Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 20.10.2016
1357

Aşgabat, 20-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur “Buig” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny ýetip gelýän uly baýram – Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy hem-de şu günki şanly waka – Aşgabady ösdürmegiň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde gurlan täze ajaýyp ýaşaýyş toplumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady. Pursatdan peýdalanyp, jenap Marten Buig ýyl-ýyldan çäklerini giňeldýän hem-de has gözel keşbe eýe bolýan türkmen paýtagtynyň okgunly ösüşine haýran galýandygyny aýtdy. Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn syýasatynyň Türkmenistanyň okgunly ösmegini hem-de halkara giňişliginde abraýynyň has-da artmagyny şertlendirendigini belledi. Amatly maýa goýum ýagdaýy we netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňaýly şertleriň döredilmegi Türkmenistany dünýäniň işewür toparlary üçin özüneçekiji hyzmatdaşa öwürdi. Häzirki wagtda esasy kompaniýalaryň köpüsi geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da berkitmäge uly gyzyklanma bildirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, daşary ýurtlaryň dürli pudaklarda işleýän, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda ýöriteleşdirilen esasy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Buig” kompaniýasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini aýtdy. Bilelikdäki taslamalaryň ençemesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, senagat kuwwatyny artdyrmak we durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan meýilnamalary nazara almak bilen, fransuz kompaniýasynyň täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz täze desgalar gurlanda öňdebaryjy binagärlik we inžener-tehniki pikiriň, işlere oýlanyşykly hem-de döredijilikli çemeleşmegiň we innowasion tehnologiýalary işjeň ulanmagyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin esasy görkezijiler bolmalydygyny aýratyn belledi. Milli Liderimiz häzirki wagtda ýurdumyzda gurulýan ähli binalar we desgalar häzirki Türkmenistanyň özboluşly nyşanlaryna öwrülip, esasy maksada laýyk gelmelidigini, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etmelidigini aýtdy. Duşuşugyň ahyrynda jenap Marten Buig döwlet Baştutanymyza kompaniýa bildirýän uly ynamy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi “Buig” kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow