Baş sahypa
\
Sport
\
Gumdagly ýetginjek türgenleriň ýeňşi
Sport
Gumdagly ýetginjek türgenleriň ýeňşi
Çap edildi 24.10.2016
3762

Kabbadi boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Balkan welaýatynyň kubogy ugrunda açyk ýaryşyň ýeňijileri kesgitlenildi. Ýaryşyň baş baýragyna ýer eýeleri --«Bars» toparynyň türgenleri mynasyp boldular. Olar ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşygynda aşgabatly türgenleri 76:19 hasabynda ynamlay ýeňmegi başardylar. Aziada-2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň bu görnüşi boýunça meşgullanýan türgenler noýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Türkmenistanyň kubogy ugrundaky bäsleşigiň öňüsyrasynda öz güýçlerini synadylar. Aýgytly duşuşyk meýdança eýeleriniň doly artykmaçlygy bilen geçdi. Arakesmeden soňra Sapardurdy Rahmanberdiýewiň şägirtleri oýnuň gidişini doly öz ellerine aldylar hem-de garşydaşlaryny uly artykmaçlyk bilen ýeňmegi başardylar. «Barsyň» ýeňşine toparyň öňdebaryjy oýunçysy 14 ýaşly Guwanç Atanepesow uly goşant goşdy. Ol meýdançada ussatdygyny görkezdi hem-de utuklaryň köp bölegini gazanmagy başardy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakowyň ýolbaşçylygynda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan aşgabatly türgenler ikinji orny eýelediler. Üçünji orny bolsa Gumdag şäheriniň beýleki bir topary eýeledi. Ýaryşyň geçirilen ýeri bolan 2-nji sport sport mekdebinde milli göreş, futbol, boks, agyr atletika hem-de kabbadi görnüşleri boýunça bölümler açylyp, olar üstünlikli işleýär. Ýakyn wagtda gündogaryň başa-baş söweşi bolan uşu boýunça ýaş türgenleriň topary dörediler. Kabbadi boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň öňüsyrasynda türgenler bäş welaýatyň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparynyň hataryna seçilip alynmak üçin jemleýji synagdan geçer. Noýabr aýynyň ortalarynda Daşoguz şäherinde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň açyk birinjiligi guralar.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow