Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda Permany
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda Permany
Çap edildi 27.12.2021
3956

Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramynyň ýokary derejede hem-de guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

3. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmen alabaýynyň baýramynyň dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegine ýardam bermeli.

4. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

5. «Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda çykaran 810-njy Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2021-nji ýyldaky 2-nji ýygyndysynyň 1791-nji maddasy) ikinji — dördünji böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 27-nji dekabry.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow