Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejeli halkara forumlarda tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde tagallalary birleşdirmek, netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça öňe süren möhüm başlangyçlary geçen hepdäniň wakalarynda öz beýanyny tapdy.
12-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk hem-de ulag ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlar babatda bar bolan kuwwaty we ondan netijeli peýdalanmagyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
Işewür baglaşylan şertnamalaryň çäklerinde alnyp barylýan işler, şol sanda “ARETI” halkara kompaniýalar toparyna ynanylan taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary işläp geçmek boýunça täze teklipleri hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz holdingiň özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine oňyn çemeleşmesini belläp, islendik taslamany durmuşa geçirmekde iň täze tehnologik çözgütleri we öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary ulanmagyň hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmegiň potratçy kompaniýalara bildirilýän esasy talapdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işewüre bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.
14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň “Durnukly ulag, durnukly ösüş” atly ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşdy. Bu maslahat HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde geçirildi.
Milli Liderimiz forumda çykyş edip, Türkmenistanyň ulag ulgamynda ysnyşykly halkara hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny belledi. Hut biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň we beýleki köp sanly hyzmatdaşlaryň goldaw bermeginde 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahat geçirildi. Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýan Aşgabat çäresine badalga berilmegi birinji ählumumy maslahatyň möhüm ähmiýetli netijeleriniň biri boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ozal öňe sürlen başlangyja gaýdyp gelmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, şeýle maksatnamanyň maksatlary we wezipeleri Baş Assambleýanyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda yzygiderli kabul edilen dört Kararnamasyndan, 2016-njy ýylda geçirilen Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatyň Jemleýji resminamasyndan, dünýä derejesinde ulag babatda özara arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça beýleki köptaraplaýyn resminamalardan ugur alnyp beýan edilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz pandemiýa şertlerinde ösüp gelýän ýurtlaryň, ilkinji nobatda, dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň aýratyn goragsyzdygyna ünsi çekdi. Ulag gatnawlaryndaky mejbury çäklendirmeler hut şolara has güýçli täsir etdi. Hut şol sebäpli-de, olara çökgünlikden soňky derejä çykmak beýlekilerden kyn boldy.
Häzirki wagtda dünýä bileleşigine BMG, halkara edaralar arkaly şu ýagdaýdaky döwletlere kömek we goldaw bermek, şol sanda dünýäniň ulag ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyň pese düşmegini ýeňip geçmekde goldaw bermek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag boýunça netijeli we maksadalaýyk ählumumy gatnaşyklary saklamaga jogapkärli hem-de başlangyçly goşandyny goşmagyny dowam edip, Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň aprel aýynda özünde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegi guramagy meýilleşdirýändigini belledi we gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisini, halkara edaralary bu möhüm foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Şeýle hem BMG-niň derejesinde ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryň ählumumy strategik meýilnamalary bilen birlikde, kadalary hem-de düzgünleri sazlaşdyrmak, gümrük we migrasiýa işlerini aňsatlaşdyrmak, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga degişli beýleki wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak teklibi beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň maksatlaryna we ýörelgelerine berk ygrarlydygyny tassyklap, ýakyndan netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.
13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň mejlisini geçirdi, mejlis düzümiň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipelere bagyşlanyp, onda degişli guramaçylyk meselelerine hem garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň esasy wezipeleriň biridigini belledi.
Ýurdumyzyň sebitlerini geljekde hem ösdürmek, bu işlere telekeçileri çekmek, maýa goýumlaryny gönükdirmek, öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek hem möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ilat üçin elýeterli bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam etdirmek hem örän möhümdir.
Dürli ugurlarda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça hem teklipleriň üstünde işlenilmelidir. Sebäbi biziň esasy maksadymyz oba bilen şäherde her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şunda kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetleriň şahalarynyň şu esaslarda alyp barýan syýasatynyň demokratik, hukuk, dünýewi döwletde ösen bazar ykdysadyýetini, ynsanperwer, adalatly jemgyýetiň döredilmegini üpjün etmäge borçlandyrýandygy nygtaldy.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işlerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem garaldy.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge ýardam edýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar, hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary seljerilip, olara döwrüň talaplaryna laýyklykda hem-de milli we halkara tejribäni nazara almak bilen, degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.
Şeýle hem mejlisde 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna hem-de 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyna garaldy. Resminamalaryň taslamalary “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen gaýragoýulmasyz wezipeleri nazara almak arkaly taýýarlanyldy.
Durmuş ulgamyny ösdürmäge ýeterlik möçberdäki serişdeler gönükdiriler. Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, geljek ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim köpeldiler.
Düýpli maýa goýumlarynyň belli bir möçberini önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek meýilleşdirilýär. 2022-nji ýylda maýa goýumlaryny, esasan, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, innowasion esasda önümçilikleri ýola goýmaga, ýokary goşmaça bahaly pudaklary ilerletmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmaga mümkinçilik döretmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň görülmeginiň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny nygtady.
Önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny mundan beýläk-de dowam etdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň, eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin maliýe serişdeleriniň ýeterlik möçberde göz öňünde tutulmagynyň wajypdygyna aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň hödürlenen taslamasyny, umuman, makullap, 2022-nji ýyl üçin ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny Milli Geňeşiň Mejlisiniň garamagyna ibermek hakyndaky resminama gol çekdi hem-de wise-premýerlere 2022-nji ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň esasy maddalary boýunça içgin seljermeleri geçirmegi hem-de häzirki we deňeşdirme bahalarda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň çaklamalaryny kesgitlemegi tabşyrdy.
Hökümet mejlisinde garalan meseleleriň hatarynda ýangyç-energetika toplumynda hem-de energetika pudagynda işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini we düzümini kämilleşdirmek, ýaş hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze 8 sany ýangyn howpsuzlyk nokatlarynyň gurulmagy bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça işleri yzygiderli geçirmegiň möhümdigini belledi. Bu işler ýurdumyzyň içinde elektrik energiýasynyň ygtybarly we durnukly berilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara eksportyny artdyrmaga-da ýardam eder.
Şunuň bilen birlikde, içerki sarp edijilere berilýän elektrik energiýanyň netijeli we tygşytly ulanylmagy üçin ähli çäreleriň görülmegine uly üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şu maksatlar üçin iň gowy dünýä tejribesini, şol sanda elektrik energiýasy üçin hasaplaşyklar babatda dünýä tejribesini düýpli öwrenmek we işjeň ornaşdyrmak möhümdir.
Şeýle hem mejlisde şu ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşine gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrleriniň altynjy maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gazagystan Respublikasynyň Nur-Sultan şäherine amala aşyran gulluk iş saparynyň netijelerine garaldy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek hem-de sebitiň gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
12-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşe gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrleriniň altynjy maslahatynyň işine ilkinji gezek synçy hökmünde gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu köptaraplaýyn Geňeşe synçy hökmünde 2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda kabul edildi. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň howpsuzlyk, ykdysadyýet we ekologiýa ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlary hem-de hyzmatdaşlyk boýunça anyk başlangyçlary beýan edildi.
Hususan-da, türkmen tarapy Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny ösdürmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen bu Geňeşiň hyzmatdaşlygyny Baş Assambleýanyň ýörite Kararnamasy bilen berkitmek teklip edildi. Döwletimiziň şu ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmegini nazara alyp, agzalan Geňeşiň YHG bilen gatnaşyklaryny giňeltmek mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Bu ugurda Aşgabat şäherinde geçiriljek YHG-nyň sammitiniň çäklerinde anyk teklipleri durmuşa geçirmek üçin türkmen tarapynyň taýýardygy beýan edildi.
Nur-Sultan şäherine amala aşyrylan gulluk iş saparynyň dowamynda daşary döwletleriň resmi wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi. Hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Pars aýlagyndaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň baş sekretary bilen iş duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Biziň ýurdumyz dünýäniň bu iri sebitinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, sebitiň ýurtlarynyň hem-de halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berýär, munuň özi ählumumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna kybap gelýär.
Şeýle hem Hökümetiň mejlisinde “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde gury ýük daşaýjy gämini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Ýük göterijiligi 5300 — 8100 tonna aralygynda bolan gämini gurmagy halkara ýük daşamalara işjeň gatnaşýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Hazar logistik” hususy kärhanasy göz öňünde tutýar.
Gämi gurlanda täze iş orunlary emele geler hem-de ýurdumyzyň hünärmenleriniň bu ulgamda daşary ýurtlaryň önümçilik tejribesini öwrenmeklerine mümkinçilik dörär.
Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hasabyndaky sürüm we bejergi traktorlary hem-de kombaýnlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, tigirleri, çalgy ýaglaryny hem-de sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda Karara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda» Karara hem gol çekdi. Resminamada bäsleşige daşary ýurt raýatlarynyň gatnaşmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar. Bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini hem-de zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigini geçirmek meýilleşdirilýär.
15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy. GDA-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda geçirilen sammitde bilelikdäki alnyp barylýan işleriň jemleri jemlenildi, ösüşiň geljekki ugurlary bellenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi, ählumumy işlerde durnukly orny gazanmak maksady bilen, GDA-nyň umumy senagat, serişdeler, tehnologik kuwwatyndan peýdalanmagy geljekki ýyllaryň möhüm wezipeleriniň hatarynda görkezdi. GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli kabul edilen Strategiýasy hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anyk kesgitleýär.
Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň ykdysady ugurlaryny we bähbitlerini Arkalaşygyň çäklerinden daşarda ilerletmegiň, serhetdeş ýurtlaryň, goňşy sebitleriň biziň taslamalarymyza goşulyşmagynyň wajypdygyny nygtady. Ilkinji nobatda, munuň özi üstaşyr ulag düzümini döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilişini ösdürmäge we giňeltmäge, täze aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlaryny çekmäge degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Arkalaşygyň ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşmagynyň üstünlikli hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistan ählumumy howpsuzlygyň emele gelen binýadyny bilelikde goramagy, halkara hukugyň we BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda belledi.
Häzirki şertlerde koronawirus pandemiýasyna garşy durmagyň hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirini azaltmagyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň bilelikdäki işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy öz-özünden düşnüklidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz GDA-nyň döwletleriniň arasynda ylmy diplomatiýa, lukmançylyk bileleşikleri ugry boýunça umumy çemeleşmeleri we usullary işläp taýýarlamak üçin özara gatnaşyklaryň has netijeli gurallaryny ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady.
Sammitiň jemleri boýunça ynsanperwer, migrasiýa we özara gatnaşyklaryň beýleki ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda çözgütleriň birnäçesi kabul edildi.
Türkmen tarapy GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň “2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda”, “GDA-nyň 30 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda”, “Biologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda”, “Moldowa Respublikasynyň Komrat şäheriniň 2023-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi hakynda” çözgütlerine gol çekdi.
Geçen hepdäniň beýleki ähmiýetli wakalarynyň hatarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde hem-de dürli edaralarda we jemgyýetçilik guramalarynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabaralarynyň geçirilendigini bellemek gerek.
Çykyş edenler milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan täze kitabyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Many-mazmuny boýunça özboluşly ensiklopediýa türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylyp gelinýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada bilimleriň hazynasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäheriniň ylmy merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary tanyşdyrylyş çäresine onlaýn tertipde goşuldylar.
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral dabarada çykyş etmek bilen, «Türkmen Lideriniň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilindäki neşiri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyny görkezýär hem-de hakyky dost-doganlyk we özara bähbitlilik häsiýetine eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly goşant bolar» diýip belledi.
“Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyň türk diline terjime edilmegi netijesinde, dostlukly ýurduň giň jemgyýetçiliginiň milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan, türkmenistanlylaryň abadan ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş ugurly şähergurluşyk strategiýasynyň gerimine baha bermäge mümkinçilik alandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.
Täze taryhy eýýamda behişdi bedewleriň çyn janköýeri we olara sarpa goýýan, at çapmagyň ussady hem-de atçylyk sportuny yzygiderli wagyz edýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan giň gerimli işleri netijesinde, eziz Diýarymyzyň täsin atşynaslyk däplerini saklamak we dowam etdirmek, bu gadymy sungaty has-da ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Dagy etekläp oturan we türkmen atşynaslarynyň ýokary derejeli ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän Aba Annaýew obasy hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bilen täze athana bir bitewi sazlaşygy emele getirer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, bu desgany gurmak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasyna ynanyldy. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi ony buýrujy bolup çykyş edýär.
Geçen hepde Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň guramagynda geçirilen III Ýewraziýa Zenanlar forumynyň işine gatnaşdy. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşygyň esasy mowzugy “Zenanlar: täze döwürdäki ählumumy wezipe” diýlip atlandyryldy.
Milli parlamentimiziň wekilleri foruma gatnaşyjylary dürli ulgamlarda, şol sanda parlamentara gatnaşyklarda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, şeýle hem integrasiýa işlerini giňeltmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary bilen tanyşdyrdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän gender syýasaty barada hem aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylykda döwleti dolandyrmaga erkekleriň we zenanlaryň deňhukukly gatnaşmagyny, zenanlaryň ykdysady taýdan özygtyýarlylygy üçin deň mümkinçilikleri döretmek hem-de olaryň iş şertlerini gowulandyrmak üçin hukuk gurallarynyň hem-de kepillendirmeleriniň göz öňünde tutulandygy bellenildi.
17-nji oktýabrda milli ykdysadyýetimizi kämilleşdirmäge hem-de eziz Diýarymyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýan senagat işgärleriniň güni bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde berkarar döwletimizde milli senagaty ösdürmek, bu pudaga maýa goýumlaryny gönükdirmek esasynda täze, döwrebap önümçilik kärhanalaryny gurmak we ozal hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýeti pudaga ornaşdyrmak, sanly innowasion tehnologiýaly önümleriň önümçiligini ýola goýmak wezipeleri üstünlikli amala aşyrylýar.
Geçen hepdäniň wakalary many-mazmuna baý bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategik maksatlara ýetmäge – ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga, türkmen döwletiniň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilen açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.