Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwletliler köşgüniň çagalaryna milli Liderimiziň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Jemgyýet
Döwletliler köşgüniň çagalaryna milli Liderimiziň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Çap edildi 27.12.2021
5001

Şu gün paýtagtymyzyň Döwletliler köşgünde Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bu ýerde terbiýelenilýän çagalara hormatly Prezidentimiziň sowgatlary gowşuryldy.

Ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada, maşgala gymmatlyklary hem-de belent ruhy taglymlary mynasyp dowam etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy ykrar edilen halkara kadalara hem-de milli ynsanperwer däplere esaslanýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Ýaş türkmenistanlylaryň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn ösmegi we zehin-başarnyklarynyň doly açylmagy üçin ähli şertler döredilýär.

Şu ýyl döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ösüp gelýän nesli durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek hem-de bagtyýar durmuşy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Hormatly Prezidentimiz bu gazna öz şahsy serişdelerinden yzygiderli gatanç geçirýär.

Milli Liderimiz howandarlyga mätäç çagalara aýratyn üns berýär. Olar döwrebap bilim alýarlar hem-de hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Şol bir wagtda olaryň diňe bir bilimleri özleşdirmegi üçin däl-de, dürli hünärleri ele almaklary üçin hem zerur şertler döredilýär. Munuň özi olara durmuşda öz orunlaryny tapmaga mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiziň öwüt-ündewlerine eýerýän Döwletliler köşgünde terbiýe alýan çagalar tutanýerli okaýarlar, boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirýärler. Şekillendiriş hem-de amaly sungat bilen meşgullanýarlar, aýdym-saz we tans öwrenýärler, sport hem-de köpçülikleýin sagaldyş çärelerine, beýleki jemgyýetçilik işlerine gatnaşýarlar.

Döwletliler köşgünde terbiýelenilýänleriň arasynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýeleri, umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň, şol sanda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri bar. Ýaş suratkeşleriň işleri dürli sergilerde görkezilýär. Daşary ýurtlarda geçirilýän festiwallarda ençeme gezek baýrakly orunlary eýelän “Joşgun” tans topary Döwletliler köşgüniň buýsanjydyr.

Şu gün paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde, Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän Döwletliler köşgi baýramçylyk keşbine beslendi. Bu ýere çagalary ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlamak üçin Aýazbaba we Garpamyk, sungat ussatlary, bilim ulgamynyň wekilleri geldiler.

Dabaranyň geçýän ýerindäki baýramçylyk bezegleriniň köp böleginiň el işleri gurnagyna gatnaşýan çeper elli çagalar tarapyndan ýerine ýetirilendigini bellemek gerek. Olar döwlet Baştutanymyzyň nesihaty boýunça milli ýörelgelerimizi öwrenýärler we mynasyp dowam edýärler.

“Joşgun” tans topary myhmanlary ruhubelent çykyşlary bilen garşylady.

Köşkde terbiýelenilýänlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli gutlaglar, hoşniýetli arzuwlar aýdyldy hem-de ýurdumyzda öndürilýän dokma önümlerinden, gyş we sport lybaslarynyň toplumlaryndan, gyzjagazlar üçin milli nagyşlar bilen bezelen köýneklerden, süýji-kökelerden ybarat bolan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize bagtyýar çagalyk, hemişelik üns-aladasy üçin hoşallyklaryny goşgy setirleri bilen beýan etdiler.

Soňra ajaýyp görnüşde bezelen arçanyň ýanynda Aýazbaba, Garpamyk we ertekileriň gahrymanlary şowhunly çykyşlaryny görkezdiler.

Çagalar Täze ýyl baýramy mynasybetli ajaýyp döredijilik çykyşlaryny taýýarladylar. Olar goşgy okadylar, joşgunly tanslary hem-de ata Watanymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Bu ýerde terbiýelenilýänleriň öňünde ýurdumyzyň sungat ussatlary — belli aýdymçylar çykyş etdiler.

Dabaranyň ahyrynda çagalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagtyýar çagalyk, özleri barada hemişelik aladasy üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny beýan etdiler.

Şu günki baýramçylyk dabarasy köp sanly Täze ýyl çäreleriniň başyny başlady. Ertir bu ýere Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalary gutlamak üçin jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim we medeniýet ulgamynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň wekilleri gelerler, olar hem çagalar üçin sowgatlary taýýarlapdyrlar. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary bolsa bu ýerde gyzykly konsert maksatnamasy bilen çykyş ederler.

Soňky habarlar
26.11
Aşgabatda ITTC-2024 halkara maslahaty we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
top-arrow