Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Dostluk we doganlyk ýollary Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi Garaşsyz Türkmenistana uzaýar
Hepdäniň wakalary
Dostluk we doganlyk ýollary Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi Garaşsyz Türkmenistana uzaýar
Çap edildi 21.11.2021
3236

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözbaşyda getirilen, köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» oteliniň açylyş dabarasynda aýdan bu sözleri saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasy ugrunyň maksatlaryny has anyk häsiýetlendirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylda durmuşyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli iri desgalar yzygiderli ulanylmaga berilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga amatly mümkinçilik döredýär.

15-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Hususan-da, ýylyň ahyryna çenli geçirilmegi meýilleşdirilen çärelere, şol sanda gurlup, ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň açylyş dabaralaryna, Täze ýyl baýramyny bellemäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk barada aýdylanda, bu şanly sene mynasybetli halkara maslahat geçiriler. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul eden Kararnamasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň esasy wakalarynyň jemlenmesine öwrüler.

16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Halk hojalyk toplumyny batly depginler bilen ösdürmek boýunça milli Liderimiziň başyny başlan, ylmy taýdan esaslandyrylan strategik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek mejlisiň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu maksatnamalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň täze belent sepgitlere ýetmegine kuwwatly itergi berer.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen Karz ylalaşygyna laýyklykda taýýarlanyldy. Kararyň taslamasyna görä, şol önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin karz serişdeleriniň bölünip berilmegi göz öňünde tutulýar. Bu çözgüt içerki karz ylalaşygy esasynda amala aşyrylar we ol Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň arasynda baglaşylar.

Türkmenabatdaky himiýa zawody mineral dökünleriň öndürilýän möçberini artdyrmaga hem-de çykarylýan önümiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ylmy-tehniki maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ägirt uly kuwwata eýedir. Onuň önümi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmaga we eksporta niýetlenendir. Täze önümhanada ýylda 170 müň tonna garyşyk mineral dökünleri öndürmek meýilleşdirilýär. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ep-esli ýokarlandyrmaga hem-de topragyň düzümini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýurdumyza daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge taýýarlyk görülýär. Şolaryň hatarynda awtoulaglar üçin niýetlenen ýarym sintetiki çalgy ýaglary, gämiler üçin niýetlenen ýangyç, azyk, saglygy goraýyş, senagat önümlerini gaplamak we bezeg işleri üçin niýetlenip, alýuminiý çaýylan polipropilen örtügi bar.

Ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almagy hakynda» Karara gol çekdi. Şol enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny «Döwletabatgazçykaryş» müdirligine degişli gaz gysyjy desgalarynda hatardan çykan enjamlary çalyşmakda hem-de bejergi işlerini geçirmekde ulanmak meýilleşdirilýär.

Oba hojalyk pudagynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Häzirki wagtda milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde döwletiň tutýan paýyny azaltmak, hususy pudagyň ornuny giňeltmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda döredilen oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryndan hususy önüm öndürijilere bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleri bellenen tertipde uzak möhletleýin peýdalanylmaga berilýär.

Şunuň bilen birlikde «Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 326 müň 29 gektar meýdanda ýörite ýer gaznasyny döretmek babatda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy.

Bu ýörite ýer gaznasyndan berilmegi göz öňünde tutulýan ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň, galan böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de berlen umumy ýer bölegi üçin bugdaý we gowaça hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde önüm öndürijilere ýer böleklerini 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermegiň teklip edilýändigi habar berildi.

Täze harytlaryň önümçiligini ýola goýmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga türkmen telekeçileri hem saldamly goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakynda degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürmek boýunça täze zawody gurmak meýilleşdirilýär. Bu taslamany durmuşa geçirmek «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýetine ynanyldy. Zawod meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylar. Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge deň bolar. Desganyň gurluşygyny 2024-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle-de milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, daşary ýurtly, şol sanda nemes hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, şu ýylyň 21 — 24-nji noýabrynda türkmen hünärmenleriniň wekilçilikli toparyny Mýunhen şäherine, Maksimillian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasyna iş sapary bilen ugratmak baradaky teklibi makullady.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler mejlisde garalan meseleleriň biri boldy. Paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş toplumynda häzirki zaman ölçeglerine kybap gelýän täze zolagy döretmek işleri dowam etdirilýär. Lebap welaýatynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň maddy üpjünçiligini, durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň, şahsy düzümiň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada hemişe alada etjekdigini aýtdy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça birnäçe tekliplere garaldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyna esaslanyp, FAO-nyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan boýunça Maksatnamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Şeýle-de bu gurama bilen bilelikde obasenagat toplumy, ekologiýa we howanyň üýtgemegi meselelerine degişli taslamalary durmuşa geçirmek maksadalaýyk hasaplanýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň oba ýerleriniň durnukly ykdysady ösüşine gönükdirilen taslama goşulmagy baradaky, FAO-nyň hem-de ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň arasynda degişli ylalaşygy baglaşmak baradaky teklipler beýan edildi. Mundan başga-da, obasenagat toplumynyň we tutuş milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan pagtaçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, bu ugurda önümçilik tehnologiýalaryny gowulandyrmak we pagta ýygymyny mehanizasiýalaşdyrmak arkaly pagtaçylyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen FAO bilen bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek teklip edilýär.

Taslamanyň çäklerinde tehniki kuwwatlyklar arkaly gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, agrotehniki usullary we pagtanyň seleksiýasy babatda ylmy-barlag işlerini güýçlendirmek, bu işleriň netijeliligini sanly tehnologiýalar arkaly ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

FAO bilen gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, häzirki wagtda bu guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasyny açmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi göni ikitaraplaýyn gatnaşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de FAO-nyň hünärmenleri bilen bilelikde degişli Ylalaşygyň taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri, şol sanda Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň wekilhanasyny açmak baradaky teklibi makullap, hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň garamagyna Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan işlenip taýýarlanan ýurdumyzyň ulag we üstaşyr geçelgelerini, möhüm awtoulag, demir ýollaryny, hyzmat ediş nokatlaryny, ýük howlularyny, Halkara howa menzillerini hem-de olaryň ýük terminallaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, sanly GIS kartany düzmek baradaky teklip hödürlenildi. Ol ýangyç guýmak mümkinçilikleri, deňiz portlary, poçta bölümleri, logistika merkezleri we howa menzilleri, serhet geçelgeleri hem-de gümrük amallarynyň ýerine ýetirilýän nokatlary baradaky jikme-jik maglumatlary özünde jemlär.

Hormatly Prezidentimiz amala aşyrylýan köptaraplaýyn taslamalaryň ýaýbaňlandyrylan üstaşyr ulag ulgamyny döretmäge, häzirki zaman düzümlerini kemala getirmäge, awtomobil, demir ýol we parom gatnawlarynyň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, mümkinçilikleri bilelikde peýdalanmaga ýardam berýändigini nygtap, sanly kartany düzmek baradaky teklibi makullady hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.

17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki döwrüň iri we döwrebap kärhanalarynyň biri bolan Babadaýhan dokma toplumy dört sany önümçilik birligini özünde jemleýär. Umumy bahasy 150 million amerikan dollaryndan gowrak bolan täze toplumyň düzümine ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata fabrikleri girýär.Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjak bu toplumda Şweýsariýa, Ýaponiýa, Belgiýa, Italiýa, Germaniýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Toplum ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplük, 20 million inedördül metr dürli görnüşli, şol sanda 18 million metr boýalan mata hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendir.

Täze kärhananyň önümleri içerki bazarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak bilen, pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu iri toplumyň ulanylmaga berilmegi netijesinde täze iş orunlarynyň 1 müň 150-si dörediler.

Biz mundan beýläk-de ýurdumyzyň geljegi uly bolan dokma senagatyny depginli ösdürmäge, onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny amala aşyrarys. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän iri innowasion önümçilikleri döretmek, hereket edýän kärhanalaryň durkuny toplumlaýyn täzelemek boýunça işleri dowam ederis. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzdan ugur alyp, işgärleriň iş we durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns bereris diýip, döwlet Baştutanymyz açylyş dabarasynda eden çykyşynda nygtady.

Dabara sanly ulgam arkaly Belgiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň dokma senagatynda ulanylýan enjamlary öndürýän kompaniýalarynyň hem-de Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasynyň (ISO) wekilleri gatnaşdylar. Olar Türkmenistanyň dokma pudagynyň dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriniň ýokary hilini belläp, kärhanada meşhur kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny, onuň önümleriniň ýokary ekologik talaplara we dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigini, önümçiligiň islendik tapgyrynda howpsuzlygy hem-de zyýanly himiki maddalaryň ýokdugyny tassyklaýan güwänamalary gowşurdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärhananyň esasy önümhanalaryna aýlanyp gördi, önümçilik tapgyrlary bilen tanyşdy, toplumyň işgärleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň maşgala durmuşy hem-de iş şertleri bilen gyzyklandy.

Kärhanada önümçilik öňdebaryjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýar. Häzirki wagtda ol ýurdumyzda gurulýan ähli senagat kärhanalaryna bildirilýän baş talapdyr. Iş ýüzünde munuň özi galyndysyz önümçilikdir. Sebäbi pagta süýümi gaýtadan işlenenden soň, galýan galyndy süzgüçler arkaly arassalanylýar. Tutýan meýdany 20 gektar bolan döwrebap kärhanada önümçilik desgalaryndan başga-da, işgärlere amatly iş we dynç alyş şertlerini döretmek üçin naharhana, sport meýdançasy, iki sany myhmanhana guruldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite bellenilen ýerde ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Bu ýerde soňky ýyllarda uly meşhurlyga eýe bolan milli önüm öndürijileriň harytlaryny görmek bolýar. Şolaryň hatarynda Gökdepäniň dokma toplumynyň «Gala», Aşgabat dokma toplumynyň «Goza», Gypjak dokma toplumynyň «Bürgüt» nyşanly sport eşikleri, Türkmenbaşy jins toplumynyň «Bedew» nyşanly tikin-trikotaž önümleri, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň önümleri we beýlekiler bar.

Döwlet Baştutanymyz sergide görkezilýän önümleri synlap, olaryň berkligi, amatlylyk derejesi hem-de taýýarlanyş aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz ýurdumyzda ekologik taýdan arassa çig maldan öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga, şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegi nazara alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi.

Ýewraziýada ösüş ýagdaýlaryna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen netijeli garaýyşlary we başlangyçlary goldaýar diýip, milli Liderimiz öz çykyşynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwrüň hakykaty pandemiýa garşy bilelikde göreşmek hem-de onuň ýaýramagy sebäpli ýüze çykan ýaramaz durmuş-ykdysady, ynsanperwer netijeleri azaltmak wezipesini öňe çykarýar.

Biz koronawirus meselesini syýasylaşdyrmakdan we ony döwletara gatnaşyklarda täsir ediş guraly hökmünde ulanmakdan doly ýüz öwürmegiň zerurdygyna düşünýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-de bu ugurda birnäçe halkara başlangyçlary öňe sürendigini ýatladyp, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň howandarlygynda bilelikdäki işleri alyp barmak boýunça anyk teklipleri beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynsanperwer ulgamyň bilelikdäki tagallalary talap edýän ugur bolup durýandygyna üns çekip, bu babatda uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň ýakyn wagtda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga girişip biljekdigine, onuň «Täze Demirgazyk syýasatyny» amala aşyrmakda möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini nygtadylar.

Şunda iki goňşy döwletiň çäk taýdan ýerleşişiniň ýük daşamagyň amatly guryýer we deňiz ýollaryny, olaryň halkara ulag düzümine goşulyşmagyny üpjün edýän yklymara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary netijeli birleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýändigi bellenildi.

Energetika ulgamy ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Bu ulgam Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýedir. Milli Liderimiz hem-de myhman nebitiň we gazyň uly gorlaryna eýe bolan döwletleriň ikisiniň-de bu ulgamy ösdürmäge aýratyn üns berýändiklerini nygtap, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.

19-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ol şu ýyl ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen 70-nji iri desgadyr.

A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynyň ýanynda, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň golaýynda gurlan täze myhmanhana-işewürlik toplumy täsin keşbi bilen tapawutlanýar. Onuň gurluşygynda, bezeg işlerinde ýokary hilli serişdeler, şol sanda granit, mermer we beýlekiler ulanyldy. Şolary seçip almakda bu serişdeleriň ulanyş häsiýetnamalary, hususan-da, berkligi, ygtybarlylygy, ekologik talaplara laýyk gelýändigi hem-de Türkmenistanyň tebigy-howa şertleri göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen bir hatarda, toplumyň ýokary seýsmiki durnuklylygy üpjün edildi.

Halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orun eýelejek bu myhmanhanada hyzmatyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän şertler döredildi. Ýedi gatdan ybarat, umumy meýdany 6,8 gektar bolan bu ajaýyp myhmanhanada ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek, olaryň rahat dynç almagy, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Binada 87 sany otag — 17-si standart, 8-si maşgala, 47-si lýuks, 15-si kaşaň lýuks otaglary ýerleşýär. Olar jemi 204 orna niýetlenendir. Myhman otaglarynyň 87-sinde-de gelýän adamlary türkmen myhmansöýerligi bilen garşylamaga we hyzmat etmäge ähli şertler göz öňünde tutuldy.

Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän otelde myhmanlara amatly iş we dynç alyş şertlerini döretmek üçin 8 sany işewürlik merkezi, ak öý şekilinde gurlan 500 orunlyk toý zaly, 150 orunlyk restoran, mejlisler we maslahatlar zallary, dürli harytlary hödürleýän dükanlar bar. Mundan başga-da, binanyň düzüminde myhmanhananyň edara otaglary, bank hyzmatlaryny hödürleýän bölümçe ýerleşýär. «Garagum» otelinde medeniýetli dynç almak we sport bilen meşgullanmak üçin degişli düzüm göz öňünde tutuldy. Restoranlar, SPA bölümi, dürli trenažýorlar bilen enjamlaşdyrylan fitnes zaly, üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz, gözellik salony myhmanlaryň hyzmatyndadyr.

Milli Liderimiz myhmanhana toplumynyň restoranyny synlady we bu ýerde zalyň içki bezegine hem-de myhmanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň, tagamlaryň hiline aýratyn üns berip, oteliň otaglaryny synlap, olarda rahat ýaşamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy hem-de binanyň meýilleşdirilişiniň aýratynlyklaryna, içki bezegine, mowzuklaýyn barelýef pannolaryna, tebigaty janlandyrýan täsin suratlara gyzyklanma bildirdi.

Soňra bu ýerde, «Garagum» otelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Bu kompaniýa Türkmenistanda işlän ýyllarynda möhüm düzümleýin desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyny amala aşyrdy. Şolaryň hatarynda köpugurly işewür merkezli «Garagum» oteli hem bar.

Soňra duşuşyk birnäçe wise-premýerleriň hem-de «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagyň gatnaşmagynda iş maslahaty görnüşinde dowam etdi. Onuň barşynda ýurdumyzda türkiýeli hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we täze elektrik stansiýalary gurmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy «Rönesans Holdingiň» milli Liderimiziň başyny başlan, Türkmenistanyň innowasion ösüşine hem-de ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çalyşýandygyny tassyklady.

Şol gün «Erkin» atly täze, döwrebap seýilgähiň açylyş dabarasy hem boldy. Bu seýilgäh «Garagum» oteliniň ýanynda 7 gektar meýdany eýeleýär. Seýilgähiň çäklerinde saýaly we pürli agaçlaryň, beýleki ösümlikleriň 7 müň düýpden gowragy oturdyldy. Dürli güller ekildi, güllerden edilen owadan özboluşly şekiller döredildi. Seýilgähiň merkezinde belentligi 22 metr bolan Baýdak sütüni oturdylyp, onda Garaşsyz Watanymyzyň ýaşyl Tugy erkana parlaýar.

Şeýle hem bu ýerde sport maşklaryny ýerine ýetirmek, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler döredildi. Welosiped ýodalary guruldy we welosipedleri kärendä bermek ýola goýuldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetde işjeň we sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmegi esasy wezipeleriň hatarynda goýup, bu babatda ildeşlerimize, ilkinji nobatda, ýaş nesle görelde görkezýär.

Şenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty endigine eýerip, säher bilen irki bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi we paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, egindeşleri bilen sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrebap derejede dowam etdirilmelidigini, halk köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmagy üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini belledi.

Geçen hepde Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan iş saparynyň hem-de onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň jemlerine we 28-nji noýabrda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitine görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere bagyşlandy. Oňa ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler, şeýle-de sanly ulgam arkaly birnäçe ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda milli Liderimiziň Türki geňeşiň sammitindäki çykyşyndan gelip çykýan esasy ugurlar beýan edildi hem-de Türkmenistanyň bu gurama synçy döwlet hökmünde kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Munuň özi ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, ekologiýa, ylym, bilim hem-de beýleki geljegi uly ugurlarda bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen syýasy gatnaşyklarynyň giňeldilýändiginiň, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Bu wakalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň geriminiň barha giňelýändigini ýene-de bir gezek subut etdi. Olaryň baş maksady ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmakdan, mähriban halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow