Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary
Çap edildi 26.09.2021
3603

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen netijeli öňüni alyş çärelerini amala aşyrmak hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäherinde 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ilatymyza öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda edilýän ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäherinde 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany, köne ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň binalaryny söküp aýyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Aşgabat şäheriniň gulluklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly bilen Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygynda Aşgabat şäheriniň gulluklarynyň binasynyň taslamasyny düzmegi hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, daşarky eltiji suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlary bilen bilelikde gurmagy “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany tölegsiz esasda baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we binany 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Soňky habarlar
25.02
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
24.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.02
Türkmenistanyň köpugurly kuwwaty — durnukly ösüşiň bähbidine
24.02
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
23.02
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
23.02
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli duşuşyklar
23.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 801 müň dollaryndan gowrak boldy
23.02
Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady
22.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow