Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Belent maksatlaryndan ugur alyp
Hepdäniň wakalary
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Belent maksatlaryndan ugur alyp
Çap edildi 24.10.2021
1333

Geçen hepdäniň wakalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge, Garaşsyz Türkmenistany sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamalary boldy.

18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, geçirilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleri, gyşky möwsüme we öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şäheriň jemagat hojalygy gulluklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Aşgabatda arassaçylygy saklamak hem-de abadanlaşdyryş işlerini geçirmek maksady bilen, ýörite tehnikalar satyn alynýar. Şeýle ulaglaryň täze tapgyry ýakynda ýurdumyza getirilip başlandy.

Häzir “Garagum” myhmanhanasynyň hem-de “Erkin” seýilgähiniň, Köpetdagyň eteginde bina edilýän Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy.

Welaýatlarda güýzlük galla ekişini, pagta ýygymyny, ýeralmany, şalyny, şugundyry we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi guramaçylykly geçirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny giňeltmek işinde obasenagat toplumyna aýratyn orun berilýändigini belläp, şunuň bilen baglylykda, pudaga oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak üçin şertleriň üpjün edilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz şeýle hem sebitlerde bina edilýän ähli desgalaryň hemme ölçegler boýunça ýokary hil ülňülerine kybap gelmelidigini hem-de meýilleşdirilen möhletinde ulanylmaga tabşyrylmalydygyny nygtady.

Gyş möwsümine ýyladyş ulgamlaryny öz wagtynda we ýokary hilli taýýar etmek hem-de baýramçylyk çärelerini guramak babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

19-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nebitgaz ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Hazar sebitiniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzinde “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Myhman döwlet Baştutanymyza “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan işleri, şol sanda Hazarda taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berip, russiýaly hyzmatdaşlaryň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Türkmenistanda işleýän 12 ýylynda “Rönesans Holdinge” birnäçe möhüm düzümleýin desgalaryň gurluşygy ynanyldy. Şolaryň hatarynda ýapon hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilen “Marykarbamid” zawodynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň, Çärjew etrabyndaky sebitde deňi-taýy bolmadyk elektrik stansiýasynyň taslamalary bar.

Duşuşygyň dowamynda Erman Ylyjak hormatly Prezidentimize täze taslamalaryň we teklipleriň işlenilip taýýarlanylandygy barada hasabat berip, ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.

21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz gurulýan desgalaryň taslamalary, hususan-da, Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Ahal welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Muzeýiň taslamasyny düzüjiler ony şu ýerden uzak bolmadyk ýerde ýerleşen, halkymyzyň gadymy taryhy ýadygärlikleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Paryzdepäniň mysalynda taýýarlapdyrlar.

Mundan başga-da, milli Liderimiziň garamagyna bu ýerde guruljak beýleki desgalaryň taslamalary hödürlenildi. Olaryň hatarynda beýikligi 115 metr boljak Baýdak sütüniniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, Döwlet sirkiniň binasynyň taslamalary hem-de içki bezeg üçin serişdeleriň nusgalary bar.

Desgalar gurlanda we timarlaýyş işleri geçirilende, ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologiýa we halkymyzyň milli bezeg aýratynlyklaryny nazara almak bilen, olaryň berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr. Binalaryňdyr desgalaryň keşbinde, içki bezeginde milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykda onuň häzirki zaman üstünlikleri öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda gurulýan desgalara aýratyn öwüşgin çaýýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz ekologiýa ýaly möhüm ähmiýetli meselä ünsi çekdi. Ahal welaýatynyň täze merkezi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurulýar. Şu tebigy gözelligi saklap galmak üçin “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ulanmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi, okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň hem-de intellektual ulgamlaryň esasynda kadaly şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy ýörelge boljakdygyny nygtady. Şeýlelikde, munuň özi smart siti — adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly “akylly” şäher bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

22-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, Döwlet býujetiniň taslamasynyň üstünde işlemek, Milli Geňeşiň Mejlisiniň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk, ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyrynyň tamamlanmagy, güýzki bag ekiş dabarasyny geçirmek, öňümizdäki boljak baýramçylyklaryň hem-de durmuş-medeni maksatly täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak babatda meseleler bar.

Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Iki goňşy ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň yzygiderli depgini bellenildi. Bu gün resminamalaryň 120-si ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny emele getirýär. Ýokary derejede geçiriljek duşuşyk hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda onuň uly kuwwatyny has doly peýdalanmaga, uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, gatnaşyklaryň täze möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyza 27-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Habar berlişi ýaly, häzir forumyň işine 32 döwletiň 100-e golaý kompaniýalaryndan, halkara guramalardan we iri banklardan wekiller sanly ulgam arkaly gatnaşmaga isleg bildirdiler. Maslahatyň çäklerinde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp meseleleri hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmalar guralar. Onuň pes uglerodly energetika meselesine bagyşlanan bölümleriniň birini bolsa BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisinden teleköpri arkaly guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, her ýyl geçirilýän bu ýöriteleşdirilen forum Türkmenistanyň ägirt uly serişde we ykdysady kuwwatyna eýe bolan strategik nebitgaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Bitarap Türkmenistan energetika diplomatiýasyny işjeň öňe sürüp, täzeçil tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ulanmak bilen, iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri bolan ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda çykyş edýär.

Ýurdumyzyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Bu sergi Ýaponiýanyň Osaka şäherinde emeli döredilen Ýumesima adasynda “Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary astynda geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli guramaçylyk komitetini döretmek hem-de “EKSPO — 2025-iň” guramaçylyk komiteti bilen bilelikde, zerur taýýarlyk işlerini geçirmek üçin, Türkmenistanyň jogapkär wekilini bellemek baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, dünýädäki ýagdaýlara başlangyçlar arkaly gatnaşýan Türkmenistan meseleleri çözmäge goşant goşmagy maksat edinýändigini aýtmak bilen birlikde, ägirt uly kuwwatyny ählumumy bähbitleriň hatyrasyna peýdalanmaga teklip edip, dünýä derejeli maksatlar babatda öz garaýyşlaryny hem-de şolara ýetmekde öz mümkinçiliklerini açyk beýan edýär.

Häzirki wagtda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işlerine öňdebaryjy iş usullary hem-de sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Goranmak ministrliginiň “Milli goşun”, Içeri işler ministrliginiň “Asudalygyň goragynda”, Döwlet serhet gullugynyň “Serhet abat — döwlet abat” metbugat neşirlerini elektron görnüşine geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwürleýin neşir önümleriniň täze görnüşde işjeň ýaýradylmagynyň maglumat tehnologiýalarynyň artýan mümkinçilikleri bilen şertlendirilendigini belledi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň web-saýtlarynda ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň mazmunyny hem-de ähmiýetini açyp görkezýän, türkmen halkynyň harby sungatynyň taryhy, häzirki wagtda bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tanyşdyrýan, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmagyň, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigi barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilmelidir.

Ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli agentlikler tarapyndan haryt dolanyşygyny artdyrmak hem-de ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda demir ýol ulagy bilen halkara gatnawda 6,1 million tonna ýük daşaldy. Şol sanda demir ýol ulagy bilen Özbegistan Respublikasyna eksport we ýurdumyza import edilen ýükleriň möçberi 885,6 müň tonna deň boldy.

2021-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleriniň tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň 7485-si üstaşyr geçirildi. Şol döwürde Özbegistan Respublikasy bilen serhetleşýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleriniň 2914-si üstaşyr geçirildi hem-de daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleriniň 2046-sy Türkmenistana getirildi.

Döwlet Baştutanymyz Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibini, Döwlet hünär bilim edaralary hakyndaky Düzgünnamalary, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny tassyklady hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň nobatdaky, 16-njy mejlisiniň we iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmeleriň işine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetini Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna ugratmak baradaky Buýruga gol çekdi.

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Milli Liderimiz dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiline HHR-iň Başlygy Si Szinpine ýollaýan hatyny berdi. Şol hatda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki wagtda dürli ugurlarda ösdürilýändigi hem-de täze mazmun bilen baýlaşýandygy nygtalýar.

Döwlet Baştutanymyz we diplomat iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň möhüm ugurlarynda, hususan-da, ulag-aragatnaşyk toplumynda, energetika, dokma, himiýa pudaklarynda, azyk senagatynda, obasenagat toplumynda, saglygy goraýyşda, maglumat, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hem-de geljegi has uly hasaplanýan beýleki birnäçe ugurlarda bilelikdäki işleri dowam etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly, ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.

Ýokary woltly elektrik geçirijiniň gurluşygyny ýurdumyzyň energogurluşykçylary amala aşyrdylar. Iki sebiti baglanyşdyrýan täze ýokary woltly elektrik geçirijiniň ulanylmaga berilmegi bilen, içerki sarp edijileriň energoüpjünçiliginiň ygtybarlylygy ýokarlanar hem-de daşary ýurtlara eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak üçin tehniki mümkinçilikler dörediler.

Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly elektroenergetika pudagynyň zähmetsöýer işgärlerine ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe elektrik energetikasy pudagyny ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, onuň özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara-da ibermek, eksport edilýän ugurlaryny köpeltmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagy pudagyň durmuşynda möhüm waka boldy. Şu resminama laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda sekiz sany döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýasy gurlup ulanmaga berildi. Häzirki döwürde bu elektrik stansiýalary netijeli işledilip, ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasy öndürilýär. Bularyň ählisi sebitleriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetikleri we ähli türkmenistanlylary ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan täze elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

24-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Baştutanyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow garşylady.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, öz gazagystanly kärdeşini ýurdumyzyň iň iri atçylyk merkezleriniň biri bolan bu topluma çagyrdy. Bu ýerde tohum ahalteke atlaryna ideg etmek, olary türgenleşdirmek, ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertler bar. Köp sanly halkara ýaryşlaryň we festiwallaryň ýeňijisi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu ýerdäki çykyşy belent mertebeli myhmanda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

25-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar hem-de iki doganlyk halkyň we döwletiň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekiler.

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda netijeli parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle hem geljek ýyl Türkmenistanda ýokary derejeli parlamentara forumy geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýetini şu ýylyň noýabr aýynda Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň nobatdaky 53-nji mejlisine gatnaşmaga çagyrdy.

Sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan bu çäre bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek maksady bilen guraldy.

Forumyň işiniň dowamynda eksport hem-de maýa goýum kuwwatlyklaryny giňeltmegiň şertleridir onuň mümkinçilikleri, senagat we gurluşyk önümçiligi, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, obasenagat, enjamlaryň önümçiligi, dokma önümçiligi ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewür duşuşygyň dowamynda Hazar sebitinde logistik merkez hökmünde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we gämigurluşyk pudagyna maýa goýum mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen baglanyşykly tekliplere garaldy.

VIII türkmen-russiýa ykdysady forumynyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň 20-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli hünär ugurlarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistandaky we ÝB-däki makroykdysady ýagdaýlar aýratyn gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar bilelikdäki işleri seljerip, pandemiýa garşy netijeli hereket etmek hem-de onuň ykdysadyýete ýaramaz täsirini ýeňip geçmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda energetika, ulag ulgamlarynda we söwdada hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemek duşuşygyň aýratyn meselesi boldy. Şu maksat bilen, taraplar tehnologiýa we maglumat serişdelerini alyşmak barada ylalaşdylar.

Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň söwda edaralarynyň, birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň gatnaşmagynda onlaýn tertipde türkmen-şweýsar işewürler forumy geçirildi. Bu çäre hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek hem-de iki dostlukly ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze çemeleşmeleri we çözgütleri işläp taýýarlamak maksady bilen guraldy. Şweýsariýa tarapyndan foruma bu ýurduň nebitgaz, energetika, gurluşyk, binagärlik, maşyngurluşyk, demir ýol gurluşygy we kommunikasiýa ulgamlarynda ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň 40-a golaýynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, ykdysady we maýa goýum babatynda amatly şertleriň döredilmegine ýardam berýän “Açyk gapylar” syýasatyna syn berildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň hatarynda ýurdumyzda nebitgaz, dokma senagaty, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, gurluşyk, ulag we logistika ulgamlarynda iş alyp barýan şweýsar kompaniýalary hem bar.

Forum iki ýurduň ykdysady hem-de telekeçilik işjeňligini giňeltmegiň ýollaryny seljermek, döwlet we işewürler düzümleriniň wekilleriniň arasynda söwda, maýa goýumlar hem-de ykdysady goşulyşmak üçin özara bähbitli şertler barada pikir alyşmak üçin netijeli çäre boldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy. Bu syýasatyň esasy maksady eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmekden, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmekden ybaratdyr.

Soňky habarlar
28.11
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
28.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
28.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
28.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
28.11
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi
28.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi