu mejlislerde we maslahatlarda döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyna degişli möhüm soraglara seredildi.
“Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Döwletimiziň ösüşini üpjün edýän täze kanunlar kabul edildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we mejlise gatnaşýan ýolbaşçylara Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda nobatçylygyň tertibini ýola goýmagy, baýramçylyk günlerinde jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bazarlarda we dükanlarda dürli görnüşli harytlaryň bolçulygyny üpjün etmegi, baýramçylyk günlerinde raýatlarymyzyň gowy dynç almagy üçin medeni çykyşlary guramagy, şäherlerde, obalarda jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, Täze ýyl baýramçylygy günlerinde ähli ýerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini jemläp, hemmeleri täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady we geljek ýylda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, berkarar döwletimizi ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.