Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylaryň zähmet üstünligi baradaky hoş habary kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylaryň zähmet üstünligi baradaky hoş habary kabul etdi
Çap edildi 21.10.2016
1577

Aşgabat, 21-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan, şeýle hem Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden pagta ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada hoş habarlary kabul etdi. Wise-premýer R.Bazarowyň hasabat berşi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň öňýanynda pagtaçy kärendeçilerimiziň yhlasly zähmeti netijesinde “ak altynyň” bol hasylynyň 1 million 50 müň tonnadan gowragy Watan harmanyna tabşyryldy. Soňra döwlet Baştutanymyza pagta ýygnamak möwsüminde bellenilen görkezijiler hakynda welaýatlaryň häkimleri hasabat berdiler. Şanly waka mynasybetli paýtagtymyza gelen her welaýatyň çagalary öz ildeşleriniň gazanan üstünligine buýsanjyň alamaty hökmünde zähmet üstünligini alamatlandyrýan ak pagtaly horjunlary alyp geldiler. Welaýatlardan gelen çagalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän goşgulary ruhubelentlik bilen okadylar. Hormatly Prezidentimiz minnetdarlyk bildirip, döwletimiziň geljekde hem oba hojalyk önüm öndürijileri hakynda, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň maddy--enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de daýhanlaryň önjeýli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ajaýyp şertleri döretmek barada alada etjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň ajaýyp däplerini dowam edýän—ösüp gelýän ýaşlara gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak bilen, olaryň haýyşy boýunça şanly waka mynasybetli çagalar bilen surata düşdi. Welaýatlaryň häkimleri döwlet Baştutanymyzy eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňýanynda türkmen daýhanlarynyň gazanan uly zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Olar öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, pagta hasylynyň soňky übtügine çenli ýygnap almak üçin ýokary depginlerde zähmet çekmegi dowam edýärler. Bu ýere ýygnananlar--Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi bilen gutlap, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni halkymyzyň şanly wakalaryna we zähmet üstünliklerine beslenýändigini bellediler. Milli Liderimiziň obasenagat toplumyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi, hemmetaraplaýyn döwlet goldawy daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ajaýyp şertleri döretdi. Daýhanlara dökünleriň, ýokary hilli tohumlaryň arzan bahalardan berilmegi, olaryň döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilmegi we beýleki çäreler oba hojalyk pudagynyň netijeliligini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri döretdi. Adamlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak, welaýatlarda täze amatly jaýlary, üpjün edilen mekdepleri, çagalar baglaryny, saglygy goraýyş we medeni merkezlerini, sport desgalaryny, döwrebap şäherçeleri gurmak boýunça uly işler geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentine oba hojalyk pudygyny ösdürmek we onuň zähmetsöýer daýhanlary barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi, şeýle hem milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işlerinde egsilmez gujur-gaýrat we täze üstünlikler arzuw edildi. Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ösüşiň ýolunda bedew bady bilen öňe tarap gadam urýan ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy diýip belledi. Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň oba hojalygy hem yzygiderli ösdürilýär. Döwletimiz daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almak üçin ähli şertleri döredýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary uly zähmet üstünligi bilen ýene bir gezek gutlap, öz egindeşlerine «Türkmenistan» atly kitabynyň ilkinji nusgalaryny gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz nobatdaky edebi eserini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlady. Täze neşirde mähriban halkymyzyň bitiren asyrlara barabar işleri beýan etildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna çykarylan ýadygärlik şaýy pullaryny gowşurdy. “Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň we döredijilikli zähmet çekmeginiň bähbidine edilýän ähli işler “Döwlet adam üçindir!” diýip yglan eden baş ýörelgämizi üstünlikli amala aşyrmagyň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow babadaýhanlary, oba hojalygynyň ähli zähmetkeşlerini şu günki ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de ata Watanymyzyň bähbidine täze zähmet üstünliklerini arzuw edip, “Edermen pagtaçylar, çäjiňize bereket! Bereketli topragymyzyň bolçulygy mundan beýläk-de artsyn!” diýip ýüzlendi.

Soňky habarlar
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
top-arrow